Durmuşy sowgat hökmünde kabul etmek
February 4, 2026
D. 52 ýaşynda we ömründe üç gezek süýt mäziniň howply täze döreme keseline duçar boldy. Gynansakda, durmuşda şeýle ýagdaýlar hem bolýar. Muny bilip, bu zenanyň mährine we çydamlylygyna haýran galmaz ýaly däl. Onuň nämeleri başdan geçirendigini göz öňüne getirmek kyn, onuň diňe özi üçin göreşmän, eýsem öz maşgalasy üçin goldaw bermegi hem nädip başarandygyny düşünmek diýseň kyn.
"Maňa ilkinji gezek 2003-nji ýylda süýt mäziniň howply täze döreme kesel kesgidi goýuldy, soňra bu ýagdaý 2009-njy ýylda ýene gaýtalandy. Diýmäne, hemme zat yzda galan ýaly bolanda, 2023-nji ýylyň güýzünde üçünji gezek ýene-de ýüze çykdy. , Häzirki wagtda kesel remissiýa ýagdaýynda, ýöne şondada her zadyň üýtgäp biljekdigini özüme hemişe ýatladýaryn. Şonuň üçin men durmuşymy şu ýerde we şu wagtda ýaşaýaryn.
Ilkinji gezek täze döreme keselini 29 ýaşymda tapdym. Biz deňiz kenaryndan ýaňy öýe dolanyp geldik. Şol wagt uly gyzymyz birinji synpa gitmeli wagty we kiçi oglumybolsa bir aý mundan öň süýtden aýyran wagtymdy. Çep tarapda döşümde bir düwün duýdum. Derrew aňyma munuň howply täze döreme keseli bolup biljekdigi barada pikir geldi, sebäbi meniň enem howply täze döreme keselinden aradan çykdy. Mammolog lukmany meni onkolog lukmana ugradanda, men rahatdym. Adamym menden has köp alada edýärdi, ýöne men çagalaryma eje bolmaklygy üpjün etmek üçin elimden gelenini etmelidigim barada bar ünsimi jemledim.
Men operasiýa geçirdim - çep döşüme mastektomiýa operasiýasyny geçirdiler. Operasiýadan soň, maňa hiç hili himioterapiýa ýa-da radiasiýa berilmedi. 1-nji tapgyr bolandygy üçin bagtlydym. Onkolog meni hatda haýal etmän lukmana ýüz tutanlygym üçin öwdi. Ol maňa gözegçilikden geçmegi maslahat berdi: "Sen her alty aýda bir gezek barlag üçin maňa gelmeli diýdi". Men hem şeýle etdim.
Alty ýyldan soň, barlaglaryň birinde sag döşümde ikinji döreme tapyldy. Bu örän kyn boldy. Olar döşümiň bir bölegini we mümkin bolan ähli limfa düwünlerini aýyrdylar.
Emma üçünji gezek, 2023-nji ýylda kesel täzeden ýüze çykanda, bu ýagdaý meni düýbünden ýykdy. Şeýle köp wagt geçdi welin, men şol elhençlikleri ýatdan çykardym.Birdenkä, ýene howply täze döreme keseline uçradym. Kesel öňki Ikinji operasiýanyň geçirilen ýerinde gaýtalandy.
Sag döşümdäki täze döremäniň biopsiýa barlagyndan soň, Aşgabaddaky onkolog lukmany onuň HER2-pozitiw görnüşli – örän agressiw, howply täze döremedigini düşündirdi. Onuň çylşyrymly anyklaýyş we mahsus dermanlar bilen ýöriteleşdirilen bejergi talap etýänligini aýtdy. Dogrusyny aýtsam, men şol wagt gorkdum, sebäbi indi kesel bilen ýüzbe-ýüz bolýan ýalydym. Men umytsyzlyk we munuň ähli zadyň soňydygyny duýdum. Ýakyndaky ähli limfa düwünleriniň aýrylandygy sebäpli, metastazlar ýüze çykan ýagdaýynda olaryň nirede boljaklygyny yzarlamagyň mümkinçiligi ýokdy. Emma lukman haýal etmän "meniň" howply täze döreme keselim üçin niýetlenen anyklaýyş we ýöriteleşdirilen bejerginiň indi elýeterlidigini düşündirdi. Şeýle gymmat barlaglaryň we derman serişdeleriniň indi hassalara mugt we elýeterli bolmagy gowy zat*.
