2026-2027-nji ýyllarda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan ýokanç kesellere gözegçilik etmek üçin saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak barada Ylalaşyk
Taslama, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine 2026-2027-nji ýyllar aralygynda aşakda gorkezilen ugurlar boýunça ýokary hilli saglyk hyzmatlaryny üpjün etmek üçin saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almakda tehniki goldawy berer:
• Inçekesel;
• AIW we reproduktiw saglygy;
• Howpsuz gan guýma;
• B we C görnüşli wirusly gepatitler;
• Deri keselleri we jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän keseller;
• Zerur bolan halatynda beýleki saglyk boýunça meýilnamalar.
Taslama, AIW, inçekesele we gyzzyrma garşy göreşmek üçin Global Gazna tarapyndan maliýeleşdirilýän BMGÖM-yň inçekesel taslamasynyň üstüni ýetirer we 2027-nji ýylyň ahyryna çenli Global Gaznanyň inçekesel maksatnamasynyň içerki maliýeleşdirilmä geçmegi, şol sanda tehniki kömegiň berilmegi, mümkinçilikleriň artdyrylmagy, jemgyýetçilik guramalary bilen durmuş taýdan şertnama we inçekesel bilen kesellänlere Türkmenistanda Global Gaznanyň maksatnamasynyň hilini, dowamlylygyny we durnuklylygyny üpjün etmek babatynda goldaw bolup durýar.