UNDP Turkmenistan

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mümkinçiliklerini artdyrmaga ýardam bermek

Taslamanyň maksatlary

BMGÖM bilen Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň arasyndaky "Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mümkinçiliklerini artdyrmaga ýardam bermek" taslamanyň esasy maksady halkara öňdebaryjy tejribe alyşmak we degişli okuw çärelerini guramak arkaly saýlaw özgertmelerini mundan beýläk hem goldamak we Türkmenistanyň saýlaw toparlarynyň mümkinçiliklerini güýçlendirmekdir.

Taslama, Merkezi saýlaw toparyna (MST) we beýleki milli gyzyklanýan taraplara degişli jyns alamaty boýunça bölünen maglumatly saýlawçylaryň ýeke-täk umumylaşdyrylan sanawyny döretmekde degişli sebit we halkara mysallary hem-de öňdebaryjy tejribe bilen tanyşmakda we öwrenmekde goldaw berer.

Gyzyklanýan taraplaryň has giň toparlygyny çekmek üçin, zenanlaryň syýasy durmuşa gatnaşmagy üçin päsgelçilikler meselesinde saýlawçylary hasaba almak meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin taslama halkara bilermenleriň gatnaşmagynda çäreleriň geçirilmegini meýilleşdirýär.

Taslamanyň çäginde wagtlaýyn ýörite çäreleri (WÝÇ) goşmak bilen, zenanlaryň syýasy durmuşa gatnaşmagyny giňeltmek boýunça degişli mysallaryň we tendensiýalaryň seljermesi geçiriler. Taslama degişli sebit we dünýä mysallarynda WÝÇ boýunça maglumat almak üçin Mejlise, MST we beýleki gyzyklanýan taraplara ýardam berer.

Taslamanyň çäginde hyzmatdaşlygyň möhüm mowzugy bu ugurdaky halkara kadalara we standartlara laýyklykda milli saýlaw kanunçylygyny kämilleşdirmek meseleleri bolar.

Mejlisiň degişli komitetleri MST we beýleki gyzyklanýan taraplar bilen ýakyn geňeşmelerde taslama hereket edýän kanunçylygynyň seljermesini geçirmekde we ony kämilleşdirmek, şol sanda maýyplygy bolan adamlara saýlaw hukugy bilen üpjün etmek boýunça, teklipleri işläp taýýarlamakda ýardam berer.