BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekiliniň “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagyna iş sapary

June 6, 2023

BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekiliniň “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagyna iş sapary

BMGÖM Türkmenistanda

Awaza, 2023-nji ýylyň 2-3-nji iýuny: BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan Global ekologiýa gaznasy (GEF) we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy tarapyndan maliýeleşdirilýän hem-de Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bilelikde durmuşa geçirilýän “Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi” taslamasynyň çäklerinde 2023-nji ýylyň 2-3-nji iýuny aralygynda Balkan welaýatyndaky “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagyna iki günlük iş saparyny amala aşyrdy. 

Iş saparynyň birinji gününde hanym Saakýan agzalan taslamanyň durmuşa geçirilişi babatyndaky meseleleri hem-de ýurdy ösdürmegiň we Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegini tizleşdirmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenbaşy şäheriniň häkimi jenap Amangeldi Isaýew hem-de şäher häkimliginiň beýleki wekilleri bilen duşuşdy.

Duşuşykdan soň hanym Saakýan: “Biz duşuşygyň barşynda şäherleriň durnukly dolandyrylyşyny ösdürmek we klimatyň üýtgemegine durnuklylygy ýokarlandyrmak boýunça toplumlaýyn çözgütleri işläp taýýarlamaklyga ýardam berýän strategiýalary ornaşdyrmak bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşdyk. Biz ýerli häkimýet tarapyndan bu babatda berilýän ýardama ýokary baha berýäris hem-de ýurtda şäherleri durnukly ösdürmekde we “ýaşyl” şäherleriň ösdürilmegini dowam etdirmekde ýardam bermek üçin milli we halkara hyzmatdaşlarymyz bilen, şeýle hem sebitiň ýaşaýjylary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygymyzy dowam etdireris.” - diýip belledi.

2-nji iýunda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili “Hasyl” synag myhmanhanasyna baryp, şol ýerde energiýany, şol sanda energiýa taýdan netijeli we suwy tygşytlaýjy innowasion tehnologiýalardan peýdalanyp tygşytlamagyň tejribesini ornaşdyrmak, howanyň hiline gözegçilik etmegiň usullaryny we Awazada durnukly syýahatçylygyň infrastrukturasyny ösdürmek üçin gaty ýaşyl galyndylary dolandyrmagyň usullaryny ornaşdyrmak boýunça BMG-niň taslamasynyň netijeleri bilen tanyşdy.

Hanym Saakýan Awazada öz görnüşinde ilkinji bolan hem-de parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azalmak we klimatyň üýtgemeginiň zyýanly netijelerini aradan aýyrmak üçin gün energiýasynyň we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleriniň ulanylyşyny tizleşdirmäge mümkinçilik berjek kuwwaty 370 kWt gün elektrik stansiýasyny açdy. 29 sany gün panelinden ybarat bolan gün elektrik stansiýasynyň ýylda bughana gazlarynyň zyňyndylaryny CO2 ekwiwalentinde 104 tonna çenli azaltmaga mümkinçilik berjekdigine garaşylýar.

Hanym Saakýan we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekiliniň orunbasary jenap Tomisa Paowiç myhmanhana pudagynda energiýa taýdan netijeliligi ýola goýmak we Awazada energiýany tygşytlaýan köçe yşyklandyrmasyny ornaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Türkmenbaşy şäheriniň we Awaza etrabynyň häkimlikleriniň wekilleri üçin, şeýle-de “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynyň myhmanhanalar toplumynyň ýolbaşçylygynyň wekilleri üçin “Hasyl” myhmanhanasynda geçirilen iş duşuşygyna hem gatnaşdylar.

Jenap Paowiç: “Ekologiýa taýdan amatly synag myhmanhanalaryny döretmek bilen, biz syýahatçylyk infrastrukturasynyň ösdürilmegi üçin şeýle tejribeleriň artykmaçlyklaryndan peýdalanyp boljakdygyna ynanýarys. Türkmenistanda “ýaşyl” myhmanhana standartlarynyň ornaşdyrylmagy Klimat baradaky Pariž ylalaşygynyň çäklerinde ýurduň Milli derejede kesgitlenilýän goşantlarynyň mundan beýläk hem durmuşa geçirilmegine ýardam berer.” - diýip belledi.

Synag taslamasynyň durmuşa geçirilýän sebitine iş saparynyň ikinji gününde, BMG-niň wekiliýeti Büdindünýä welosiped güni mynasybetli “Daýanç” Çagalar sagaldyş merkezinden çagalar üçin welosiped duralgasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. BMG-niň Ösüş Maksatnamasy adamyň galdyrýan uglerodly yzyny azaltmaga we, şeýlelik bilen, klimatyň üýtgemegine garşy göreşi güýçlendirmäge mümkinçilik berýän arassa, elýeterli, ekologiýa taýdan arassa we durnukly ulag serişdeleri bolan 14 sany welosipedi gowşurdy.

Hanym Saakýan we jenap Paowiç “Daýanç” çagalar dynç alyş merkezinde 5-nji iýunda #BeatPlasticPollution atly global çäräniň çäklerinde bellenilýän Bütindünýä Daşky gurşaw gününiň öňüsyrasynda çagalar üçin guralan bilim beriş sessiýasyna hem gatnaşdylar. Bu çäre ekologiýa taýdan düşünjeliligi ýokarlandyrmaklyga we ösüp gelýän ýaş nesliň klimatyň üýgemegi bilen bagly meselelere gyzyklanmasyny artdyrmaklyga, şeýle-de galyndylaryň üstünde işlemegiň usullary babatyndaky özüňi alyp baryşy üýtgetmeklige hem-de önümleri oýlanyşykly we jogapkärli sarp etmek boýunça pikirleri öňe sürmeklige gönükdirilen. Bu çäre çagalara öz pikirlerini beýan etmäge we olaryň planetany halas etmekde özleriniň möhüm şahsy goşantlaryny goşmagynyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi.

 Hanym Saakýan: “Büdindünýä Daşky gurşaw güni daşky gurşawy goramak babatyndaky ähliumumy habarlylygy ýokarlandyrmak we adamlary degişli hereketleri etmäge höweslendirmek maksady bilen bütin dünýäde millionlarça adamlar tarapyndan bellenilýär. Munuň özi biziň tebigaty gorap saklamaklyga we 2030-njy ýyla çenli döwürde durnukly ösüş babatyndaky Gün tertibini öňe sürmeklige ygrarlylygymyzy tassyklamaga nobatdaky mümkinçilikdir. BMG-niň Ösüş maksatnamasy, ýaşlara klimatik çökgünligiň adamyň saglygyna we ekologiýa ulgamyna ýetirýän zyýanly täsirine düşünmäge mümkinçilik bermek üçin hem-de ýaş nesliň klimatyň üýtgemegine garşy göreşmekde esasy hyzmatdaş bolup çykyş edýändigini nygtamak üçin, bilim we ekologiýa çäreleriniň üsti bilen adamlaryň klimatik çökgünlik barada habarlylygyny ýokarlandyrýar”, - diýip belledi.