BMGÖM Türkmenistanda milli statistika hünärmenleriniň başarnyklaryny we bilimlerini güýçlendirýär

November 8, 2023

BMGÖM Türkmenistanda milli statistika hünärmenleriniň başarnyklaryny we bilimlerini güýçlendirýär

BMGÖM Türkmenistanda

Aşgabat, 2023-nji ýylyň 8-nji noýabry: Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň (TürkmenStatyň) pudaklaýyn müdirlikleriniň hünärmenleri üçin täze işlenilip taýýarlanylan Statistiki işewür registri (SIR) boýunça programma üpjünçiliginiň işleýşi boýunça okuw gurady.

2023-nji ýylyň 22-nji oktýabryndan 10-njy noýabry aralygynda geçirilen okuwyň dowamynda “TurkmenStatyň” hünärmenleri kärhanalar we telekeçiler üçin statistiki hasabatlary onlaýn tabşyrmaga, şeýle hem hünärmenler tarapyndan has netijeli statistiki gözegçiligi we hasabatlygy ýöretmek üçin statistiki maglumatlaryň parametrlerini kesgitlemäge mümkinçilik berýän programma üpjünçiliginiň täze usullary bilen tanyşdylar. 

Okuw gatnaşyjylaryna statistiki hasabatyň täze görnüşlerini döretmek ýa-da üýtgetmek üçin ulanylýan programma üpjünçiliginiň täze usullary görkezildi. Bu programmany ulanyp, “TurkmenStatyň” hünärmenleri onlarça statistiki hasabat formalary üçin giriş tablisalaryny özbaşdak döredip bildiler, täze goşulan funksiýalar programma üpjünçiligi tarapyndan ýygnalan we işlenýän statistiki maglumatlaryň takyklygyny, ygtybarlylygyny we yzygiderliligini üpjün eder. Işlenip düzülen programma, ýuridiki şahslary hasaba almak işini ýönekeýleşdirer, maglumatlara girmäge we ony çalt işlemäge mümkinçilik berer, ýuridik şahslaryň we aýry-aýry telekeçileriň tertipli hasaba alynmagyna getirer, şeýle hem statistiki formalaryň elektron görnüşinde tabşyrylmagyna mümkinçilik berer.

Okuw, BMGÖM TürkmenStat bilen bilelikde durmuşa geçirilýän “Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň (TürkmenStatyň) institusional, statistiki we maglumat-tehniki mümkinçiligini güýçlendirmek” atly taslamasynyň çäginde gurnaldy.