BMGÖM milli uýgunlaşma meýilnamalaşdyryş işine hususy pudagy çekýär

December 2, 2022

BMGÖM milli uýgunlaşma meýilnamalaşdyryş işine hususy pudagy çekýär

BMGÖM Türkmenistanda

Aşgabat, 2022-nji ýylyň 1-nji dekabry: Ýaşyl Klimatik Gaznanyň maliýe taýdan goldaw bermeginde, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen hyzmatdaşlykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň ýerine ýetirýän “Türkmenistanda Uýgunlaşmagyň meýilnamalaşdyrylyşynyň milli prosesiniň ösüşi” atly taslamasynyň çäklerinde Hökümetiň, hususy pudagyň we raýat jemgyýetiniň wekilleriniň arasynda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça ilkinji çärýekleýin gepleşigi geçirildi.

Howanyň üýtgemegi ýakyn onýyllyklarda ykdysadyýet we jemgyýetler üçin iň uly kynçylyklaryň biriniň bolmagyna garaşylýar we onuň täsirlerine uýgunlaşmak adamyň abadançylygy üçin möhüm ähmiýete eýe bolar. Üýtgeýän klimata uýgunlaşmak diňe hökümetiň jogapkärçiligi däldir. Munuň üçin ýerli häkimýetler, ösüş hyzmatdaşlary we raýat jemgyýeti ýaly köpsanly gyzyklanýan taraplaryň utgaşdyrylan çäreleri talap edilýär. Iş ýerleri, maglumatlar, maliýeleşdirme, harytlar we hyzmatlar bilen üpjün etmek, şeýle hem innowasiýa boýunça öňdebaryjy hökmünde hususy sektoryň subýektleri MUM-yň işiniň aýrylmaz bölegi hökmünde garalýar.

MUM-yň işiniň möhüm elementi gender we durmuş deňsizligiň öňüni almakdyr, şonuň üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Bileleşiginiň düzümine girýän kärhanalara uýgunlaşma çäreleri işlenip düzülende gender taýdan gönükdirilen çemeleşmäni ulanmak maslahat berilýär.

Bu seminarda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak bilen bagly Türkmenistanyň hukuk binady, suw dolandyryş meseleleriniň sanly ýer kadastruna girizilmegi, suw gorlaryny durnukly dolandyrmagyň milli syýasaty, oba hojalygynda uzakdan spektral gözegçiligi boýunça akademiki barlaglary ýaly birnäçe möhüm mowzuga degildi. Gatnaşýan hususy kompaniýalar suw gorlaryny dolandyrymak we ýurduň howa şertlerine uýgunlaşdyrylan düýe ýüň önümlerini öndürmekde adaty ýerli bilimleri ulanmak boýunça öňdebaryjy tejribäni paýlaşdylar.