BMGÖM Türkmenistanda

Ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk

Durnukly ösüş maksatlary (DÖM) diňe pugta hyzmatdaşlyk arkaly amala aşyrylyp bilner. Durnukly ösüş ugrunda Gün tertibiniň netijeli durmuşa geçirilmegi adamlary we planetany üns merkezinde goýýan görüjilik ukybyna, ýörelgelere we gymmatlyklara esaslanan global, sebitleýin, milli we ýerli derejede öz içine alyjy hyzmatdaşlygy talap edýär.

Türkmenistanda BMGÖM, 25 ýyldan gowrak wagt bäri ýurduň ösüş ugrunda ynamdar hyzmatdaşy bolmak bilen, “ýaşyl” ykdysadyýeti we zyňyndylaryň pes mukdarda bolan ösüşi gazanmak, saglygy goraýyş we durmuş taýdan goraglylyk ulgamyny pugtalandyrmak, şeýle hem adam hukuklaryna we gender deňligine gönükdirilen dolandyryş ýörelgelerini girizmek üçin Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryny durnukly dolandyrmak we täze mümkinçilikleri ulanmak bilen baglanyşykly ykdysady diwersifikasiýany we ösüşi tizleşdirmek üçin global derejede bilimi we öňdebaryjy tejribäni, häzirki zaman tehnologiýalary we innowasion çözgütleri ulanmak arkaly Türkmenistanyň hökümeti bilen bilelikde ösüş ugrunda Milli gün tertibini goldaýar.

Türkmenistanyň hökümeti kem-kemden BMGÖM-niň Türkmenistanda durmuşa geçirýän ähli taslamalarynyň iň uly hemaýatkäri boldy, bu bolsa ýurduň ösüş ugrunda meýilnamasyny goldamak üçin BMGÖM bilen hyzmatdaşlygy hasam giňeltmäge bolan ynamyň artýandygyny görkezýär.

BMGÖM we Türkmenistan hökümetiniň 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk ugrunda täze bäş ýyllyk maksatnamasynyň netijeli durmuşa geçirilmegi Hökümet we ösüş ugrunda beýleki hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlygyň giňelmegine esaslanýar. BMGÖM-niň otuz töweregi taslamasy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýakyn hyzmatdaşlygynda milli häkimiýetler we halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde ýurtda we ondan daşgary 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş ugrunda Gün tertibini durmuşa geçirmek maksady bilen amala aşyrylýar.

Biziň hyzmatdaşlarymyz Türkmenistanyň hökümetini, Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleýin edaralaryny, hemaýatkärleri, halkara maliýe guramalaryny, hususy pudagy, raýat jemgyýetini we köpçülikleýin habar beriş serişdelerini öz içine alýar.

BMGÖM, adamlara has gowy durmuşy gurmak ugrunda edýän tagallalaryna goldaw bermek üçin raýat jemgyýeti guramalary (RJG) bilen hemmetaraplaýyn iş salyşýar. Jemgyýetçilik guramalary bilen hyzmatdaşlyk ösüş, milli jogapkärçilik, netijeli dolandyryş we ösüşi gazanmak ýaly meselelerde raýat jemgyýetiniň möhüm ornuny hasaba almak bilen strategiki ähmiýete eýedir.

Adamlar we planeta üçin toplumlaýyn çözgütleri işläp düzmek ugrunda halkara tagallalary goldamak üçin Türkmenistanda BMGÖM howa babatynda halkara gaznasy – Bütindünýä Daşky Gurşaw Gaznasy (GEF) bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Bu ýakyn hyzmatdaşlyk oba hojalygy pudagyna innowasion suw tygşytlaýjy suwaryş tehnologiýalaryny ornaşdyrmak hem-de ýurduň suw baýlyklaryny dolandyrmak üçin energiýa we suw tygşytlaýjy usullary ornaşdyrmak arkaly Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak boýunça tagallalarynyň we başlangyçlarynyň işjeňleşdirilmegine goldaw bermek üçin gönükdirilendir. Biz toprak zaýalanmasynyň täsiri ýetmeýän balansyny gazanmak, ýer we suw baýlyklaryny dikeltmek we olary rejeli peýdalanmak, şeýle hem ýerli ilatyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak we dünýä ähmiýetli ekosistemalary goramak üçin Aral deňziniň krizisiniň täsirine düşen zolagynda biodürlüligi gorap saklamak üçin GEF we Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen hyzmatdaşlyk edýäris.

