BMGÖM Türkmenistanda

Maliýeleşdirmek we eltip bermek

Gysgaça syn

Ýeterlik  we ýokary derejede maliýe serişdeleri bilen üpjün etmek BMG-niň ösüş ulgamynyň bilelikde işlemegi we 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň netijeli durmuşa geçirilmegi üçin zerurdyr.

Biziň mandatymyzy berjaý etmek üçin BMGÖM, belli bir ugur, maksatnama ýa-da taslama üçin niýetlenen BMG-niň agza döwletleriniň, köpugurly guramalaryň, hususy pudagyň we beýleki çeşmeleriň çäklendirilmedik yzygiderli çeşmeler (esasy) görnüşinde meýletin goşantlaryna bil baglaýar.

Ösüş, anyk strategiki ünsi, şeýle hem ýüze çykýan  çylşyrymly meselelere garşy çäre görmek we mümkinçiliklerden peýdalanmak üçin zerur bolan ukyplary talap edýän uzak möhletleýin prosesdir. Maýyşgak çeşmeler BMGÖM-na ösüş ugrunda ýüze çykan zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga we adatdan daşary ýagdaýlarda utgaşdyrylan we dessin çäreleri görmäge; köp pudaklaýyn çäreleri görmäge; intellektual ýolbaşçylyk ukyplaryny we innowasiýany ösdürmäge, hem-de hilini kepillendirmäge; şeýle hem durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda ýurtlara goldaw bermäge mümkinçilik berýär.

BMGÖM-niň maksatnamalaryna goşant goşýan donorlaryň sany we dürlüligi - milli hökümetiň we halkara, hem-de ýerli jemgyýetiň durnukly ösüşi gazanmak ugrunda işleşmäge isleg bildiren hyzmatdaşy hökmünde bize bolan ynamyny tassyklaýar.

Biziň maliýeleşdiriş işlerimiz barada has giňişleýin maglumat öwrenmek üçin open.undp.org sahypasyna geçmegiňizi haýyş edýäris.