BMGÖM we Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti ösen suwaryş usullaryny ara alyp maslahatlaşýarlar

September 17, 2020

Aşgabat, 2020-nji ýylyň 17-nji sentýabry: Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) we Türkmenistanyň Suw baýlyklary baradaky Döwlet komitetiniň bilelikdäki taslamasy tarapyndan gurnalan suwarymly ekerançylygynda suw tygşytlaýjy tehnologiýalary boýunça onlaýn-okuwuna suw hem oba hojalygynyň we oba hojalygy ugrundaky telekeçiliginiň 20-ä golaý wekilleri gatnaşdylar. Taslama Global Ekologiki Guramasy (GEF) tarapyndan maliýeleşdirilýär. Onlaýn seminar Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän "Türkmenistanda mundan beýläk-de durnukly oba hojalygyny we oba hojalyk sebitleriniň ösüşini goldamak - SARD III" atly taslamasynyň goldamagynda geçirildi.

Bu okuwa Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň, Türkmen döwlet oba hojalyk uniwersitetiniň we Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar. Okuwyň maksady, 2017-nji ýyldan bäri taslamanyň çäginde Geokdepe etrabyndaky 145 gektar barlag meýdanynda suwaryş babatynda geçirilen barlaglaryň netijeleriniň tejrebesini alyşmakdan ybaratdyr.

Taslamanyň sekiz hünärmeni, şol sanda “Türkmensuwylymtaslama” institutynyň we Oba hojalyk uniwersitetiniň hünärmenleri, barlaglaryň netijelerini beýan etmek üçin Geokdepeden göni ýaýlymda çykyş etdiler.

“Soňky 2 ýylda taslamanyň hünärmenleri, “Türkmensuwylymtaslama” ylmy-barlag institutynyň hünärmenleri, Türkmen döwlet oba hojalyk uniwersitetiniň talyplary we mugallymlary bilen bilelikde gowaça, bugdaý we gök önümleri ösdürip ýetişdirmek üçin dürli suwaryş usullaryny synagdan geçirdiler. Taslama suw we energiýa tygşytlaýyş tehnologiýalarynyň ekinleriň hasylygyny artdyryp biljekdigini subut etdi. Bu, esasan hem suw ýetmezçiligine öwrülýän oba hojalygynyň köp sebitlerinde, Türkmenistanyň häzirki howa şertlerinde möhümdir"- diýip BMGÖM/GEF taslamasynyň hünärmeni Akmyrat Ýazhanow belledi.

Taslamanyň çäginde Geokdepedäki barlag meýdançasynda zerur infrastruktura döredildi. Türkmen döwlet oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlarynyň we okuwçylarynyň, şeýle hem çagyrylan bilermenleriň tejribesi damjalaýyn suwaryş ulgamy her gektardan 6 tonna pagtany ýygnamaga mümkinçilik berýändigini, adaty ekin suwaryşlary bolsa gektardan 2 tonna ýygnamaga mümkinçilik berýändigini görkezdi. Hasyly ýokarlandyrýan şuňa meňzeş netijeler mekgejöwen, badam we bugdaý ösdürip ýetişdirilende gazanyldy. Mundan başga, suwaryşyň suw we energiýa tygşytlaýyş tehnologiýalarynyň ýerasty suwlaryň ýokarlanmagynyň we topragyň ikilenç şorlaşmagynyň öňüni alýandygyny taslama subut etdi.

Suwarymly ekerançylykda esaslandyrylan çözgütleri kabul etmeklige kömek etmek üçin, taslamanyň netijeleri akademiýa we işewür toparlarynda giňden ýaýradylýar.

***

“Energiýa serişdelerini netijeli ulanmak we  Türkmenistanyň suw hojalygyny durnukly dolandyrmak üçin täzeden döredilýän energiýa çeşmeleri” taslamasy dürli ugurlarda köp sanly peýdany gazanmak maksady bilen, toplumlaýyn çäreler arkaly suw serişdelerini dolandyrmagyň, energiýany sarp etmegiň, ýerleriň zaýalanmagynyň (topragyň şorlaşmagynyň) we oba hojalyk önümçiliginiň meselelerini çözýär.