BMG-niň Ösüş Maksatnamasy Türkmenistanda energiýanyň tygşytlanmagyna we gaýtadan dikeldilýän energiýanyň ösdürilmegine ýardam berýär

April 15, 2024

BMG-niň Ösüş Maksatnamasy Türkmenistanda energiýanyň tygşytlanmagyna we gaýtadan dikeldilýän energiýanyň ösdürilmegine ýardam berýär

BMGÖM Türkmenistanda

Mary, 11-12 Aprel 2024 ý.: BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) we Daşky gurşawy goramak ministrliginiň bilelikde ýerine ýetirýän “Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi” atly taslamasynyň çäklerinde “Elektrik energetikasy pudagyna energiýany netijeli peýdalanýän innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça halkara tejribesini öwrenmek” atly okuw maslahaty  geçirildi. Okuw maslahaty 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 11-12-ne, Mary şäherinde geçirildi.

Energetika minstrliginiň hünärmenleri, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň (TDEI, Mary şäheri) mugallymlary we talyplary, TDEI-niň ýanyndaky “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” boýunça ylmy-önümçilik merkeziniň, şeýle hem BMGÖM-niň durnukly şäherler boýunça taslamasynyň hünärmenleri we halkara maslahatçylary okuw maslahatyna işjeň gatnaşdylar.

Okuw maslahatynyň  maksady, elektrik energetikasy pudagyna energiýany netijeli peýdalanýän innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça halkara halkara tejribelerini öwrenmekden ybarat boldy. Çykyş edenler tarapyndan, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, TDEI  we BMGÖM-niň taslamasynyň bilelikde, energiýany netijeli peýdalanýan innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulanmak boýunça ýerine ýetirilen nusgalyk işler barada habar berildi.

 Çykyşlaryň dowamynda Energetika ministrliginiň, TDEI-niň we BMGÖM-niň hünärmenleri bilen bilelikde energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hem-de gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek ugurlarda kadalaşdyryjy resminamalary taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işler barada habar berildi, şol sanda ”Türkmenistanda 2030-nji ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýa” hakynda, “Gaýtadan dilekdilýän energiýanyň çeşmeleri” hakyndaky Türkmenistanyň täze kanuny  we “Energiýa tygşytlylyk we energiýany netijeli peýdalanmak” hakynda Türkmenistanyň täze kanunyny barada habar berildi.  Ýurdumyzda  energiýany netijeli peýdalanýan innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulanmak barada Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Durnukly şäherler atly taslamasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň gelejegi barada maslahatlaşyldy.

“Okuw maslahaty, energiýany netijeli peýdalanýan innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulanmak boýunça tejribe alyşmaga we hünärmenleriň bilimini artdyrmaga mümkinçilikleri döretdi. BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Durnukly şäherler atly taslamasy Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyna energiýany netijeli peýdalanýan innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyna we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri ulanmagyna aýratyn alada etmek bilen, daşky gurşawa zyňylýan parnik gazlarynyň mukdaryny azaltýar we ýurdumyzyň, howanyň üýtgemegi barada Parij ylylaşygynyň çäklerinde borçlaryny ýerine ýetirmäge goşant goşýar”, diýip BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Durnukly şäherler atly taslamasynyň ýolbaşçysy Batyr Ballyýew habar berdi.

***

BMG-niň Ösüş Maksatnamasy we Global ekologiýa gaznasy tarapyndan maliýeleşdirlýän “Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi” atly taslama şäherleriň durnukly ösdürilmegine hem-de şäherleriň ösmegi bilen bagly ýaramaz ýagdaýlaryň täsirini azaltmaga, ýagny ýurdumyzy sosial-ykdysady taýdan ösdürmek maksady bilen alnyp barylýan maksatnamalaryň çäklerinde, daşky gurşawa zyňylýan parnik emelegetiriji gazlaryň mukdaryny azaltmak, howanyň hapalanmagynyň öňüni almak, energiýany tygşytly ulanmak bilen bagly tehnologiýalary ornaşdyrmak, ekologiýa gözegçiligi ulgamlaryny kämilleşdirmek, galyndylary durnukly dolandyrmak, ulag ulgamyny durnukly ösdürmek işlerini amala aşyrmaga gönükdirilendir.