Türkmenistanyň kazyýet ulgamynyň sanlylaşdyrylmagyny goldamak
Türkmenistanda teklip edilýän bu taslama, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň edaralaýyn we tehniki kuwwatyny güýçlendirmäge aýratyn üns bermek bilen, kazyýet ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyny we sanlylaşdyrylmagyny goldamaga gönükdirilendir. Bu başlangyç kazyýet edaralarynyň sanly taýýarlygynyň derejesini ýokarlandyrmaga, kazyýet işlerini kämilleşdirmäge we kazyýet önümçiligini halkara standartlaryna, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň adam hukuklary babatyndaky maslahatlaryna laýyk getirmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.
Taslamanyň çäklerinde kazyýet ulgamynyň sanly taýýarlygyna edaralaýyn, tehniki, hukuk hem-de işçi güýjüň üpjünligi nukdaýnazaryndan hemmetaraplaýyn baha berler. Baha bermek işi gender faktorlarynyň seljermesini, şeýle hem sanly desgalaryň häzirki ýagdaýyny, iş ýörediş amallaryny, ulgamlary we aýdyňlygy üpjün etmegiň mehanizmlerini öwrenmegi hem öz içine alar. Şeýle çemeleşme esasy töwekgelçilikleri we häzirki zaman sanly çözgütlerini ornaşdyrmak üçin mümkinçilikleri ýüze çykarmaga şert döreder.
Baha bermegiň netijelerine esaslanyp, taslama kazyýet ulgamyny sanlylaşdyrmagyň tapgyrlaýyn, realistik we maliýe taýdan delillendirilen "ýol kartasyny" işläp taýýarlar. Ol desgalary döwrebaplaşdyrmak, işleriň ýöredilişini kämilleşdirmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we innowasion gurallary ornaşdyrmak boýunça maslahatlary öz içine alar. Ýol kartasynyň esasy bölegini hemmeler üçin oňaýly dizaýna, ulanyjylar üçin amatlylyna, durnuklylyga, aýdyňlyga hem-de maglumatlary goramagyň we adam hukuklarynyň halkara standartlarynyn laýyklygyna gönükdirilen kazyýet maglumat ulgamyny (KMU) döretmegiň tehniki konsepsiýasyny emele getirer.
Taslamanyň durmuşa geçirilmegi sanly hyzmatlaryň geljekde ornaşdyrylmagy üçin binýat döreder, kazyýet işiniň netijeliligini we elýeterliligini ýokarlandyrar, raýatlaryň kazyýet ulgamyna bolan ynamyny berkider hem-de ilatyň ähli gatlaklary, şol sanda zenanlar we goraga mätäç bolan adamlaryň topary degişli adamlar üçin kazyýet adyllygyna has deňhukukly elýeterliligi üpjün eder.