2024-nji ýylyň başynda, ähli mümkin barlaglardan geçenden soň, kiçijik, göze görünmeýän öýjükleri ýok etmek üçin himiýa bejergisini aldym. Bejergime, doksorubisin we siklofosfamid, soňra bolsa paklitaksel derman serişdeleri girdi. Bu himiýa bejergisini almak meniň bedenime diýseň kyn düşdi, ýöne men bejergimi dowam etdim.
Mahsuslaýyn bejergi meniň bejergimiň iň möhüm bölegine öwrüldi. Men HER2 reseptorlary togtatýan trastuzumab sanjymlaryny almaga başladym. Lukmanym ony "akylly derman" diýip atlandyrýar, sebäbi ol aýratyn howply döreme öýjüklerine nyşanlaýyň täsir edip, sagdyn öýjüklere zyýan ýetirmeýär.
Şeýle hem, men bejergimiň dowamynda gormonal derman serişdelerini kabul etdim we bejergini ýeňilleşdirmek maksady bilen, süňklerimiň we peşew akar ýollarynyň saglygyny gözegçilikde sakladym. Emma maňa howply täze döreme keseliniň nesilden-nesile geçýänligi barada pikir bilen göreşmek örän kyn boldy. Onuň meniň uly gyzlaryma hem täsir edip biljekdiginden gorkýardym.
Indi gyzlarym bilen bilelikde barlagdan geçýärin, sebäbi maşgala agzalarynda howply täze döreme keseli bolanlar üçin keseliň töwekgelçiligi has ýokarlanýar. Men olara ýol görkeziji bolup, bilelikde maslahatlara we anyklaýyş çärelerine gatnaşýarys hem-de barlag netijelerini bilelikde deňeşdirýäris.
Men henizem barlagdan barlaga çenli ýaşaýaryn. Her alty aýda - ultrases barlagyndan, täze döreme markerleriniň barlaglaryny geçýärin. Howply täze döreme keselinden gorkmak indi üçimize paýlaşylýar - özüm we gyzlarym üçin. Emma biziň bilelikde göreşýändigimiz maňa ägirt uly güýç berýär.
Indi, bularyň hemmesinden soň, men täzeden durmuşyň lezzetini almagy öwrenýärin. Meniň üçin her bir asuda ertir sowgatdyr we maşgalam bilen her bir gezelenç baýramçylykdyr.
Bu ýola täze başlaýan zenanlara aýtmak isleýän zadym: howply täze döreme keseli häzirki wagtda ýaşlanýar. Bu bolsa gorkunç. Emma bu maňa göreşmek üçin güýç hem berýär. Lukmanyňyzdan diňe "Mende näme bar?" däl, eýsem "Mende nähili görnüşi bar?", "Men näçe gezek barlagdan geçmeli?" diýip soraň. "Başga nämeleri barlap bilerin?" Netijeli dermanlar indi Türkmenistanda, diňe paýtagtda däl, eýsem welaýatlarda hem elýeterlidir. Wagtynda barlaglardan geçmegi yza çekmäň, zatlaryň üýtgemegine ýol bermäň, sorag beriň we düşünmeýän zadyňyzy aýdyňlaşdyryň. Ýadyňyzda bolsun, siz ýalňyz däl. Siziň güýjüňiz bir gün söýýän adamyňyz üçin goldaw bolup biler".
* BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) ýokanç däl keselleri gözegçilikde saklamak boýunça taslamalarynyň çäginde, onkologiýa, endokrinologiýa, newrologiýa, dowamly dem alyş ýollarynyň keselleri, ýürek-damar we seýrek duş gelýän kesellerini bejermek üçin niýetlenen dermanlar hasaba alynandan soň mugt berilýär.
BMGÖM-niň ýokanç däl keseller pudagynyň taslamalary barada şu salgydan has giňişleýin maglumatlary alyp bilersiňiz: https://www.undp.org/ru/türkmenistan/projects