BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň, Türkmenistanyň energiýadan netijeli peýdalanýan we durnukly ösýän gurluşyk pudagyna ýardam bermek boýunça täze taslamasy işe başlady

April 30, 2025
A group of professionals engaged in a meeting at a conference table.

BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň, Türkmenistanyň energiýadan netijeli peýdalanýan we durnukly ösýän gurluşyk pudagyna ýardam bermek boýunça täze taslamasy işe başlady

BMGÖM Türkmenistanda

Aşgabat, 2025-nji ýylyň 29-nji apreli. BMG-niň Ösüş Maksatnamasy “Energiýadan netijeli peýdalanýan we durnukly ösýän gurluşyk pudagynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny kämilleşdirmek arkaly Türkmenistanyň Milli mümkinçiliklerini ösdürmek” atly taslamasynyň başlangyç maslahatyny geçirdi  we bu täze taslamanyň resmi taýdan işe başlaýandygyny habar berdi. Taslama global ekologiýa gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýär we Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministrligi bilen hyzmatdaşlykda ýerine ýetirilýär.

Täze çäreler, daşky gurşawa zyňylýan parnik gazlarynyň mukdaryny azaldyp, howanyň üýtgemeginiň öňüni almak hem-de durnukly we ýaşyl geljegi üpjün etmek boýunça Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldamaga gönükdirilendir. Taslama, energiýadan netijeli peýdalanmak, daşky gurşawa zyňylýan parnik gazlarynyň mukdaryny azaltmak we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmak boýunça ýurdumyzyň milli düzümleri bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylan başlangyçlara esaslanýär. 

Taslama, şu esasy maksatlara ýetmäge gönükdidlendir. Birinji-den energiýany juda az ulanýan binalar baradaky konsepsiýany ulanmak arkaly, nusgalyk binalary gurmagy göz öňünde tutýar.  Bu çäreler binalaryň daşky diwarlaryny döwrebaplaşdyrmak, gaýtadan dikeldilýän enrgiýa çeşmelerini ulanmak, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly binalarda energiýanyň ulanylyşyna gözegçilik etmek we maglumatlary düýpli seljermek arkaly amala aşyrylar. Ikinji-den, taslama hereket edýän kadalaşdyryjy-hukuk resminamalary kämilleşdirmäge gönükdirilendir. Taslamanyň çäklerinde täzä kadalaşdydyjy resminamalary, Türkmenistanyň gurluşyk kadalary taýýarlanylar hem-de energiýany juda az ulanýan binalaryň gurulmagy üçin amatly şertleri dörediler.

A conference room with people seated at a long table, colorful posters on the wall.
BMGÖM Türkmenistanda

“Bu taslama, Türkmenistanyň durnykly geljegini gurmak barada biziň umumy tagallalarymyzy aýan edýär. Energiýadan netijeli ulanylmagy we gurluşyk pudagyna ýaşyl standartlaryň ornaşdyrylmagy – daşky gurşawa zyňylýan parnik gazlarynyň mukdaryny azaltmagyň we ynsanlaryň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmagyň açarydyr. Daşky gurşawy goramak pudagynda biziň, Türkmenistanyň Hökümeti bilen uzak möhletli we netijeli hyzmatdaşlygymyzda gazanan tejribämize esaslanyp, bilelikde amala aşyryljak bu taslamanyň, Türkmenistanyň howanyň üýtgemeginiň öňüni almak  boýynça başlangyçlaryny öňe sürmäge saldamly goşant boljakdygyna ynanýarys“ – diýip BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik Wekili hahym Narine Saakýan nygtap aýtdy.

“Türkmenistanyň gurluşyk pudagy, esasanam köp gatly ýaşaýyş we jemgyýetçilik binalary, ýurtda enegiýanyň umumy ulanylyşynda we parnik gazlarynyň daşky gurşawa zyňylmagynda uly orny eýeleýär. Şol wagtda hem energiýany tygşytly ulanýan tehnologiýalary ornaşdyrmakda ägirt uly mümkinçilikleri teklip edýär. Bu taslamany bilelikde amala aşyrmak bilen, energiýany juda az ulanýan binalary gurmak baradaky başlangyçlary öňe sürmegiň netijesinde, Howanyň üýtgemegi baradaky Paryj ylylyşygyndan gelip çykýan borçnamalary ýerine ýetirmäge, Türkmenistana ýardam berýändigimize biz buýsanýarys”- diýip, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň sebitleýin merkeziniň (Istambul şäheri) howanyň üýtgemeginiň öňüni almak meseleleri boýunça tehniki geňeşçisi, hanym Ýana Kopernik,  belläp geçdi.

A group of professionals seated at a long table during a meeting, with a large "RASITALARY" sign in the background.
BMGÖM Türkmenistanda

Taslamanyň esasy hyzmatdaşy Türkmenisatnyň daşky gurşawy goramak ministrligi bolup durýär. Taslamany, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik  ministrliginiň, Energetika ministrliginiň we Aşgabat şäher Häkimliginiň hyzmatdaşlygynda amala aşyrmak meýilleşdirilýär. 

Bu täze taslama, Howanyň üýtgemegi baradaky Paryj ylylyşygyndan gelip çykýan borçnamalary ýerine ýetirmäge, Türkmenistana ýardam berer. Gurluşyk pudagyna energiýadan netijeli peýdalanýan tehnologiýalaryň we standartlaryň ornaşdyrylmagy, daşky gurşawa zyňylýan parnik gazlarynyň mukdaryny azaltmak we durnukly ösüşiň täze modeline geçmek baradaky Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldaýar. Bu bolsa Türkmenistanyň Howanyň üýtgemegi baradaky Paryj ylylyşygyndan gelip çykýan borçnamalary ýerine ýetirmäge ýardam berer.