Türkmenistanyň Hökümeti 2021-2025-nji ýyllar üçin adam hukuklary babatynda Milli hereketler meýilnamasyny kabul etdi

April 16, 2021

Aşgabat, 2021-nji ýylyň 16-njy apreli: Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin adam hukuklary babatynda Milli hereketler meýilnamasyny tassyklaýan karara gol çekdi.

Adam hukuklary babatyndaky hereketleriň Milli meýilnamasynyň kabul edilmegi Türkmenistanda adam hukuklaryny we azatlygy üpjün etmegiň, öňe sürmegiň we goramagyň milli ulgamlaryny pugtalandyrmaga, bu ugurda ýurduň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmäge, şeýle hem halkara guramalar bilen ynsanperwer hyzmatdaşlygy ýaýbaňlaşdyrmaga gönükdürilendir.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) we Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty 2020-2021-nji ýyllar aralygynda Adam hukuklary babatynda Milli hereketler meýilnamasyny işläp düzmegiň çäginde adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy ýaly ugurlarda Türkmenistanyň halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara komissiýasy bilen birnäçe tehniki maslahatlary geçirdi.

Milli we BMGÖM-niň halkara hünärmenleri 2016-2020-nji ýyllar üçin Adam hukuklary babatynda Milli hereketler meýilnamasynyň durmuşa geçirilmeginde gazanylan netijeleri seljerdiler we 2021-2025 ýyllar üçin Adam hukuklary babatynda Milli hereketler meýilnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň netijeliligini ölçemek üçin täze meseleleri we görkezijileri kesgitleýän meýilnamanyň netijeleri boýunça Matrisasyny işläp düzdüler.

2021-2025 ýyllar üçin Adam hukuklary babatynda Milli hereketler meýilnamasy milli ministirlikleriň we pudaklaryň, şeýle hem raýat jemgyýeti guramalarynyň, BMG-niň düzümleýin edaralarynyň we beýleki halkara guramalarynyň gatnaşmagynda durmuşa geçiriler.

***

2020-nji ýylyň 11-nji dekabry. BMGÖM-niň Türkmenistandaky wekilhanasy we Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty ýurduň adam hukuklary babatynda halkara borçnamalaryna we Adam hukuklary babatynda Milli hereketler meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegine laýyklykda kanunlary we amallary sazlaşdyrmak arkaly Türkmenistanda adam hukuklaryny goramak, öňe sürmek we durmuşa geçirmek ulgamyny pugtalandyrmaga gönükdürilen “Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Adam hukuklary babatynda Milli hereketler meýilnamasyny durmuşa geçirmäge ýardam etmek” atly bilelikdäki taslama gol çekdiler.