BMGÖM, GEF-iň goldawy bilen, Aral deňziniň giňişliginde ýerli başlangyçlar üçin kiçi grantlar maksatnamasynyň başlanandygyny yglan edýär

BMGÖM, GEF-iň goldawy bilen, Aral deňziniň giňişliginde ýerli başlangyçlar üçin kiçi grantlar maksatnamasynyň başlanandygyny yglan edýär

June 22, 2026

BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) tarapyndan Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bilelikde Global Daşky gurşaw gaznasynyň (GEF) maliýe goldawy bilen durmuşa geçirilýän "Köp sanly bähbitleriň alynmagy üçin Aral deňziniň giňişliginde ýer serişdelerini we ýokary tebigy gymmatlygy bolan ekoulgamlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak" taslamasy Daşoguz we Lebap welaýatlarynda ýerli başlangyçlary goldamak üçin kiçi grantlar maksatnamasynyň başlanandygyny yglan edýär.

Maksatnama ýer we suw baýlyklaryny durnukly dolandyrmagy, zaýalanan ekoulgamlary dikeltmegi, biodürlüligi gorap saklamagy we Aral deňziniň giňişliginde ýerli jemgyýetleriň durnuklylygyny ýokarlandyrmagy maksat edinýär.

Hasaba alnan hökümete degişli däl guramalar we raýat jemgyýeti guramalary, şeýle hem ejiz toparlaryň wekilleri bolan raýat hereket toparlary gatnaşmaga çagyrylýar.

Goldawyň ileri tutulýan ugurlaryna durnukly öri meýdanlaryny dolandyrmak, ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almak, suwy gorap saklamak, durnukly oba hojalygy, tokaýlary dikeltmek we zenanlaryň ýolbaşçylygyndaky başlangyçlary goşmak bilen alternatiw ýaşaýyş serişdelerini ösdürmek girýär.

Taslamalar Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň synag etraplarynda amala aşyrylmaly we ýerli jemgyýetlere hem daşky gurşawa amaly, ölçäp boljak täsirleri bolmaly.

Gatnaşmak şertleri, arza tabşyrmak tertibi, zerur resminamalar we bäsleşigiň möhletleri barada jikme-jik maglumat goşundyda bar (Ýükläp almak üçin/download basyň).

Arzalary kabul etmegiň soňky möhleti 2026-njy ýylyň 23-nji iýulyna çenli (iş wagtynyň gutarmagyna çenli) uzaldylandygyny dykgatyňyza ýetirýäris.

Regions and Countries
Sustainable Development Goals