Decorative graphic with two partial colorful circular rings on a dark blue background.

Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa ornaşdyrmak üçin meýdança, IV tapgyr

Türkmenistan durnukly ösüş ulgamynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini ýerine ýetirmek, şol sanda Durnukly Ösüş Maksatlaryny (DÖM) milli ösüş meýilnamalaryna goşmak boýunça öz üstünde borçnama aldy.

2018-nji ýylda başlanan bu taslama DÖM-nyň gazanylmagyna goldaw bermäge gönükdirilendir we Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem BMG-niň agentlikleriniň DÖM-ny durmuşa geçirmek ulgamynda alyp barýan işlerini utgaşdyrmagy amala aşyrmak üçin bilelikdäki platformasy bolup durýar.

Şu taslamanyň dördünji tapgyry üçünji tapgyryň dowamy bolup durýar, geçen tapgyryň çäklerinde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine DÖM-ny durmuşa geçirmekligi ilerletmekde we durnukly maliýeleşdirmekde goldaw berildi, şeýle hem BSG-na girmek meseleleri boýunça milli mümkinçilik ýokarlandyryldy.

Taslamanyň dördünji tapgyrynyň maksady Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň agza döwletleri tarapyndan kabul edilen Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň utgaşdyrylmagy üçin jogapkär ygtyýarly edara hökmünde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň mümkinçiligini pugtalandyrmak arkaly durnukly ösüşe ýardam etmek bolup durýar. 

Taslama şu bölekleri öz içine alar:

  1. Durnukly Ösüş Maksatlaryny gazanmak üçin Türkmenistanyň üçünji Meýletin Milli Synyny taýýarlamagyň çäginde ösüşi maliýeleşdirmek başlangyçlaryny durmuşa geçirmekde ýardam bermek.
  2. DÖM-ny lokallaşdyrmak (ýerli derejede ornaşdyrmak) meseleleri boýunça milli mümkinçiligini pugtalandyrmak.