BMGÖM Turkmenistanda "ýaşyl" gurluşygyň ösüş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak barada iş maslahatyny geçirýär

April 6, 2023

BMGÖM Turkmenistanda "ýaşyl" gurluşygyň ösüş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak barada iş maslahatyny geçirýär

BMGÖM Türkmenistanda

Aşgabat, 2023-nji ýylyň 6-njy apreli: BMGÖM-niň we Turkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak Ministirligi bilen bilelikde ýerine ýetirilýän “Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösüdürilişi” atly taslamanyň çäklerinde, Turkmenistanyň ministrlikleriniň we dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmaklarynda “Ýaşyl” gurluşygy ösdürmegiň esasy ugurlaryny we Türkmenistanyň şäherleriniň durnukly ösüş ýörelgelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin iş maslahaty geçirildi.

Iş maslahatyň dowamynda, BMGÖM-niň taslamasynyň çäklerinde, taslamanyň  halkara geňeşçileriniň  gatnaşmagynda, Türkmenistanda ilkinji gezek taýýarlanylan myhmanhana binalarynyň “ýaşyl” standartynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu kadalaşdyryjy resminama, Türkmenistandaky myhmanhanalaryň we myhmanhana toplumlarynyň binalarynda ýaşamak üçin amatly we ekologiýa taýdan arassa şertleri döretmek maksady bilen taýýarlanyldy. Täze standart, Türkmenistandaky myhmanhana binalaryna we myhmanhana toplumlaryna, tebigaty goramagyň “ýaşyl” görkezijilerine laýyklykda baha bermek maksady bilen mukdar we hil aýratynlyklaryny girizýär, hemde binalaryň gurulýan we ulanylýan döwründe tebigata ýetirýän täsirini  öz içine alýar. Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar Türkmenistanda “ýaşyl” gurluşygyň ösüşiniň mümkin ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

"Ýaşyl" standart, ýurdumyzyň arhitektorlaryna, taslamalary taýýarlaýan hünärmenlere we gurluşyk kompaniýalaryna, gurluşygyň tehniki buýrujylaryna, dolandyryjy we binalary ulanyjy edara-kärhanalara, gurluşyk materiallaryny we enjamlaryny öndürijilere, binalaryň şu standartyň talaplaryna laýykdygyny seljemek we baha bermek bilen meşgulanýan hünärmenlere önümçilikde ulanmak üçin niýetlenendir.

Standartyň düzümi "ýaşyl" myhmanhana binalarynyň we myhmanhana toplumlarynyň taslamasyny taýýarlamak, gurmak, ulanmak üçin “hökmany” we “meýletin” «ýaşyl" görkezijileri öz içine alýar. Hökmany görkezijileriň berjaý edilmegi, myhmanhana binalarynyň  "ýaşyl" diýlip ykrar edilmegi üçin zerurdyr. Myhmanhananyň binasynyň taslamasynyň hem-de gurluşygy tamamlanan myhmanhana binasynyň tehniki görkezijileriniň "ýaşyl" standartyň görkezijilerine (“bürünç”, “kümüş”, “altyn” ýa-da “platina”) laýyk  gelmegi bu binanyň ekologiýa taýdan “ýaşyl” taslama diýip atlandyrylmagyna esas bolýar.

Myhmanhana binalarynyň we myhmanhana toplumlarynyň,  ekologiýa taýdan “ýaşyl” taslama laýyklyk derejesi, öňdebaryjy halkara tejribesiniň (BREEAM, LEED, DGNB,) hem-de halkara ýaşyl standartlarynyň (Green Key, Green Zoom, RUSO)  esasynda 10 sany görkezijiniň esasynda kesgitlenilýär:

• Arhitektura we binalaryň daş-töweregini meýilleşdirmek

• Gurluşygy gurnamak we dolandyrmak

• Gurluşyk we boýag materiallarynyň tebigaty goramak görkazijilerine laýyk gelmegi.

• Binalaryň we enjamlaryň energiýatygşytlylyk görkezijilerine laýyk gelmegi.

• Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň hasabyna energiýa üpjünçiligi we daşky gurşawa zyňylýan parnik gazlarynyň mukdarynyň azaldylmagy 

• Suwy tygşytly ulanmak

• Suwuk we organiki galyndylary gaýtadan ulanmak

• Daş-töweregi abadanlaşdyrmak we ýaşyl zolagy döretmek

• Binanyň howpsuz ulanylmagyny berjaý etmek

• Myhmanlaryň rahat we oňaýly ýaşamagyny üpjün etmek

Myhmanhana pudagynda ýaşyl standartyň girizilmegi, Türkmenistanyň myhmanhana pudagynyň binalarynda energiýanyň tygşytly sarp edilmegine we netije-de ykdysady taýdan peýda gazanylmagyna mümkinçilik berer.