Page content

BMGÖM Türkmenistanda

GENDER DEŇLIGINI GAZANMAK

BMGÖM - esasy adam hukuklarynyň biri we dünýäniň durnukly bolmagyny üpjün etmek üçin zerur esas bolan gender deňligini gazanmagy maksat edinýär. Aýallaryň hukuklaryny öňe sürmek we mümkinçiliklerini giňeltmek, hem-de gender deňligi, “adam hukuklaryna we adam mertebesine hormat goýjak”, "her bir aýalyň we gyzyň gender taýdan deň hukuklylykdan peýdalanyp biljek”, şeýle hem her bir aýalyň we gyzyň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin hukuk, durmuş we ykdysady päsgelçilikleriň ýok bolan dünýäni göz öňünde tutýan Durnukly ösüş ugrunda  2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmek üçin möhümdir.

Aýallaryň ýere we emläge, jynsy we reproduktiw saglyga, şeýle hem tehnologiýalara we internet ulgamyna deň hukukly bolmagy möhümdir. Häzirki wagtda döwlet edaralarynda işleýän aýallar öňküden köpeldi, ýöne gender deňligini köp aýal ýolbaşçylary höweslendirmek bilen gazanyp bolar.

Giňişleýin okaň https://www.un.org/sustainabledevelopment/gender-equality/

Gender deňligini gazanmak üçin BMGÖM-niň teklipleri: özgerişikleriň ugrunda

BMGÖM ähli maksatnamalarynda ösüş boýunça milli ileri tutulýan ugurlara esaslanyp, üç ugur boýunça işini alyp barýar. Üçüsi hem biri-birini güýçlendirýär we gender deňligini gazanmak üçin esas bolup hyzmat edýär.

BMGÖM-niň 2022-2025 ýyllar üçin gender deňligi babatynda strategiýasy

BMGÖM

Gurluş taýdan özgerişikler. BMGÖM ösüşi kesgitleýän esasy ulgamlary we hökümetiň gurluşyny özgertmek üçin ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk eder. Ösüş babatyndaky meseleleriň çözgüdini tapmak üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmak, şeýle-de çylşyrymly meselelere degişli soraglary bermek we agyr söhbetdeşlikleri geçirmek gender deňliginiň we inklýuziýanyň esasynda ösüşi gazanmaga ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, BMGÖM guramaçy we hyzmatlar, hem-de maksatnamalar bilen üpjün ediji bolup çykyş edip biler.

“Hiç kiminiň ünsden düşmezligini” üpjün etmek ýörelgesi hökümetleriň “ilki bilen ünsden düşenlere üns bermek” islegine jogapdyr, şeýle hem ol adam hukuklaryna, deňlik we diskriminasiýa ýörelgelerine esaslanýar. Bu strategiýa, mahrumlygyň, oňaýsyz ýagdaýyň we diskriminasiýanyň köp we kesişýän görnüşleriniň çözgüdini tapmaga ünsi jemleýär. Mysal üçin, jyns esasynda aýal-gyzlary kemsitmek tire-taýpa, millet, din ýa-da ynanç, saglyk, status, ýaş, dereje, kasta, jyns ugry we şahsyýet ýaly faktorlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr [1]. Beýleki faktorlar şäherleşme, migrasiýa we göçmek, tebigy betbagtçylyklar we ýaragly çaknyşyklardyr.

Ýurtlara dürli töwekgelçilikleriň we krizisleriň öňüni almak, azaltmak we olara garşy göreşmek üçin mümkinçilikleri ösdürmäge ýardam etmek arkaly çydamlylygy ýokarlandyrmak. Bu, deň şertlerde we doly derejede, şol sanda karar bermek meselesine aýal-gyzlaryň gatnaşmagyna hem baglydyr. BMGÖM gurluş taýdan päsgelçilikleri azaltmak we şahsyýetleriň mümkinçiliklerini giňeltmek arkaly gender deňligi meselesini, durnuklylygy ýokarlandyrmak üçin edilýän tagallalaryň merkezinde goýýar.

[1] Aýallara garşy diskriminasiýanyň ähli görnüşlerini ýok etmek baradaky konwensiýa, 2-nji madda laýyklykda esasy gatnaşyjy döwletleriň borçlary barada umumy maslahat №. 28

Akim Ştaýner BMGÖM-niň Dolandyryjysy

"Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak üçin hereketleriň onýyllygyna geçmek bilen, biz gender deňligini gazanmk üçin köpden bäri dowam edýän ýalňyş garaýyşlarymyzy we düşünjelerimizi ýok etmelidiris. BMGÖM munuň bolmagyny üpjün etmek üçin her gün bütin dünýäde öz işini alyp barýar."