BMGÖM we Türkmenistanyň Hökümeti 2026–2030-njy ýyllar üçin Ýurt maksatnamasynyň çäginde Bilelikde maliýeleşdirme baradaky Çarçuwaly ylalaşygyna gol çekdiler
June 3, 2026
BMGÖM we Türkmenistanyň Hökümeti 2026–2030-njy ýyllar üçin Ýurt maksatnamasynyň çäginde Bilelikde maliýeleşdirme baradaky Çarçuwaly ylalaşygyna gol çekdiler
Aşgabat, 2026-njy ýylyň 3-nji iýuny – BMG-niň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) we Türkmenistanyň Hökümeti şu gün Bilelikde maliýeleşdirme baradaky Çarçuwaly ylalaşygyna gol çekdiler, bu olaryň uzak möhletli hyzmatdaşlygynda möhüm tapgyr bolup, 2026–2030-njy ýyllar üçin BMGÖM-niň täze Ýurt maksatnamasynyň çäginde ösüş başlangyçlaryny bilelikde maliýeleşdirmek üçin strategik binýadyny döretdi.
Otuz ýyldan gowrak üstünlikli hyzmatdaşlyga esaslanýan täze çarçuwaly ylalaşyk iki tarapyň hem hyzmatdaşlygyny has-da güýçlendirmek we milli ösüş ileri tutulýan ugurlaryny we Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM) goldamak üçin serişdeleri hereketlendirmek etmek baradaky umumy borçnamasyny görkezýär. Ylalaşyk täze Ýurt Maksatnamasynyň çäklerinde başlangyçlary durmuşa geçirmek we ýurt boýunça innowasion hem-de durnukly çözgütlerine maýa goýumlaryny giňeltmek üçin möhüm mehanizm hökmünde hyzmat eder.
"Şu günki gol çekmek BMGÖM bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasyndaky berk hyzmatdaşlygy we ýurduň durnukly geljegine maýa goýmaga bolan umumy ygrarlygymyzy görkezýär" diýip, BMGÖM-niň Turkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan belledi. "Bilelikde maliýeleşdirmek Çarçuwaly ylalaşygy hyzmatdaşlygymyzy giňeltmek we milli ileri tutulýan ugurlary goldaýan we adamlaryň durmuşyny gowulandyrýan innowasion çözgütleri durmuşa geçirmek üçin täze mümkinçilikleri döredýär."
Mundan başga-da, BMGÖM we milli hyzmatdaşlar adam kapitalyny meýilleşdirmek, adalat pudagynyň sanly özgertmesi we milli inçekesel maksatnamasyny döwlet maliýeleşdirmegine geçirmek arkaly saglygy goraýyş ulgamynyň durnuklylygyny berkitmek bilen baglanyşykly birnäçe strategik taslama resminamalaryna gol çekdiler.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde amala aşyrylýan "Adam kapitalyny strategiki meýilleşdirmek boýunça milli ulgam". Taslama bilim, başarnyklary ösdürmek we zähmet bazarynyň zerurlyklaryny milli ileri tutulýan ugurlar bilen utgaşdyrýan maglumatlara esaslanýan çarçuwany döretmek arkaly Türkmenistanyň adam kapitalyny meýilleşdirmek ulgamyny güýçlendirmegi maksat edinýär, şeýle hem, başarnyk ýetmezçiliklerini anyklar we ykdysady ösüş we diwersifikasiýa üçin demografik girdejini peýdalanmak üçin institutsional mehanizmi goldar.
Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti bilen bilelikde amala aşyrylýan "Türkmeniň kazyýet ulgamynyň sanly özgerdilmesine goldaw" taslamasy. Taslama, Ýokary kazyýetiň institutsional we tehniki mümkinçiliklerini güýçlendirmek, kazyýet ulgamynyň sanly taýýarlygyny ýokarlandyrmak, kazyýet işlerini kämilleşdirmek we kazyýet işlerini halkara standartlaryna laýyk getirmek arkaly Türkmenistanyň kazyýet ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna we sanly özgerdilmesine ýardam bermegi maksat edinýär.
"Türmeniň Milli inçekesel maksatnamasyny AIDS, inçekesel we gyzzyrma bilen göreşmek boýunça global gaznadan çykarmak" taslamasy, inçekesel keselini anyklamakda we bejermekde täzelikleri ornaşdyrmagy, şeýle hem milli maksatnamanyň doly döwlet maliýeleşdirilmegine tapgyrlaýyn geçmegini goldamagy, şeýlelik bilen saglygy goraýyş ulgamynda gazanylan netijeleriň durnuklylygyny üpjün etmegi maksat edinýär.
Ýokarda agzalan üç başlangyç hem BMGÖM tarapyndan mobilizirlenen daşarky maliýeleşdirme arkaly maliýeleşdirilýär.
Şu gün gol çekilen ylalaşyklar, BMGÖM-niň dolandyryşy we sanly özgerişi güýçlendirmegi, inkluziw we durnukly ykdysady ösüşi höweslendirmegi, howanyň üýtgemegine garşy göreşi we daşky gurşawyň durnuklylygyny öňe sürmegi, şeýle hem saglygy goraýyş we durmuş taýdan gorag ulgamlaryny ösdürmäge gönükdirilen 2026–2030-njy ýyllar üçin täze Ýurt maksatnamasynyň mundan beýläk-de durmuşa geçirilmegine goldaw berer.
***
Birleşen Milletler Guramasynyň halkara ösüş boýunça öňdebaryjy agentligi hökmünde BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) garyplygy ýok etmek we deňsizligi azaltmak üçin 170 ýurtda we territoriýada iş alyp barýar. Biz ýurtlara syýasaty işläp düzmäge, liderlik ukyplaryny ösdürmäge, hyzmatdaşlyklary we Durnukly Ösüş Maksatlaryna (SDG) ýetmek üçin institutsional mümkinçilikleri döretmäge kömek edýäris. Biziň işimiz "strategik çözgütlerimiz" diýlip atlandyrylýan alty esasy ösüş ugry boýunça alnyp barylýar: garyplyk we deňsizlik, dolandyryş, durnuklylyk, daşky gurşaw, energetika we gender deňligi. BMGÖM Türkmenistanyň Hökümeti, ösüş hyzmatdaşlary we raýat jemgyýeti guramalary (RJG) bilen hyzmatdaşlykda milli ösüş gün tertibiniň öňe ilerlenmegine goldaw berýär. Global bilimleri, iň gowy tejribeleri, döwrebap tehnologiýalary we innowasion çözgütleri ulanyp, BMGÖM 2030-njy ýyl üçin Durnukly ösüş pudagyndaky gün tertibiniň durmuşa geçirilmegine we Türkmenistanda parahatçylykly, inkluziw we durnukly geljegiň döredilmegine goşant goşýar.