BMGÖM we GEF Türkmenistanyň energiýa netijeli gurluşyk mümkinçiliklerini güýçlendirýär

September 4, 2026
People in traditional attire sit around a conference table while a slide is shown on a screen.

BMGÖM we GEF Türkmenistanyň energiýa netijeli gurluşyk mümkinçiliklerini güýçlendirýär

Dovlet Rejepov, UNDP Turkmenistan

Aşgabat, 4 sentýabr 2026 ýyl – Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) we Global ekologiýa Gaznasynyň, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen hyzmatdaşlykda ýerine ýetirýän, “Energiýa taýdan netijeli we durnukly gurluşyk pudagy babatynda kadalaşdyryjy-hukuk binýady kämilleşdirmek arkaly Türkmenistanyň milli mümkinçiliklerini giňeltmek” atly taslamanyň çäklerinde 2026-nji ýylyň 2-4 sentýabry aralygy döwürde energiýadan netijeli peýdalanmak we gurluşyk pudagyny durnukly ösdürmek bilen bagly meselelere bagyşlanan okuw maslahatlary geçirildi.

Okuw maslahatlary Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň täze gurlup uanylmaga tabşyrylan binalar toplumynda geçirildi. Bu okuw maslahaty institutyň mugallymlaryny we talyplaryny bir ýere jemledi. Okuw maslahatyň maksady, energiýany az mukdarda ulanýan binalaryň taslama resminamalaryny taýýarlamakda we hünärmenleriň bilimini ýokarlandyrmakda, olaryň iş tejribesini artdyrmak hem-de häzirkizaman energiýadan netijeli peýdalanmaga ýardam berýän çözgütleri Türkmenistanyň gurluşyk pudagyna ornaşdyrmak bolup durýar.

Photograph of a meeting around a long conference table; attendees listen to a presentation.
Dovlet Rejepov, UNDP Turkmenistan

Okuw maslahatynyň dowamynda maslahata gatnaşyjylar, energiýany az mukdarda ulanýan ýaşaýyş we jemgyýetçilik binalary üçin “Ýaşyl” sertifikatlary almak üçin bildirilýän tehniki talaplary öwrendiler.  Şeýle-hem maslahata gatnaşyjylar energiýany az mukdarda ulanýan ýaşaýyş we jemgyýetçilik binalaryň taslama resminamalaryny  taýýarlamagyň we şeýle binalary ekologiki arassa tehnologiýalary we standartlary ulanyp gurmagyň usullaryny öwrendiler. Bu bolsa energiýany az mukdarda ulanýan ýaşaýyş we jemgyýetçilik binalary gurmak boýunça, milli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna ýardam berer. Bu ugurda halkara tejribesini öwrenmek boýunça hem hünärmenler özara pikir alyşdylar. Maslahatyň dowamynda energiýany az mukdarda ulanýan ýaşaýyş we jemgyýetçilik binalary Türkmenistanyň howa şertlerinde gurmagyň aýratynlyklary hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mundan bir gün öň, 1 sentýabr 2026 ýyl, Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik Wekili hanym Narine Saakýan, bu institytuta alty sany “Ýaşyl” sertifikatlary gowşurdy. Bu “Ýaşyl” sertifikatlar Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň häzirkizaman ekologiýa we energiýadan netijeli peýdalanmak boýunça standartlaryň tehniki talaplaryna laýyk gurlup ulanmaga berlendigine hem-de Türkmenistanda energiýany netijeli peýdalanýan ýaşaýyş we jemgyýetçilik binalaryň gurluşygynyň giň gerimde alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýär.

Group photo of people in formal gowns and suits posing in a marble hall.