BMG-niň Ösüş Maksatnamasy, Global Ekologýa Gaznasy we olaryň hyzmatdaşlary, Türkmenistanyň Energetka institutynda “Ýaşyl” binalaryň açylmagyna ýardam berdler

September 2, 2025

BMG-niň Ösüş Maksatnamasy, Global Ekologýa Gaznasy we olaryň hyzmatdaşlary, Türkmenistanyň Energetka institutynda “Ýaşyl” binalaryň açylmagyna ýardam berdler

BMGÖM Türkmenistanda

Mary, 2025-nji ýylyň 1 sentýabry – Bu gün Türkmenisatnyň energatika institutynda (TDEI) täze binalaryň täze okuw binasynyň, sport toplumynyň, talyplar üçin umumy ýaşaýyş jaýynyň, arasssa energiýanyň Monumentiniň dabaraly ýagdaýda açylyşy geçirildi. 

Bu täze binalar, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň, Global ekologýa gaznasynyň ýardam bermeginde we Türkmenistanyň Daşky guşawy goramak mnstrligi bilen bilelikde ýerne ýetirýän “Durnukly gurluşyk pudagynda kadalaşdyryjy-hukuk resminamalary kämilleşdirmek arkaly Türkmenisatnyň Mlli mümknçilklerini ösdürmek” atly  taslamanyň ýaşyl nusgalyk binalarydyr

Bu täze binalarda, energiýadan netjeli peýdalanýan tehnologiýalary ornaşdyrmak, gün energiýasyny ulanmak, suwy tygşytly ulanmak boýunça çözgütler kabul edlen we  häzirkizaman, ekologiki taýdan arassa okuw şertlerini döretýär.

BMG-niň Ösüş Maksatnamasy, gurlyşyk işlerini ýerine ýetrmegiň ähli tapgyrlarynda, energiýadan netjeli peýdalanýan tehnologiýalary ornaşdyrmak, gün energiýasyny ulanmak, suwy tygşytly ulanmak boýunça tehnologiýalary ornaşdyrmakda, tehniki goldaw bermek we tehnki bilermenleriň maslahatlaryny bermek arkaly, nusgalyk binalaryň gurluşygyny ýerine ýetirmäge uly goşant goşdy.

Gurluşyk işleriniň jemleýji tapgyrynda, sazlaýyş we işe girizmek işlerinde BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň hünärmenleri, TDEI-niň alymlary we “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” Ylmy önümçilik merkeziniň hünärmenleri bilen bilelikde täze binalarda energiýanyň we suwuň sarp edilişine barlag-gözegçilik işlerini geçirdiler. Geçirilen barlag-gözegçilik işleriniň netijesinde täze gurulan binalaryň “Ýaşyl” gurluşyk kadalarynyň talaplaryna laýyk gelýändigi anyklanyldy. 

BMGÖM Türkmenistanda

Binalaryň açylyş dabarasynda, BMG-niň Ösüş Maksatnamasy Türkmenistanyň energetika institutyna “Ýaşyl güwanamalary” gowşurdy. Bu resminamalar TDEI-niň  energiýadan netijeli peýdalanýan we durnukly gurlyşyk işlerini alyp barmaga ukyplydygyny tassyklaýar. 

Bu “Ýaşyl güwänamalar”, täze binalarda, suwy tygşytlaýjy, energiýany tygşytly ulanýan, daşky gurşawa zyňylýan parnuk gazlarynyň mukdaryny azalt maga ýardam berýän tehnologiýalaryň ornaşdyrylandygyna şaýatlyk edýär. Şeýle-hem bu sertifikatlaryň gowşyrylmagy 

Mundan öň BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen Türkmenistanyň döwlet energetika instituty “Türkmenistanda durnukly şäherleriň şsdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi” atly taslamanyň çäklerinde hyzmatdaşlyk alnyp baryldy. Ol taslama şäherleriň durnukly ösdürilmegine, gaýtadan dikeldilýän energetikanyň ösdürilmegine gönükdirilen. Şol taslamanyň ýerine ýetirilmegi Türkmenistanyň halkara ylylaşyklardan gelip çykýan borçnamalartyny ýeryne ýetirmäge ýardam berdi. 

BMGÖM Türkmenistanda

Türkmenistanyň energetika institutynda “Ýaşyl” tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, ýurdumyzyp gorluşyk pudagynda energiýadan netijeli peýdalamýan  tehnologiýalary we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän görnüşlerini ulanmakda husgalyk işler bolar.