Türkmenistanyň Gökdepe şäherinde ýerleşýän, meýdany 145 gektar bolan “Ýaşyl tälimhana” atly ylmy-barlag meýdançasy

BMGÖM Türkmenistanda

BMGÖM howa babatynda Pariž ylalaşygyny durmuşa geçirmek, şeýle hem ýurduň suw pudagynda milli meýilnamalaşdyryş prosesini ösdürer ýaly delil esasynda berk binýadyny kemala getirmek üçin uýgunlaşmak we institusional binýadyny güýçlendirmek ýaly ugurlarda ýurduň durnuklylygyny we milli uýgunlaşma kuwwatyny ýokarlandyrmak arkaly Türkmenistanyň uýgunlaşmak ugrunda edýän tagallalaryna goldaw bermek üçin Ýaşyl howa gaznasy (ÝHG) bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Türkmenistanda BMGÖM GEF-iň Howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ugrunda ýörite gaznasy (HÜÝG) bilen hyzmatdaşlykda, Türkmenistanda ýaşaýan oba hojalygy jemgyýetleriniň durnukly ösüşi üçin howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly uýgunlaşma çäreleriniň kabul edilmegini goldaýar, şeýle hem ýer we suw baýlyklaryny dolandyrmak ugrunda suw we ýer baýlyklaryny rejeli peýdalanmak üçin berk kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny işläp düzmek arkaly institusional we hukuk mehanizmlerini kämilleşdirýär.

Şeýle hem Türkmenistanda BMGÖM howanyň üýtgemegi babatynda milli strategiki resminamalary işläp düzmek, şol sanda BMG-niň howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýasynyň çäginde (BMGHÜÇK) Dördünji milli hasabatyny we Türkmenistanyň täzelenen ilkinji iki ýyllyk hasabatyny taýýarlamak, hem-de howa babatynda Pariž ylalaşygyna laýyklykda Milli derejedäki Kesgitli Goýumyny işläp düzmek üçin GEF we Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky Gurşaw Maksatnamasy (ÝUNEP) bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Türkmenistanda BMGÖM, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde bilimi paýlaşmak boýunça platformasy, şeýle hem sebitde DÖM-niň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmek we maliýeleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler arkaly durnukly ösüşi gazanmak üçin Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän we BMGÖM tarapyndan durmuşa geçirilýän "Merkezi Aziýada DÖM-niň platformasyny döretmek" atly sebitleýin taslamanyň çäginde Merkezi Aziýa ýurtlaryna DÖM-ny tiz wagtda gazanmak üçin goldaw berýär.

“Aziýada zorlukly ekstremizme garşy durnuklylygy ýokarlandyrmak (STRIVE Asia). Ýewropa Bileleşigi bilen BMG-niň bilelikdäki hyzmatdaşlygy” atly global taslamanyň ýurt boýunça bir böleginiň çäginde Türkmenistanda BMGÖM, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi (TZIDGM) bilen bilelikde ilatyň ejiz gatlaklarynyň, şol sanda ýaşlaryň arasynda zorlukly ekstremizmyň öňüni almak we oňa garşy göreşmek bilen baglanyşykly çäreleri amala aşyrmak üçin zorlukly ekstremizmiň öňüni almak boýunça jemgyýetçilik başlangyçlaryna, hökümete we jemgyýetçilik guramalaryna goldaw bermek arkaly ýerli ilatyň durnuklylygyny ýokarlandyrmagy maksat edinýär.

Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça halkara borçnamalaryna laýyklykda milli kanunçylygyna üýtgetmeleri girizmek arkaly biz Türkmenistanda adam hukuklaryny goramak, öňe sürmek we durmuşa geçirmek ulgamyny gowulandyrmak boýunça bilelikdäki tagallalary güýçlendirmek üçin Kanadanyň we Finlýandiýanyň hökümeti bilen berk hyzmatdaşlygy ýola goýduk. Biz Adam hukuklary boýunça ýokary komissarynyň edarasy (UNCDAT) we Milli hukuk goraýjy edaralaryň sebitleýin tory - Milli hukuk goraýjy edaralaryň Aziýa-Ýuwaş umman forumy (AÝF) bilen Türkmenistanda Adalatçynyň diwanynyň institusional mümkinçiliklerini artdyrmak üçin hyzmatdaşlyk edýäris.

