Adam maýasynyň strategik meýilnamalaşdyrylyşynyň Milli ulgamy

Bu taslama Türkmenistanyň adam  maýasynyň meýilnamalaşdyrmagynyň Milli ulgamyny güýçlendirmek üçin bilim, başarnyklygy ösdürmek we iş güýjüni meýilnamalaşdyrmagy ýurduň ykdysady diwersifikasiýa we sanly öwrülme ugurlary ileri tutulmagy bilen utgaşykly, maglumatlara esaslanýan ulgamynyň döredilmegine gönükdirilen. Başlangyç häzirki we geljekki başarnyk zerurlyklarynyň kesgitlenilmegini, bilim netijeleri bilen zähmet bazarynyň talaplaryndaky aralyklarynyň seljerilmegini we adam resurslarynyň ösüşine täsir edýän institusional we maliýe mümkinçilikleriniň bahalandyrylmagyny göz öňünde tutýar. Taslama maglumatlara esaslanýan başarnyk meýilnamalaşdyrylyşynyň analitik modeli we institusional düzümi ösdürmäge goldaw berer, şeýle hem kararlary kabul etmegini goldamak üçin EA  binýadynda sanly platformanyň nusgasyny synagdan geçirer. 

Taslama başarnyklary dolandyrmak we institusional mümkinçiliklerde ulgamlaýyn boşluklary aradan aýyrmak arkaly iş güýjüni has netijeli meýilnamalaşdyrmaga, bilim bilen iş mümkinçilikleriniň utgaşmagyny ýokarlandyrmaga we Türkmenistanda bilim-hem-de innowasiýa esaslanan ykdysadyýeti ösdürmäge ýardam eder. Şeýle hem, taslama Türkmenistanda demografik girdeýjini ykdysady ösüşiň çaltlandyrylmagynyň, zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagynyň we täze goşmaça gymmatlykly pudaklaryň ösdürilmeginiň hereketlendiriji güýji hökmünde peýdalanmak üçin institutsional mehanizm döretmegi maksat edinýär. Ulgam diňe bilimi häzirki zähmet bazarynyň islegi bilen utgaşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem strategik adam kapitalyny ösdürmek arkaly geljekki ykdysady nişalaryň kemala gelmegine hem goldaw bermelidir. 

Taslama milli hökümet edaralarynyň arasynda çaklama, pudakara meýilnamalaşdyryş we maglumatlara esaslanýan karar kabul etmek medeniýetini ösdürmäge, şol sanda öňünden görme sessiýalaryny geçirmekde, analitikalary düşündirmekde we çaklamalary amaly syýasat işläp düzmekde ulanmakda başarnyklary ösdürmäge gönükdirilendir.  Taslamanyň netijeleri kabul ediş maksatlaryny kesgitlemek, hünärleriň sanawyny gaýtadan gözden geçirmek, bilim maksatnamalaryny täzelemek, işgärler ýetmezçiligini we hünärmenleriň artykmaç öndürilmeginiň töwekgelçiliklerini ýüze çykarmak, şeýle hem maglumatlara we çaklamalara esalanyp, täze ykdysady ugurlary ösdürmek boýunça çözgütleri esaslandyrmak üçin amaly gurala öwrülmelidir.