Türkmenistanyň ekologiýanyň arassalygyna gözegçilik edýän hünärmenleri, howanyň hiline gözegçilik etmek üçin niýetlenen enjamlar bilen tanyşdyryldy

August 2, 2022

Türkmenistanyň ekologiýanyň arassalygyna gözegçilik edýän hünärmenleri, howanyň hiline gözegçilik etmek üçin niýetlenen enjamlar bilen tanyşdyryldy

BMGÖM Türkmenistanda

BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) we Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bilelikde ýerine ýetirýän “Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi” atly taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ekologiýa gözegçiligi gullugynyň barlaghanasynyň we daşky gurşawy goramak boýunça welaýat müdürlikleriniň hünärmenleri üçin, howanyň hiline gözegçilik etmek üçin niýetlenen täze enjamlary ulanmagyň tilsimlerini öwrenmäge bagyşlanan okuw maslahaty  geçirildi.

Okuw maslahatynyň maksady - howanyň hiline gözegçilik etmek üçin niýetlenen täze enjamlary (“ATMAS” görnüşli howanyň düzümindäki tozanyň mukdaryny anyklaýjy enjam) ulanmagyň tilsimlerini öwrenmek boýunça tanyşdyryş işlerini hem-de ekologiýa gözegçiligi gullugynyň barlaghanasynda amaly okuw sapaklaryny  geçirmek boldy.

Okuw maslahatyna gatnaşyjylar, “ATMAS” görnüşli howanyň düzümindäki tozanyň mukdaryny anyklaýjy täze enjamyň gurluşy bilen tanyşdylar  we bu enjamyň tehniki häsiýetnamalary bilen içgin tanyşdylar. Okuw maslahatynyň dowamynda  ekologiýa gözegçiligi gullugynyň barlaghanasynyň howanyň himiki barlagyny ýerine ýetirýän hünärmenleri tarapyndan, täze enjamyň kömegi bilen howanyň düzümindäki tozanjyklaryň mukdaryny ölçemek, tozanjyklaryň ululygyny anyklamak bilen bagly amaly işler geçirildi.

Şeýle-hem okuw maslahatynyň dowamynda “ATMAS” görnüşli howanyň düzümindäki tozanyň mukdaryny anyklaýjy täze enjamy Türkmenistanyň çäklerinde hereket edýän döwlwt standatlaryna laýyklykda hasaba almagyň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Okuw maslahat tamamlanandan soňra, ekologiýa gözegçiligi işlerinde ulanmak üçin,  ekologiýa gözegçiligi gullugynyň barlaghanasyna we daşky gurşawy goramak boýunça welaýat müdürliklerine, “ATMAS” görnüşli howanyň düzümindäki tozanyň mukdaryny anyklaýjy täze enjam gowşuryldy.