BMGÖM howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagy meýilnamalaşdyrýan milli hünärmenleriň bilim derejesini artdyrýar

December 14, 2022

BMGÖM howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagy meýilnamalaşdyrýan milli hünärmenleriň bilim derejesini artdyrýar

BMGÖM Türkmenistanda

Türkmenabat, 2022-nji ýylyň 7-9-njy dekabry: Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen hyzmatdaşlykda,  Ýaşyl Howa Gaznasynyň (ÝHG) maliýe goldawy esasynda ýerine ýetirýän “Türkmenistanda uýgunlaşmagyň meýilnamalaşdyrylşynyň milli prosesiniň ösüşi”atly taslamasynyň çäginde, Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugynyň hünärmenleri üçin gidrometriki enjamlary ulanmak boýunça amaly seminary geçirdi.

Aşgabat şäheriniň we Lebap, Mary, Balkan welaýatlarynyň gidrometrleri Türkmenabat şäherine teoretiki we amaly okuwlary geçirmek üçin ýygnandylar. Germaniýanyň OTT Hydromet GmbH kompaniýasynyň halkara bilermeni jenap Li Gardner gatnaşyjylary iri we kiçi derýalaryň akym tizligini we suw mukdaryny ölçemek üçin gurallaryň işleýşi bilen tanyşdyrdy. Sapaklar Amy derýadan gözbaşyny alýan Lebap welaýatynyň Çarjew we Dänew etraplaryny suw bilen üpjün edýän suwaryş akabasynda geçirildi. Okuwyň bir bölegi, ölçenip alnan maglumatlary OTT QReview programma üpjünçiliginiň kömegi bilen gaýtadan işlenmegine bagyşlandy. Bu döwrebap gidrologiki gurallaryň işe girizilmegi has takyk maglumatlary almaga goşant goşar we türkmen gidrometrleriniň gündelik işini ýeňilleşdirer. Mundan başga-da, elektron (sanly) formatda maglumatlary ýygnamagy we arhiwlerde saklamagy aňsatlaşdyrar.

MUM taslamasy, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagy meýilnamalaşdyrýan milli hünärmenleriň bilim derejesini artdyrmaga gönükdirilen. Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagyndaky gidrometeorologiýa gullugy, howanyň üýtgemegine gowşak bolan oba we suw hojalygy ýaly milli ykdysadyýetiň örän möhüm pudaklarynynda uýgunlaşma çäreleriniň meýilleşdirilmegini goldaýan esasy guramadyr.