BMGÖM Türkmenistanda

Hyzmatlaryň daşary söwdasynyň statistikasyny, şeýle hem ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberi baradaky statistiki maglumatlary kämilleşdirmäge goldaw bermek

Şu taslamanyň maksady Türkmenistanyň Hökümetiniň institusional mehanizmleri güýçlendirmek, milli kanunçylygy hyzmatlaryň halkara söwdasynyň statistikasynyň halkara standartlaryna laýyk getirmek, şeýle hem ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberi baradaky maglumatlaryň hilini kämilleşdirmek ýoly bilen hyzmatlaryň daşary we içeri söwdasynyň kämilleşdirmek babatynda tagallalaryny goldamak bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, taslamanyň şu komponentleri kesgitlendi: 1) hyzmatlaryň halkara söwdasynyň statistikasy boýunça gowy hilli maglumatlary gender meselelerini göz öňüne tutmak bilen taýýarlamak üçin Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň mümkinçiligini pugtalandyrmak; 2) ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberi baradaky statistiki maglumatlary kämilleşdirmäge ýardam etmek.