Lab technician wearing white coat, cap, and mask operates a benchtop analyzer.

2026-2027-nji ýyllarda Türkmenistanda kliniki barlaghana gullugyny berkitmek barada Ylalaşyk

"2026-2027-nji ýyllarda Türkmenistanda kliniki barlaghana gullugyny berkitmek barada Ylalaşyk" taslamasy milli saglygy goraýyş ulgamynyň tiz,  ygtybarly we ýokary hilli barlaghana anyklaýyş hyzmatlaryny bermek ukybyny artdyrmagy, we saglygy goraýyş ulgamynyň hemme derejelerinde, ähli ilat toparlary üçin elýeter barlaghana anyklaýyş hyzmatlaryny üpjün etmegi maksat edinýär. Taslamanyň umumy maliýe möçberi 22,050  million ABŞ dollaryna deňdir. 

 

Bu taslama 2023-2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan maliýeleşdirilen we BMGÖM tarapyndan amala aşyrylan ilkinji barlaghana taslamasynyň üstünlikli netijelerine esaslanýar. Bu taslama çäginde ýurt boýunça jemi 121 sany kliniki barlaghana döwrebaplaşdyryldy we goldaw berildi,  357 barlaghana hünärmenine hünär kamilleşdiriş okuwy berildi, barlaghanalar täze SOP-lar işläp düzmüldi,  şeýle hem barlaghanalaryň durnukly işlemegi üçin zerur reaktiwler we sarp ediş serişdeleri üpjün edildi. 

 

Täze gol çekilen taslamanyň düzüminde meýilleşdirilýän çäreler: 

1. Goşmaça barlaghanalary döwrebaplaşdyrmak we zerur enjamlar bilen üpjün etmek;;

2. Adam saglygyň 85-den gowrak barlaghana görkezijisini barlamak üçin niýetlenen reaktiwler we sarp ediş serişdelerini  üpjün etmek;

3. Barlaghana hyzmatlarynyň hilini has-da gowulandyrmak; 

4. Barlaghana hünärenlerine hünär kamilleşdiriş okuwlaryny geçirmek..

 

Bu taslamanyň ähliumumy saglygy goraýyş üpjünçiligini öz içine alýan DÖM 3-e (ähli ýaşdaky adamlaryň sagdyn durmuşyny üpjün etmek we abadançylygyny ýokarlandyrmak) maksadyna ýetmäge uly goşant goşmagy garaşylýar. 

 

Şeýle hem, bu taslama uzak möhletde keselleriň wagtynda ýüze çykarylmagyna, bejerginiň hilini ýokarlandyrmaga, keselleriň agyr gaýra üzülmeleriniň öňüni almaga, saglyk gözegçilik çäreleriň hassalaryň ýaşaýan ýerine golaý ýerde elýeter edilmegi tutuş milli saglygy goraýyş ulgamyna oňäýly täsir etmegi garaşylýar,  we has-da gowşak toparlar üçin örän wajypdyr. 

 

Şikaýatlaryňyz ýa-da bellikleriňiz boýunça, aşakdaky usullar arkaly habarlaşyp bilersiňiz:

 

Elektron ýüzlenme: https://www.saglykhm.gov.tm/en/yuzlenme

E-poçta: info@saglykhm.gov.tm

Poçta salgysy: 744036, Aşgabat, Arçabil şaýoly, 20

Telefon: +993 (12) 40-06-74

Faks: +993 (12) 48-92-97

Related Materials

Impact

START DATE

April 2026

END DATE

December 2027

STATUS

Ongoing

PROJECT OFFICE

Turkmenistan

IMPLEMENTING PARTNER

UNDP

DONORS

GOVERNMENT OF TURKMENISTAN

UNITED NATIONS DEVELOPMENT PROGRAMME

TOTAL CONTRIBUTIONS

$11,050,000

DELIVERY IN PREVIOUS YEARS

2026$14,388

Full Project information