BMGÖM we Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty adam hukuklary çygrynda hyzmatdaşlygy berkitdiler

October 2, 2020

Aşgabat, 2.10.2020: Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) we Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň arasynda “2016-2020 ýyllar üçin Türkmenistanda adam hukuklary çygrynda hereketleriň Milli meýilnamasyny ýerine ýetirmekde ýardam bermek” atly bilelikdäki taslamanyň çäginde ýyllyk Iş meýilinamasynyň gol çekmek dabarasy geçdi.

«Biziň köpýyllyk hyzmatdaşlyk gatnaşyklarymyz Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň adam hukuklary boýunça ähli gurallarynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň giňelmegine, milli kanunçylygyň halkara ölçeglerine laýyklykda getirilmegine, Adam hukuklary barada birinji iş meýilnamanyň kabul edilmegine we ýerine ýetirilmegine ýardam etdi. Geljekde biziň has-da oňyn meýilnamalarymyz bar we biz Türkmenistanyň halkynyň bähbidine gönükdirilen hyzmatdaşlygyň dowam edilmegine umyt edýäris» diýip, BMGÖM-niň Hemişelik Wekiliniň ýerine ýetirijisi hanum Natia Naswlişwili belledi.

Iş meýilnamasy Adam hukuklary babatynda milli meýylnamasynyň ýerine ýetirilişine baha berilmegine, BMG-niň gynamalara garşy Konwensiýasy boýunça milli döwürleýin hasabaty, Umumy binýatlyk resminamany  taýarlamakda we  täze Adam hukuklary barada milli meýylnamasyny işläp taýarlamakda tehniki ýardam berilmegine gönükdirilen çäreleri  öz içine alýar.

BMGÖM we Döwlet, hukuk we demokratiýa Institutynyň arasyndaky bilelikdäki taslamanyň esasy maksady – döwletiň adam hukuklary barada halkara şertnamalaryndan gelip çykýan borçnamalaryndan,  2016-2020 ýyllar üçin Adam hukuklary barada milli meýylnamasyny ýerine ýetirilmeginden Türkmenistanda  kanunlaryň, syýasatyň, tejribäniň  sazlaşygy arkaly adam hukuklarynyň goralmagynyň, geçirilmeginiň we ýerine ýetirilişiniň berkidilmegidir.

Agzalan taslamanyň çäginde BMGÖM Türkmenistanyň Hökümetine  2016-2020 ýyllar üçin adam hukuklary babatynda hereketleriň  meýylnamasynyň ýerine ýetirilmeginde we  täze 2021-2025 ýyllar üçin hereketleriň meýilnamasyny işläp taýarlamakda ýardam berýär.

Türkmenistanyň Hökümeti 2020-nji ýylda täze  Adam hukuklary babatynda milli meýylnamasynyň kabul edilmegini meýilleşdirýär, munuň özi bolsa demokratik özgertmeleriň durnuklygynyň esasy bolup hyzmat eder we Türkmenistan tarapyndan  adam hukuklaryny höweslendirmek we parahat jemgyýetini gurmak barada  BMG-niň Tertipnamasynyň ykrar edýändiginiň tassyknamasydyr.