Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Senagaty Ösdürmek boýunça guramasy bilen bilelikde, Bütindünýä ozon gününe bagyşlanyp, Aşgabat şäherinde ekologiýa çäreleriniň birnäçesi geçirildi

September 16, 2025
Audience in a ceremonial hall wearing white caps, with speakers on stage and a framed portrait of a man on the wall.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Senagaty Ösdürmek boýunça guramasy bilen bilelikde, Bütindünýä ozon gününe bagyşlanyp, Aşgabat şäherinde ekologiýa çäreleriniň birnäçesi geçirildi

Aşgabat şäheri, 2025-nji ýylyň 16-nji sentýabry. Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy, Birleşen Milletler Guramasynyň Senagaty Ösdürmek boýunça guramasy  bilen bilelikde, her ýylda 16-nji sentýabrda bellenip geçilýän, Bütindünýä ozon gününe bagyşlanyp, Aşgabat şäherinde mekdep okuwçylary we talyplar üçin ekologiýa çäreleriniň birnäçesi geçirildi.  

Bu başlangyjyň maksady, ozon gatlagyny goramak we howanyň üýtgemeginiň öňüni almak bilen bagly meselelerde biziň her birimiziň ýerine ýetirip biljek işlerimiz barada, Türkmenistanyň ýaş nesillerini habarly etmek bolup durýar.

11-nji sentýabr Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Senagaty Ösdürmek boýunça guramasynyň bilermenleri tarapyndan, Aşgabat şäheriniň 55-nji orta mekdebinde “Ozon gatlagyny gorap saklamak we klimat” atly okuw maslahaty geçirildi. Bu okuw maslahatynda mekdep okuwçylary, ozon gatlagynyň dargamagynyň  ýaramaz täsirleri we ozon gatlagynyň ýer şaryny gorap saklamakda tutýan orny barada giňişleýin maglumatlary aldylar. Şeýle-hem, mekdep okuwçylaryna, daşky gurşawy goramak babatda biziň her birimiziň aýratynlykda hem-de biziň ählimiziň bilelikdäky hereketlerimiziň  ähmiýeti barada gyzykly maglumatlar berildi. Bu okuw maslahaty, interaktiw bäsleşikleri we sorag, jogap alyşmak geçirilenden soňra jemlenildi. Şeýle-hem bu okuw maslahaty tamamlanandan soňra, mekdebiň çäklerinde ýaş agaç nahallaryny ekmek çäresi hem geçirildi, bu bolsa mekdep okuwçylarynyň tebigaty goramak boýunça alan bilimlerini, tejribede ulanmagyň uly ähmiýetiniň barlygyny belläp geçdi.

Photograph of red-robed monks seated in rows during a ceremony; two monks greet at front.

15-nji sentýabrda, Aşgabat şäheriniň 15-nji orta mekdebinde “Ozon gatlagyny gorap saklamak we klimat” atly okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatynyň dowamynda geçirilen bäsleşiklere, mekdep okuwçylary işjeň gatnaşdylar hem-de daşky gurşawy goramak babatda özara pikir alyşdylar we bu ugurda tejribelerini paýlaşdylar. Şeýle-hem bu okuw maslahaty tamamlanandan soňra, mekdebiň çäklerinde ýaş agaç nahallaryny ekmek çäresi hem geçirildi, bu bolsa mekdep okuwçylarynyň tebigaty goramak boýunça alan bilimlerini, tejribede ulanmagyň uly ähmiýetiniň bardygyny belläp geçdi. Bu çäreleriň geçirilmegi, ýaş nesilleriň tebigaty goramak babatda bilimini ýokarlandyrmagyň, ýakyn gelejekde global ekologiýa meselelerini çözmekde uly goşant boljakdyny görkezdi.

Bütündünýä ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan jemleýji çäreler Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky, Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçirildi.  Bu halkara uniwersitetiň mugallymlary we talyplary ozon gatlagyny gorap saklamak babatda geçirilen okuw sapaklaryna hem-de söhbetdeşliklere işjeň gatnaşdylar. Geçirilen çäreleriň dowamynda, Monerial teswirnamasynyň we Hazar deňziniň, deňiz gurşawyny gorap saklamak boýunça Tähran konwensiýasynyň hem-de ekologiýany goramak babatda, beýleki halkara ylalaşyklaryny ýerine ýetirmekde Türkmenistanyň goşýan goşandynyň aýratyn uly ähmiýetiniň bardygyna üns berildi.

Three smiling children in lime shirts lift a large globe outdoors in a schoolyard.

Bu geçirilen çäreler, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek bilen bagly hereketlere Türkmenistanyň ýaş nesillerini çekmek we ýaş nesilleriň ekologiýa meseleleri babatda habardarlygyny ýokarlandyrmak boýunça, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Senagaty Ösdürmek boýunça guramasynyň, bilelikde edýän aladalarynyň wajyp bölegi bolup durýar.

Boy in striped poncho leads a line of children in white shirts in a sunny courtyard.