Türkmenistanyň Döwlet statistika komitetiniň 2030-njy ýyldaky gün tertibini durmuşa geçirmek üçin institusional we tehniki mümkinçiliklerini güýçlendirmek

Taslama hakynda

Türkmenistanda DÖM-na gözegçiligiň teklip edilýän ulgamyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek, şol sanda DÖM-ny gözegçilik etmek babatynda Türkmenistanyň Statistika baradaky komitetiniň üstüne ýüklenen täze borçlary we wezipeleri netijeli amala aşyrmak örän köp iş geçirilmegini we Türkmenistanyň Hökümeti  tarapyndan ep-esli harajatlary, şol sanda maliýe we işçi güýjiniň  çeşmelerini talap edýär. Şunuň bilen baglylykda, BMG-nyñ Ösüş maksatnamasy BMG-nyñ 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş ulgamynda global Gün tertibi amala aşyrmak maksatlarynda täzeçe çözgütleri ulanmagyñ esasynda, durnukly ösüşiñ dürli ugurlary boýunça çözgütleri berýän öñdebaryjy agentligi bolmak bilen, Türkmenistanyñ Statistika baradaky döwlet komitetine institusional we tehniki mümkinçiligini pugtalandyrmakda tehniki ýardam etmegi teklip edýär.

Şu taslama 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan kämilleşdirmek üçin mümkinçilikleri kesgitlemek maksady bilen institusional gurluş düzümine we hereket etmäge geçirilen öz-özüňe baha bermegiň maslahatlaryna esaslanýar. Baha bermek Ýewrostat, ÝYK we EFTA tarapyndan goldanylan, Gündogar Ýewropa, Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlarynda üstünlikli ulanylan, Uýgunlaşdyrylan Global Baha bermegiñ halkara kabul edilen usulyýetiniñ özgerdilen  görnüşini peýdalanmak bilen geçirildi.  

BMGÖM we Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň alyp barýan şu taslamasynyň maksady DÖM-ynda öňegidişige gözegçiligi üpjün etimek üçin institusional we tehniki mümkinçiligi pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, taslamanyň çäreleri Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň binasyny häzirki zaman kompýuter tehnikasy we multimediýa tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrmaga we statistik maglumatlary bermegiň innowasion usullaryny işläp taýýarlamagy gönükdirilendir.