2024-2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan ýokanç kesellere gözegçilik etmek üçin saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak barada Ylalaşyk
Taslama, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine 2024 - 2025-njy ýyllarda ýokanç keselleriniň öňüni almak, anyklamak we bejermek boýunça ýokary hilli saglyk hyzmatlaryny üpjün etmek üçin saglyk önümleri satyn almakda tehniki goldawy berer.
Taslama, AIW, inçekesele we gyzzyrma garşy göreşmek üçin Global gazna tarapyndan maliýeleşdirilýän BMGÖM inçekesel taslamasynyň üstüni ýetirer we 2027-nji ýylyň ahyryna çenli Global gaznanyň inçekesel maksatnamasynyň içerki maliýeleşdirilmä geçmegi, şol sanda tehniki kömegiň berilmegi, mümkinçilikleriň artdyrylmagy, jemgyýetçilik guramalary bilen durmuş taýdan şertnama we inçekesel bilen kesellänlere Türkmenistanda Global Gaznanyň maksatnamasynyň hilini, dowamlylygyny we durnuklylygyny üpjün etmek babatynda goldaw bolup durýar.
BMGÖM “2024-2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan ýokanç kesellere gözegçilik etmek üçin saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak barada Ylalaşyk” taslamasy, fiziki şahslara we jemgyýetlere taslamanyň durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly, islendik belliklerini ýa-da biynjalyklaryny, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arzalara garamak Mehanizminiň üsti bilen aýan etmek mümkinçiligini berýär.
Arzalaryňyz bar bolsa, aşakdaky usullaryň biri bilen iberip bilersiňiz:
1. Elektron ýüzlenme: https://www.saglykhm.gov.tm/en/yuzlenme
2. E-poçta: info@saglykhm.gov.tm
3. Poçta: 20, Arçabil şaýoly, Aşgabat, 744036, Türkmenistan
3. Telefon +993 (12) 40-06-74
4. Faks: +993 (12) 48-92-97