Mundan başga-da, BMGÖM global ykdysady giňişliginde Türkmenistanyň tutýan ornuny pugtalandyrmak üçin ASYCUDA World gümrük maglumat ulgamy arkaly eksport-import amallary üçin ýeke penjire usulyýetini ornaşdyrmak ugrunda Türkmenistanyň hökümeti we Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça maslahaty (UNCTAD) bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Türkmenistanda BMGÖM saglygy goraýyş, ykdysady ösüş, daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi ýaly ugurlary ösdürmek üçin Russiýa Federasiýasynyň (RF) “Russiýa Federasiýasy – BMGÖM ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk” atly Trast gaznasynyň üsti bilen maliýeleşdirýän “Bilimi dolandyrmak we mümkinçilikleri artdyrmak” taslamasynyň bir bölegi bolan “Halkara ösüşiň bähbidine rus hünärmenleri” atly maksatnama bilen hyzmatdaşlyk edýär. Halkara ösüş üçin rus hünärmenleri, dünýädäki ösüş boýunça öz bilimlerini we tejribesini paýlaşýarlar we Türkmenistanda BMGÖM-niň adamlaryň, şol sanda ilatyň ejiz gatlaklarynyň durmuşynyň hilini gowulandyrmaga gönükdiren maksatlaryna ýetmäge goldaw berýär.

Türkmenistanda BMGÖM Türkmenistanyň durmuş taýdan goraglylyk ulgamyny gowulandyrmaga goşant goşmak bilen Günorta-Günorta hyzmatdaşlygyna ýardam etmek gaznasynyň çäginde maýyplygy bolan adamlar üçin işe girmek we girdeji gazanmak mümkinçiliklerini artdyrýar.

2010-njy ýyldan bäri, Türkmenistanda BMGÖM AIDS, inçekesel we gyzzyrma garşy göreşmek boýunça Global gaznasynyň (AIGGG) maliýe we tehniki goldawy, şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi we Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi bilen ýakyn hyzmatdaşlykda inçekesele garşy göreşmek ugrunda uly üstünlikleri gazandy. Soňky 11 ýylyň içinde inçekeseli anyklamyň we bejermegiň täze usullaryny girizmekden başga-da, ähli grant çärelerini hökümetiň doly maliýeleşdirilmegine ýuwaş-ýuwaşdan geçirmek üçin ägirt uly tagallalar edildi. Global gaznasynyň goldawy bilen Türkmenistanda bejergi almak üçin näsaglaryň ygrarlylygyny ýokarlandyrmak boýunça ilkinji gezek maksatnama girizildi. Bu maksatnama, Türkmenistanyň Milli Gyzyl Ýarymaý Jemgyýeti tarapyndan amala aşyrylýar.

Häzirki wagtda inçekesele garşy göreşmek boýunça milli maksatnamanyň köp hajatlary Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýär. BMGÖM, 2024-nji ýyla çenli ähli grant işleriniň doly döwlet tarapyndan maliýeleşdirilmegine birsydyrgyn geçmegini üpjün etmek üçin Global Gaznasy bilen hyzmatdaşlyk edýär. Şol wagta çenli bu grant derman serişdelerine durnukly inçekeseli anyklamaga we bejermäge, şeýle hem oňa garşy iň gymmat we tehniki taýdan çylşyrymly çäreleri geçirmäge goldaw berer. Türkmenistanyň hökümeti milli saglygy goraýyş ulgamlaryna ýokanç we ýokanç däl kesellere garşy göreşmek üçin 2022-nji ýylyň dowamynda BMGÖM-na 50 million ABŞ dollardan gowrak maliýe serişdelerini bermegi özüne borç edip aldy.

Biziň üçin Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen ýakyn hyzmatdaşlykda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasy (ÝUNISEF) bilen bilelikde durmuşa geçirilýän, hem-de Bütindünýä Banky (BB) tarapyndan maliýeleşdirilýän, COVID-19 pandemiýasyna garşy çäreleri görmek boýunça 20 million ABŞ dollary möçberindäki täze taslamanyň çäginde BB bilen hyzmatdaşlyk etmek uly hormatdyr. Taslama Türkmenistanyň milli saglygy goraýyş ulgamyny berkitmek we ýurduň pandemiýalara garşy çärelerini we taýýarlygyny güýçlendirmäge gönükdirilendir.

Hyzmatdaşlyk biziň işimiziň ähli ugurlarynyň merkezinde durýar. Türkmenistanda BMGÖM hemmeler üçin has gowy gelejegi gurmak we hiç kimini ünsden düşürmän, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş ugrunda Gün tertibini durmuşa geçirmek üçin edýän tagallalarynda goldaw bermek üçin milli edaralar, halkara guramalar, jemgyýetçilik guramalar, gaznalar, missiýalar we hususy pudaklar bilen merkezi we ýerli derejede hyzmatdaşlygyny ösdürmegi dowam etdirer.