Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM), Türkmenistanda, energiýa taýdan netijeli gurluşyk pudagyny ösdürmäge ýardam berýär.
April 23, 2026
Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM), Türkmenistanda, energiýa taýdan netijeli gurluşyk pudagyny ösdürmäge ýardam berýär.
Aşgabat, 2026-nji ýylyň 24-nji apreli. Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy bilen, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň bilelikde, ýerine ýetirýän “Energiýa taýdan netijeli we durnukly gurluşyk pudagy babatynda kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek arkaly Türkmenistanyň milli mümkinçiliklerini giňeltmek” atly taslamasynyň çäklerinde 2026-nji ýylyň 22-23 aprelinde, Aşgabat şäherinde “Gurluşyk pudagynda energiýadan netijeli peýdalanýan innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady bilen, kadalaşdyryjy-hukuk resminamalary taýýarlamak boýunça halkara tejribesini öwrenmek” atly okuw maslahaty geçirildi.
Okuw maslahatyna, Türkmenistanyň döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň (TDBGI, Aşgabat ş), Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň (TDEI, Mary ş) mugallymlary we talyplary, “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri ylmy-önümçilik merkeziniň” hünärmenleri hem-de BMGÖM-niň taslamasynyň halkara we milli hünärmenleri we Ewropa bileleşiginiň “Merkezi Aziýada durnukly energiýa baglanyşygy” atly taslamasynyň hünärmenleri gatnaşdylar.
Okuw maslahatynyň maksady, gurluşyk pudagyna energiýany netijeli ulanýan innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak üçin kadalaşdyryjy-hukuk resminamalary kämilleşdirmegiň halkara tejribesini öwrenmekden hem-de maslahata gatnaşyjylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakdan ubaratdyr.
Maslahatyň dowamynda, energiýadan netijeli peýdalanýan ýaşaýyş we jemgyýetçilik jaýlarynyň gurluşygyny ösdürmek maksady bilen kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny emele getirmek boýunça, ewropa ýurtlarynyň tejribesi baradaky maglumatlar hödürlenildi.
Şeýle-hem maslahata gatnaşyjylar, energiýadan netijeli peýdalanýan ýaşaýyş we jemgyýetçilik jaýlarynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça halkara tejribesini bilen tanyşdylar.
***
Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň “Energiýa taýdan netijeli we durnukly gurluşyk pudagy babatynda kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek arkaly Türkmenistanyň milli mümkinçiliklerini giňeltmek” atly taslamasy Global ekologiýa gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýär. Bu taslama gurluşyk pudagyna energiýadan netijeli peýdalanýan tehnologiýalary ornaşdyrmaga, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmäge we energiýa serişdelerini oýlanyşykly ulanmaga gönükdidlendir..
Ýokarda agzalan çäreleriň amala aşyrylmagy, parnik gazlarynyň daşky gurşawa zyňylýan mukdaryny azaltmaga hem-de howanyň üýtgemegi boýunça Parij ylalaşygyndan gelip çykýan, Türkmenistanyň bornamalaryny abraý bilen ýerine ýetirmäge ýardam berýär.