BMGÖM Türkmenistanyň ilkinji saglygy goraýyş ulgamyna gün energiýasy çözgütlerini ornaşdyrylýar
July 2, 2026
BMGÖM Türkmenistanyň ilkinji saglygy goraýyş ulgamyna gün energiýasy çözgütlerini ornaşdyrylýar
Ýolöten, Türkmenistan. 2026-njy ýylyň 1-nji iýuly - Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we senagat ministrligi bilen bilelikde Mary welaýatynyň Ýolöten etrap hassahanasynda iki sany gün fotoelektrik ulgamynyň gurnamasyny tamamlady. Bu başlangyç saglygy goraýyş ulgamynyň durnuklylygyny, ekilogiýa taýdan howpsuzlygy we howanyň üýgemegine garşy uýgunlaşmagy babatynda möhüm ädim bolýar. Iki sany gün fotoelektrik ulgamynyň umumy kuwwaty 30 kW deň bolup durýar. Oturdylan enjamlar hassahanany täzeden dikeldilýan energiýa serişdesi bilen üpjün eder. Bu bolsa öz gezeginde gaýragoýulmaz saglygy goraýyş hyzmatlaryny üznüksiz berilmegini goldar, onuň netijeliligini ýokarlandyrar we adaty energiýa serişdelerden baglylgyň azaldylmagyna ýol açar.
Saglygy goraýyş hyzmatlarynyň üznüksiz berilmegini üpjün etmek üçin fotoelektrik ulgamlarynyň her biri energiýany toplaýan akkumulýator ulgamlary bilen üpjün edilip, olar elektrik energiýasynyň üpjünçiliginde bökdeçlik döran ýagdaýynda 12 sagadyň dowamynda ätiýaçlyk elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Gün fotoelektrik ulgamlary täze doglan bäbekleriň reanimasiýa bölümi, dogrum bölüminiň, kliniki barlaghana, gemodializ bölümi we operasiýa zaly ýaly möhüm bölümleriniň üznüksiz işlemegini üpjün edýär. Saglygy goraýyş infrastrukturasynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak bilen birlikde, bu başlangyç Türkmenistanyň durmukly ösüş we howanyň uýtgemegi babatynda has giň maksatlaryna ýetilmegine goşant goşýar. Iki sany gün fotoelektrik ulgamynyň oturdylmagy ýylda takmynan 46 MWt/s täzeden dikeldilýän elektrik energiýasy öndürmekligine we ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny ýylda takmynan 25 tonna CO₂ azaldylmagyna getirjekdigine garaşylýar.
Täzelenýän energiýa çözgütlerini saglygy goraýyş infrastrukturasyna birikdirmekligiň özi “ýaşyl energiýa” goýulan maýa goýumlarynyň şol bir wagtda jemgyýetçilik saglygynyň goralmagyna, energetika howsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna şeýle hem howanyň uýtgemegine garşy göreşmek babatynda anyk mysal bolup durýar.
BMGÖM Türkmenistanyň ilkinji saglygy goraýyş ulgamyna gün energiýasy çözgütlerini ornaşdyrylýar
Ýolöten etrap hassahanasynda geçirilen açylyş dabarasynda çykyş eden BMGÖM-iň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Sahakýan bu başlangyjyň strategiki ähmiýetine ünsi çekdi:
"Ygtybarly we arassa energiýa durnukly saglygy goraýyş ulgamynynyň berk esasy bolup durýar . Bu taslama täzeden dikeldilýän energiýa serişdesine goýulan maýa goýumlarynyň jemgyýetçilik saglygyna we ekologiki durnuklynyň pugtalandyrylmagyna şeýle hem saglygy goraýyş ulgamunyň uglerod yzynyň azaldylmagyna we hyzmatlaryň ygtybarlylygynyň berkidilmegine getirip biljekdigini görkezýär".
Taslamanyň uzak möhletleýin durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen hassahananyň işgärleri üçin gün fotoelektrik ulgamlarynyň işleýşi, olara hyzmat edilişi we panelleriň arassalanylşy boýunça giňişleýin okuw sapaklary geçirildi.
BMGÖM Türkmenistanyň ilkinji saglygy goraýyş ulgamyna gün energiýasy çözgütlerini ornaşdyrylýar
BMGÖM barada
BMGÖM planetany goramak bilen bir hatarda garyplygy ýok etmek üçin 170 ýurtda we sebitde işini alyp barýar. Biz ýurtlara ösmeklerini dowam etdirmekleri üçin netijeli meýilnamalary işläp düzmäge, başarnyklary we hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şeýle hem edaralary gurmaga ýardam edýäris.