Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy “Altyn damja” Çaga sagaldyş merkezinde dynç alýan çagalaryň ekologiýa barada bilimini artdyrýar

June 2, 2021

Aşgabat, 2021-nji ýylyň 2-nji iýuny - Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky  Wekilhanasy, Birleşen Milletler Guramasynyň beýleki agentlikleri bilen bilelikde Gökderede ýerleşýän “Altyn damja” Çaga sagaldyş merkezinde  dynç alýan çagalar üçin, ekologiýa meselelerine bagyşlanan okuw çärelerini geçirdiler.

Bu okuw çäreleri, Birleşen Milletler Guramasynyň, 2021-nji ýylyň 14-nji maýynda Bütin dünýä daşky gurşawy goramak gününe bagyşlanyp, öňe süren jemgyýetçilik çäreleriniň çäginde geçirildi. Okuw çäreleriniň guramaçysy bolup, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň/Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bileleikde ýerine ýetirýän “Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi” atly taslamasy çykyş etdi  we  Birleşen Milletler Guramasynyň beýleki agentlikleri, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýeti hem-de Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ýaş ilçileri bilen hyzmatdaşlykda amala aşyryldy.

Geçirilen çäreleriň dowamynda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň hünärmenleri tarapyndan çagalarda daşky gurşawy, suw serişdelerini, haýwanlary we ösümlikleri goramak barada duýgy döretmek hem-de tebigata aýawly çemeleşmek barada düşündiriş işleri geçirildi. Şonuň ýaly-da tebigata zyňylýan galyndylary azaltmak we dolandyrmak, tebigy baýlyklary rejeli ulanmak barada düşündiriş, maslahat beriş işleri geçirildi.

Arassa howada geçirilen okuw sapaklary, bu okuw çäreleriniň esasyny düzdi. Okuw sapaklarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň hünärmenleri, şadyýan oýunlaryň kömegi bilen çagalara plastik gutularyndan emele gelýän galyndylaryň biziň planetamyzy hapalaýandygy we adamlaryň saglygyna zyýan ýetirýändigi barada gyzykly gürrüň berdiler. Mundan başga-da sport oýunlary we bäsleşikleri geçirildi. Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ýaş ilçileri tarapyndan çagalaryň ekologiýa barada bilimini artdyrmak hem-de tebigaty goramak meselelerine bagyşlanyp geçirilen şadyýan oýunlary juda gyzykly boldy.

“Biz gyzykly oýunlaryň kömegi bilen, plastik gutularyň galyndylarynyň ýer şaryna we adamlaryň saglygyna nähili zyýan ýetirýändigini çagalara düşündirdik we daşky gurşawy goramagyň zerurlygy, bu işe biziň her birimiziň öz goşandymyzy goşmalydymyz barada çagalara düşündiriş, işlerini geçirdik”  diýip, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň  “Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi” atly taslamasynyň hünärmeni Jemal Durdykowa Gökderede geçirilen okuw çäreleriniň netijeleri barada habar berdi.

Geçirilen okuw çäreleriniň netijesinde, galyndylaryň mukdaryny azaltmak, dolandyrmak we gaýtadan ulanmak barada çagalaryň bilimini artdyrmaga hem-de interakriw söhbetdeşlikleriň geçirilmegi netijesinde çagalaryň tebigaty goramak, tebigy baýlyklery rejeli peýdalanmak bilen bagly meseleler boýunça düşünjesini ýokarlandyrmaga mümkinçilikler döredildi.

Okuw çäreleriniň geçirilmeginden öň, 31-nji maýda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň  hünärmenleri Birleşen Milletler Guramasynyň merkezi binasynda Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ýaş ilçileriniň, bilimini artdyrmak maksady bilen gurnalan okuw maslahatyna gatnaşdylar, bu bolsa ýaş meýletinçileriň ekologiýa medeniýeti barada bilimini artdyrmaga mümkinçilik döretdi we Gökderede ýerleşýän “Altyn damja” Çaga sagaldyş merkezinde  dynç alýan çagalar üçin, ekologiýa meselelerine bagyşlanan okuw çäreleriň şadyýan we netijeli geçirilmegine ýardam berdi.

Şeýle-hem, 31-nji maýda, Aşgabat şäherinde, Bütindünýä daşky gurşawy goramak çäreleriniň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň  “Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi” atly taslamasy tarapyndan, Birleşen Milletler Guramasynyň beýleki agentlikleri bilen bilelikde, köpçilikleýin bag ekmek çäreleri geçirildi. Bu ekologiýa çäreleri, biziň tebigat bilen baglanyşygymyzy we biziň planeta bilen baglanyşygymyzy açyk görkezdi we bu barada oýlanmagyň zerurlygy barada ýatlatdy.  

“Bütindüýä daşky gurşawy goramak gününe bagyşlanyp geçirilýän, bag ekmek çäresine gatnaşýandygyma, men juda begenýärin. Şu gün biz bag ekip, baglara ideg edip, suw tygşytlaýjy, damjalaýyn suwaryş ulgamlaryny ulanyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň  ileri tutýan ekologiýa çärelerine özümiziň şahsy goşandymyzy goşmaga mümkinçilik döredildi”- diýip  Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň  Türkmenistandaky Wekilhanasynyň ýolbaşçysy hanym Natia Naswlişwili uly guwanç bilen belläp geçdi.

***

Bütindüýä daşky gurşawy goramak güni her ýylyň 5-nji iýunynda geçirilýär. Bu Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ileri tutulýan günde, ekologiýa meseleleri barada dünýä jemgyýetiniň habarlylygyny ýokarlandyrmak we daşky gurşawy goramak barada hereketleri berkitmek boýunça Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan uly mümkinçilikler döredilýär.  Bu ýyl Bütindüýä daşky gurşawy goramak güni ekoulgamy dikeltmek we biziň tebigat bilen özara gatnaşyklarymyzy gowulandyrmak meselelerine bagyşlanýar.

Şeýle-hem şu ýyl, 2021-2030 ýyllar aralygy döwür üçin ekoulgamy dikeltmegiň On ýyllygyna badalga berilýändygy bilen tapawutlanýar. 2021-2030 ýyllar aralygy döwür üçin ekoulgamy dikeltmegiň On ýyllygynyň esasy maksatlary, ýerleriň şorlaşmagyny azaltmak, ekoulgamy dikeltmek, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, biodürliligiň millionlarçasynyň ýitip gitmeginiň öňüni almak bolup durýar.  

Bütindüýä daşky gurşawy goramak güni —  bu biziň tebigaty goramak barada jogapkärçilimize akyl ýetirmek, biziň daşky gurşawy goramak meselelerine yhlas etjekdigimizi tassyklamak hem-de  2030-njy ýyla çenli Durnukly Ösüşiň Gün tertibine  laýyklykda öňe hereket  etmek üçin  mümkinçilikdir.