Ýaşlar bäsleşigi: "Aralyň geljegi-çözgütleri şu gün tapalyň”
March 25, 2026
BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) 26-njy martda bellenilýän Aral deňziniň gününe gabatlanyp geçirilýän "Aralyň geljegi-çözgütleri şu gün tapalyň” " atly döredijilik pikirler bäsleşiginiň başlandygyny yglan edýär.
Bäsleşik BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) tarapyndan Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bilelikde, Global Daşky gurşaw gaznasynyň (GEF) maliýe goldawy bilen amala aşyrylýan "Köp sanly bähbitleriň alynmagy üçin Aral deňziniň giňişliginde ýer serişdelerini we ýokary tebigy gymmatlygy bolan ekoulgamlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak" taslamasynyň çäginde geçirilýär.
Bu başlangyç ýaşlary Aral deňziniň sebitinde suw serişdelerini gorap saklamak we ekoulgamlary dikeltmek üçin innowasion çözgütleri gözlemek işine çekmegi maksat edinýär.
Kimler gatnaşyp biler?
15 ýaşdan 25 ýaşa çenli ýaşlar gatnaşmaga çagyrylýar.
Gatnaşygyň görnüşi
Gatnaşyjylar aşakdakylary görkezýän 3D fiziki model (gurnama) döretmeli:
• suw serişdelerini netijeli ulanmak üçin çözgütler
• Aral deňziniň sebit ekoulgamlaryny dikeltmek
• 15-25 ýyllyk möhletde sebit üçin durnukly geljegi
Tematiki ugurlar
Gatnaşyjylar aşakdaky ugurlaryň birini saýlap bilerler:
• "Suw hronikasy" — Aral deňziniň geçmişi, şu güni we geljegi
• "Tygşytlamak arhitekturasy" — suwy tygşytlaýjy tehnologiýalar we çözgütler
• "Ýaşyl galkan" — çölleşmä garşy göreşde tokaý ekilen ýerleriniň roly
• "Üýtgeşiklikler sikli" — durnukly sarp ediş we galyndylary dolandyrmak
• "Hemmeler üçin deň mümkinçilikler" — tebigy serişdeleri durnukly dolandyrmakda we sebitiň ekoulgamlaryny dikeltmekde nesillerboýy zenanlaryň we erkekleriň gatnaşmagyny görkezýän model ýa-da gurluş
Möhüm:
• Modeliň iň ýokary ölçegi: 80 × 80 sm, beýikligi — 60 sm çenli
• Tebigy we gaýtadan işlenen materiallaryň ulanylmagy (täzeden işlenýän)
Model aşakdakylary öz içine alyp biler, ýöne diňe şular bilen çäklenmän: elementler:
• Suw desgasy (meselem, kanal, suwaryş ulgamy ýa-da suw howdany)
• Gorag ekinleriň elementleri (sazak we ş.m.)
• Tehnologik çözgüt (meselem, süzgüç, sensorlar, damjalaýyn suwaryş)
Gatnaşyjylara döredijilikli bolmaga we Aral deňziniň sebitiniň ekoulgamlarynyň dikeldilmegini we suw serişdeleriniň durnukly ulanylyşyny göz öňüne getirmäge kömek etjek islendik beýleki elementleri teklip etmäge höweslendirilýär.
Geçiriş möhletler
• Tabşyrmagyň soňky möhleti: 2026-njy ýylyň 22-nji maýy
• Model sergisi we baha beriş: 2026-njy ýylyň 3-nji iýuny, BMG-niň binasynda, Bütindünýä daşky gurşaw gününiň çäginde; ähli işlere BMG-niň işgärleri tarapyndan sergide ses bermek arkaly baha berler.
• Ýeňijileriň yglan edilmegi we baýrak gowşurylyş dabarasy: 2026-njy ýylyň 5-nji iýuny (Bütindünýä daşky gurşaw güni)
Nädip ýüz tutmaly
Gatnaşmak üçin aşakdakylary iberiň:
• taýyn makediň ady we gysgaça düşündirişi
• makediň JPEG ýa-da PNG formatyndaky suraty
• aragatnaşyk maglumatlary (gatnaşyjynyň ady, telefon belgisi, e-poçta)
elektron poçta salgysyna: undptm@gmail.com; zuleyha.achilova@undp.org
tema setiri bilen: "Aral-2026 bäsleşigi"
Takyk maglumat üçin şu telefon belgilerine jaň ediň: +99312488325; +99361144951
Wajyp: Gatnaşyjylar soňky sergi we tanyşdyryş üçin öz maketleriniň Aşgabat şäherine getirilmegini üpjün etmelidirler. Ähli ulag çykdajylary taslama tarapyndan doly tölener.
Jikme-jiklikler üçin ýokarda görkezilen nomere jaň ediň.
Bellik: Siziň işiňizi tabşyrmak awtomatiki usulda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasyna siziň maketiňizi sergiler we beýleki taslama çäreleri üçin ulanmak hukugyny berýär.
Baha beriş ölçegleri
Işler aşakdaky parametrlere esaslanyp bahalandyrylar:
• Bäsleşigiň temasyna degişliligi - maketiň bäsleşigiň maksatlaryny nähili derejede beýan edýändigi: Aral deňziniň sebitini dikeltmek, suwy tygşytlamak we durnukly ösüş.
• Ylmy taýdan ygtybarlylyk - görkezilen suw tygşytlamak usullarynyň, ekoulgamlary dikeltmek usullarynyň we tehnologiýalaryň takyklygy.
• Döredijilik we özboluşlylyk - adaty bolmadyk pikirler, adatdan daşary materiallaryň ulanylmagy, daşky gurşaw meselelerine täze çözgütler.
• Tehniki amala aşyrmak - dizaýnyň hili, interaktiw ýa-da hereketli elementleriň bolmagy.
• Sebitiň geljegi üçin garaýyş - tebigat we jemgyýet üçin uzak möhletli oňyn üýtgeşmeleri görkezmek.
• Taslamanyň tanyşdyrylyşy - awtoryň öz pikirini aýdyň we ynandyryjy beýan etmek we emin agzalarynyň soraglaryna jogap bermek ukyby.
Suw diňe bir serişde däl, eýsem ýaşaýşyň binýady we geljekki nesilleriň hukugydyr.
Aral deňziniň geljegini şu gün nähili göz öňüne getirýändigiňizi bize görkeziň - pikirleriňiz tutuş sebit üçin üýtgeşiklikleriň sesine öwrülip biler!