2024-nji ýyla çenli Türkmenistanyň inçekesele garşy göreşmek boýunça Milli maksatnamany maliýeleşdirmegi AIDS-e/Inçekesele/Gyzzyrma garşy göreşmek boýunça Global Gaznanyň goldawyndan çykmagy barada Grant Ylalaşygy

Türkmenistan BSGG-niň Ýewropa sebitiniň inçekesele garşy göreş boýunça iň bir ileri tutulýan ýurtlarynyň birisidir. Soňky ýyllarda Türkmenistanda synlanýan oňaýly üýtgemelere garamazdan (Türkmenistan 2015-nji ýyl bilen deňeşdirilende inçekesel bilen keselçiligi 20% gysgaltmak boýunça 2020-nji ýylyň soňuna strategiki çäge ýetdi), inçekesel (TB) jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynyň meselesi bolmagynda galýar. Derman serişdelerine giňişleýin rezistentlik sebäpli şular ýaly öňegidişligiň depginleri entek haýaldyr.  2018-nji ýylda geçirilen derman serişdelerine rezistentlik boýunça epidemiologiki gözegçilik boýunça barlaglar inçekeseliň täze ýagdaýlarynyň arasynda rifampisine rezistenligiň ýa-da derman serişdelerine  köpsanly durnuklylygyň (RR/MDR-TB) 23% ýagdaýlaryny ýüze çykardy we öňki bejerilen ýagdaýlaryň arasynda - 54% ýagdaýlaryny ýüze çykardy.  Munuň özi 2013-nji ýylda DRS netijeleri bilen deňeşdirilende uly ösüşdir (degişlilikde 13.9% we 37.6%). 2018-nji ýyldaky DRS netijeleri hem ftorhinolonlara (FQ) rezistentligiň 31% derejesinde giň gerimde ýaýrandygyny görkezdi. 2016-njy ýylda MDR-TB näsaglaryň bejergisiniň  üstünlik görkezijisi beýleki ýurtlardaky ýaly pes bolup, 54%-den ybarat boldy (sebit boýunça ortaça - 57%) .

Türkmenistanyň Hökümeti ilatyň saglygyny gowulandyrmak işine düýpli syýasy ygrarlylygy görkezýär. Saglygy goraýyş, şol sanda inçekeseliň öňüni alyş we bejeriş ugurlaryna ýolbaşçylyk we ony dolandyrmak boýunça güýçli ulgam hereket edýär. Türkmenistanyň Hökümeti öň Global Gazna tarapyndan gollanan, inçekesele garşy göreşmek boýunça ileri tutulýan çäreleri has ýygydan öz üstüne alýar. 2017-nji ýyldan başlap Hökümet derman serişdelerine duýgur inçekesel üçin derman üpjünçiligine zerurlyklary 100% ödeýär. Mundan başga-da, 2019-njy ýyldan başlap Hökümet  2021-nji ýyla çenli inçekesele garşy göreş boýunça Milli Maksatnamanyň Durnukly ösüş we doly içki maliýeleşdirmäge geçiş boýunça Milli meýilnamasyna laýyklykda ikinji hatardaky inçekesele garşy derman serişdelerini we derman serişdelerine durnukly inçekeseliň bejergisi üçin reagentlerini maliýeleşdirmegi öz üstüne aldy. 2020-nji ýyl ýagdaýyna görä,  diňe giňişleýin derman serişdelerine durnuklylygy bolan inçekesel (XDR-TB) bilen göreşmek boýunça iň bir çylşyrymly we maksatnama nazaryndan has gymmat çäreler  öňküsi ýaly Global Gazna tarapyndan maliýeleşdirilýär.

Inçekesele garşy Milli göreş 2021-2025-nji ýyllar döwri üçin Türkmenistanda inçekeseliň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça milli maksatnama laýyklykda amala aşyrylar. Maksatnamanyň esasy maksady inçekeseliň ähli görnüşlerini öz wagtynda we ýokary hilli anyklamaklyga we bejermeklige ähliumumy elýeterligi üpjün etmek arkaly Türkmenistanda inçekeseliň jebirli ýüküni peseltmekden ybaratdyr. Inçekesel bilen global göreş strategiýasyna laýyklykda NTP 2025-nji ýyla çenli gazanmaga degişli şu aşakdaky maksatlaýyn görkezijileri anyklady:

·         Inçekeselden ölümçlilik derejesi (türmeleri hasaba almak bilen): 100,000 ilata 5.2

·         Inçekesel bilen keselleýjilik derejesi (türmeleri hasaba almak bilen): 100,000 ilata 35,5

·         MDR-TB bejergisiniň uçdantutma geçirilmegi: 90%

·         MDR-TB bejergisiniň üstünligi: 70%

Inçekesel bilen göreşmek boýunça milli çäreleri gazanmakda, öňki üstünlikleriň durnuklylygyny berkitmekde we Global Gaznanyň goldawyndan çykmagyny tamamlamakda NTP ýardam etmek maksady bilen, Türkmenistan Global Gaznanyň geçiş grantyny durmuşa geçirer.

Taslamanyň maksady 2024-nji ýyla çenli üstünlikli geçirilmegini tamamlamak we hemme wajyp çärelerinde döwlet tarapyndan yzygiderli maliýeleşdirilmegini alyp barmak hem-de 2025-nji ýyla çenli inçekeseli bilen göreşmek Milli maksatnamasynyň durnukly ösmegine ýetmek we öz-özüni üpjün etmek bilen, Türkmenistanda Global Gaznasynyň maýa goýumlarynyň durnuklylygyny berkitmekden ybaratdyr. Taslama iki sany esasy meselelerine gönükdirilýär: 1) Içerki maliýeleşmegine üstünlikli we doly geçilmeginde inçekesele garşy  milli çäreleriniň durnuklylygyny üpjün etmek, we 2) Dermana-durnukly inçekeseli bar bolan adamlarynda öňüni alyş, anyklamak, bejermek we olara ideg etmek hyzmatlaryna umumy elýeterligini üpjün etmek, geçiş döwründe hiç kimi çetde goýman adamlara gönükdirilen strategiki çärelerini durmuşa geçirmek. Global Gazna tarapyndan goşmaça maliýeleşdirmek Türkmenistana 2025-nji ýyla çenli özbaşdak üpjünçilige doly geçmegini tamamlamaga ýardam eder. Geçiş granty 2021-2025-nji ýyllarda Türkmenistanda inçekeseliň öňüni almak we onuň bilen göreşmek boýunça Milli maksatnamanyň 2021-2024-nji ýyllarda inçekesele geçmegiň milli meýilnamasynda ileri tutulýan çärelere gönükdiriler, şeýle hem Global Gazananyň durnukly ösüş, geçiş we bilelikde maliýeleşdirmek syýasatyna laýyklykda amala aşyrylar.

Impact

START DATE

July 2021

END DATE

December 2024

STATUS

Ongoing

PROJECT OFFICE

Turkmenistan

IMPLEMENTING PARTNER

Ministry of Health,Turkmenist

DONORS

The Global Fund to Fight AIDS, Tuberculosis and Malaria

Unspecified

TOTAL CONTRIBUTIONS

$10,375,861

DELIVERY IN PREVIOUS YEARS

2020$0

2021$831,620

2022$2,886,327

2023$3,427,210

2024$287,238

Full Project information