Energiýatygşytlylyk: Türkmenistanda şäherleriň köçe yşyklandyryş ulgamlaryna täze tehnologiýalar ornaşdyrylýar

April 30, 2021

Aşgabat, 30-njy aprel, 2021-nji ýyl: Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy bilen Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bilelikde ýerine ýetirýän “Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi” atly taslamasynyň çäklerinde “Häzirki zaman köçe yşyklandyryş ulgamlarynda swetodiod çyralary ulanmak” atly onlaýyn okuw maslahaty  geçirildi. Okuw maslahatyna, Türkmenistanyň Energetika minstrliginiň, , “Türkmenenergo” döwlet elektro energetika korporasiýasynyň, Aşgabatenergo önümçilik birleşiginiň, Aşgabat şäheriniň şäher yşyklandyryş müdürliginiň  hünärmenleri, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň (TDEI) mugallymlary we talyplary, TDEI-niň ýanyndaky “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” boýunça ylmy-önümçilik merkeziniň, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM-niň) durnukly şäherler boýunça taslamasynyň hünärmenleri we halkara maslahatçylary gatnaşdylar.

Okuw maslahatynyň maksady gatnaşyjylara Türkmenistanda şäherleriň köçe yşyklandyryş ulgamlaryna häzirki zaman swetodiod çyralary, energiýa tygşytlylyk boýunça innowasiýon tehnologiýalary, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň esasynda işleýän, energiýa taýdan garaşsyz, swetodiod çyralary Türkmenistanyň  howa şertlerinde ulanmagyň mümkinçilikleri barada  maglumat bermekden ybarat boldy.

Çykyşlaryň başynda Energetika ministrliginiň, TDEI-niň we BMGÖM-niň hünärmenleriniň bilelikde taýýarlan we 13.03.2021ý senede, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen “Gaýtadan dilekdilýän energiýa çeşmeleri” hakyndaky Türkmenistanyň täze kanunyny işläp taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işler barada habar berildi. Şeýle hem, BMGÖM-niň goldawy bilen işläp taýýarlanan we 2020-nji ýylyň dekabr aýynyň 4-ne Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan ”Türkmenistanda 2030-nji ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýa” barada jikme-jik gürrüň berildi. Häzirki wagtda, gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça kadalaşdyryjy resminamalary taýýarlamak işleri, gowşamaýan depginde dowam etdirilýär we netije-de , ýurtda gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek üçin ýardam hökmünde, BMGÖM-iň taslamasynyň goldawy arkaly goşmaça 10 sany kadalaşdyryjy hukuk namalary işläp taýýarlamak meýileşdirilýär.

Okuw maslahatynyň dowamynda şäherleriň köçe yşyklandyryş ulgamlaryna häzirki zaman swetodiod çyralary we yşyklandyryş ulgamlaryny dolandyrýan akylly torlary ornaşdyrmakda gazanylan halkara tejribeleri barada tanyşdyryş maglumatlary berildi. Ýokarda agzalan çäreleriň (şäherleriň köçe yşyklandyryş ulgamlaryna häzirki zaman swetodiod çyralaryny we yşyklandyryş ulgamlaryny dolandyrýan akylly torlary ornaşdyrmagyň) netijesinde ykdysady, tehniki, ekologiýa  we sosial taýdan  gazanylýan bähbitler barada giňişleýin maglumatlar berildi. Şeýle-hem okuw maslahatynda çykyş edenler göz öňünde tutulan energiýa tygşytlaýjy çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň, Birleşen Milletler Guramasy  tarapyndan kabul edilen howanyň üýtgemegi hakynda çarçuwaly kowensiýasyndan gelip çykýan, ýurdumyzyň halkara borçnanalaryny BMGÖM-niň ýerine ýetirmäge berýan ýardamy barada giňişleýin maglumatlar berildi.

Şäherleriň köçe yşyklandyryş ulgamlaryna    häzirki zaman swetodiod çyralaryny we yşyklandyryş ulgamlaryny dolandyrýan akylly torlary ornaşdyrmagyň netijelerini mahabatlandyrmak  we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň esasynda işleýän, energiýa taýdan garaşsyz, swetodiod çyralary Türkmenistanyň  howa şertlerinde ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek maksady bilen ýerine ýetirilýän nusgalyk taslama barada maglumatlar berildi.

Şeýle-hem TDEI-niň ýanyndaky “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” boýunça ylmy-önümçilik merkeziniň  düzüminde döredilmegi meýilleşdirilýän okuw we ylmy barlaghanalary barada habar berildi. Bu barlaghanalaryň döredilmegi netijesinde talyplaryň bilimini we tejribesini artdyrmaga  hem-de alymlar üçin ylmy işler bile meşgullanmaga şertler dörediler diýip çykyş ednler belläp geçdiler.

Türkmenistanda energiýanetijelilik boýunça innowasiýon tehnologiýalary elektrikenergetikasy pudagyna ornaşdyrmak hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýany ulanmagy ösdürmek boýunça BMGÖM-niň taslamasynyň amala aşyrýan we meýilleşdirilýän amaly ädimleri şu aşakdaky ugurlardan ybarat:

  • Energiýa tygşytlylyk boýunça innowasiyon tehnologiýalaryny elektrik energiýasy pudagyna ornaşdyrmak maksady bilen, paýtagtymyzyň köçe yşyklandyryş ulgamlarynda, saýlanyp alynan synag meýdançasynda köçe yşyklandyryş ulgamyny dolandyrmak boýunça akylly torlaryny ornaşdyrmak;
  • Häzirki zaman transformatorlary gurnamak we elektrik torlaryny elektrik energiýasynyň täze derejesine geçirmek arkaly Aşgabat şäherine täze birikdirilen ilatly nokatlaryň elektriküpjünçiligi ulgamlarynyň durkuny täzelemek;
  • Häzirki zaman kabel ulgamlaryny gurnamak we köne howa elektrik geçiriji ulgamlary söküp aýyrmak;
  • Aşgabadyň myhmanhana toplumynda energiýanyň sarp edilişini barlamak we energiýa tygşytlylyk boýunça tehnologiýalaryny girizmek;
  • TDEI-niň “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” atly ylmy-önümçilik merkeziniň meýdançasynda gün energiýasy arkaly işleýän energiýa-garaşsyz swetodiod çyralaryny gurnamak;
  • TDEI-niň meýdançasynda döwrebap swetodiod çyralary gurnamak we şol yşyklandyryş ulgamyny dolandyrmak boýunça akylly toryny ornaşdyrmak;
  • Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek we energiýa tygşytlylyk boýunça innowasiýon tehnologiýalaryny elektrik energiýasy ulgamyna girizmek boýunça talyplaryň amaly tejribesini kämilleşdirmek we tejribe işlerini geçirmeklik üçin TDEI-de okuw barlaghanany döretemeklige ýardam bermek;
  • TDEI-niň ýanyndaky “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” boýunça ylmy-önümçilik merkeziniň  düzüminde ylmy barlaghanalary döretmek we bu barlaghanalarda alymlar üçin ylmy işler bilen meşgullanmaga şertler döredip, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň esasynda işleýän, energiýa taýdan garaşsyz, swetodiod çyralary Türkmenistanyň  howa şertlerinde ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek.