Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişi boýunça ikinji Milli meýletin syny hödürleýär

June 27, 2023

Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişi boýunça ikinji Milli meýletin syny hödürleýär

BMGÖM Türkmenistanda

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyet ministrligi bilen BMG-nyň Ösüş maksatnamasynyň (BMGÖM) arasyndaky „Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin esas (platforma), II tapgyr“ atly bilelikdäki taslamanyň çäklerinde BMGÖM 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynyň Gün tertibinde kabul edilen durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmakda ýurduň gazanan öňegidişligi boýunça ikinji Meýletin milli syny (MMS) taýýarlamaga tehniki taýdan ýardam berdi. Syn DÖM-nyň millileşdirilen, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ýurduň öňünde goýlan wezipelerini durmuşa geçirmekde öňegidişlige berilýän baha bolup durýar.

DÖM-ny durmuşa geçirmek boýunça utgaşdyryjy edara hökmünde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyet ministrliginiň başda durmagynda ýurduň ministrliklerinden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan ybarat bolan döwlet edaralary Syny taýýarlamak boýunça işleri utgaşdyrmagy amala aşyrdylar, bu işe DÖM boýunça Iş toparynyň agzalary we gyzyklanýan taraplar, şol sanda telekeçilik, ylmy institutlar, raýat jemgyýeti we BMG-nyň Türkmenistandaky agentlikleri işjeň gatnaşdylar. Ýurtda DÖM-ny gazanmakda öňegidişlige baha bermek üçin, BMG-nyň ulgamy tarapyndan maslahat berlen 5 maksat, ýagny 6 (Arassa suw we arassaçylyk), 7 (Arzan we arassa energiýa), 9 (Senagatlaşma, innowasiýa we infrastukrtura), 11 (Şäherleriň we ilatly nokatlaryň açyklygy, howpsuzlygy,, ekologik durnuklylyk), 17 (Durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk) ýaly maksatlar bilen bir hatarda, Synda durnukly ösüşiň ýurt üçin ileri tutulýan 1 („Garyplygy ýok etmek), 2 (Açlygy ýok etmek), 3 (Gowy saglyk we abadançylyk), 4 (Gowy hilli bilim), 5 (Gender deňligi) we 13 (Howanyň üýtgemegi bilen göreş) ýaly ýene 6 maksady boýunça çuň seljerme berildi. 

Türkmenistanyň ikinji Meýletin milli syny, häzirki döwrüň wehimlerini we hakyky ýagdaýlary hasaba alanyňda, DÖM-ny durmuşa geçirmegiň täze tapgyry bolup durmak bilen, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş ulgamynyň global Gün tertibini durmuşa geçirmegiň mundan beýläkki ugurlaryny işläp taýýarlamagyň möhümligini görkezdi.

DÖM gazanmak boýunça Türkmenistanyň ikinji Meýletin milli syny birnäçe görkezijiler boýynça tapawutly bolup durýar. Birinjiden, şu Syn BMG tarapyndan maslahat berlen, has nygtalýan maksatlardan başga-da, ýurdy ösdürmegiň möhüm strategik ugurlaryny görkezýän goşmaça alty maksady öz içine alýar: saglygy goraýyş; gowy hilli we hemme zady içine alýan bilim; azyk howpsuzlygy; gender deňligi; adamlaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak; daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi bilen göreşmek. 

Ikinjiden, dünýäniň ähli ýurtlary ýaly, Türkmenistan hem COVID-19 pandemiýasynyň netijelerini başdan geçirdi. Synda Türkmenistanyň COVID-19 pandemiýasyna garşy hereket etmek boýunça milli tejribesi görkezildi, şonuň netijesinde ýurt durnukly ösüşiň täze görkezijilerine geçmegi başardy. 

Üçünjiden, DÖM-nyň netijeli durmuşa geçirilmegini üpjün etmegiň institusional esaslaryny kämilleşdirmek boýunça gazanylan öňegidişlik görkezildi. Şonuň netijesinde sanlylaşdyrmagy, telekeçiligi ösdürmek we häzirki hem-de geljekki nesiller üçin innowasion we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ulanmak üçin amatly şertler döredilýär.

Dördünjiden, DÖM-ny ornaşdyrmak babatynda täze strategik maksatnamalaýyn resminamalara baha bermek geçirildi. Baha bermek DÖM-nyň wezipelerini strategiýalara, maksatnamalara we hereketler meýilnamalaryna goşmagyň ýokary derejesiniň – 85% - saklanyp galýandygyny görkezdi. Şeýlelikde, tamamlanan we täze kabul edilen milli maksatnamalarda DÖM-ny durmuşa geçirmegiň yzygiderliligi üpjün edilýär.

Türkmenistanyň MMS-2023 Ýokary derejeli Syýasy forumyň resmi saýtyndan çap edildi: HLPF website.

Bu Syn 2023-nji ýylyň iýulynda Nýu-Ýork şäherinde durnukly ösüş boýunça Ýokary derejeli syýasy forumda DÖM-nyň ýaş ilçileriniň gatnaşmaşgynda Türkmenistanyň Hökümet wekilýeti tarapyndan hödürlener.