BMGÖM we Türkmenistanyň Hökümeti Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi tizleşdirmek üçin hyzmatdaşlygy pugtalandyrýarlar

February 28, 2023

BMGÖM we Türkmenistanyň Hökümeti Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi tizleşdirmek üçin hyzmatdaşlygy pugtalandyrýarlar

BMGÖM Türkmenistanda

Aşgabat, 2023-nji ýylyň 27-nji fewraly: Türkmenistanyň Hökümeti we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) ösüş ugrunda milli ileri tutulýan ugurlary durmuşa geçirmek boýunça uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek we pugtalandyrmak üçin birnäçe strategiki resminamalara gol çekdi.

Hususan-da, BMGÖM we Türkmenistanyň Hökümeti, Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan doly maliýeleşdirilýän, saglygy goraýyş, sanly özgertmeler, adam hukuklary we söwda ýaly ugurlarda 80 million ABŞ dollarlyk täze bilelikdäki taslamalary ýola goýdular:

  • Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Тürkmenaragatnaşyk» agentligi bilen bilelikde durmuşa geçiriljek “Türkmenistanda pudagara elektron maglumat alyş-çalşygynyň synag ulgamyny ornaşdyrmaga goldaw bermek” taslamasy;
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde durmuşa geçiriljek “Türkmenistanda 2023–2024-nji ýyllarda kliniki barlaghana gullugyny berkitmek” taslamasy;
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde durmuşa geçiriljek “Türkmenistanda 2023-2024-nji ýyllarda ýokanç däl keselleriň (ÝDK) öňüni almak we bejermek hem-de enäniň we çaganyň saglygyny goramak üçin zerur bolan derman serişdeleri bilen üpjün etmek” taslamasy;
  • Türkmenistanyň Söwda we Daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen bilelikde durmuşa geçiriljek “Türkmenistanyň söwda kuwwatyny güýçlendirmek. II-nji tapgyr” taslamasy;
  • Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwany bilen bilelikde durmuşa geçiriljek “Türkmenistanyň Adalatçysynyň Diwanynyň institusional mümkinçiliklerini güýçlendirmek” taslamasy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Hökümeti we BMGÖM, 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk babatyndaky Maksatnamada beýan edilen maksatlara ýetmek üçin daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi, şeýle hem maýyplygy bolan adamlaryň iş üpjünçiligine bolan mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak ýaly ugurlary öz içine alýan we 2023-nji ýylda maksatnamalaryň çäginde geçiriljek çäreleriň meýilnamasy babatynda ylalaşyga geldiler:

  • Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bilelikde durmuşa geçiriljek «Türkmenistanda durnukly şäherler: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösüşi» taslamasy;
  • Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bilelikde durmuşa geçiriljek, Global Daşky Gurşaw Gaznasy (GDGG) tarapyndan maliýeleşdirilýän “Aral deňziniň basseýnindäki ýer baýlyklaryny we tebigy ekosistemalary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak” taslamasy;
  • Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bilelikde durmuşa geçiriljek Ýaşyl howa gaznasy (ÝHG) tarapyndan maliýeleşdirilýän "Türkmenistanda uýgunlaşma meseleleriniň milli meýilnamasyny işläp düzmek" taslamasy;
  • Global Ösüş Gaznasy we Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy tarapyndan maliýeleşdirilýän we Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýeti bilen bilelikde durmuşa geçirilýän “Türkmenistanda maýyplygy bolan adamlar üçin iş üpjünçiligi: bilim almak we iş bilen üpjün etmek boýunça mümkinçilikleri ýaýbaňlaşdyrmak üçin jemgyýetçilik kärhanalaryny özgertmek” taslamasy;
  • Taraplar şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde durmuşa geçiriljek “Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek üçin zerur bolan saglygy goraýyş maksatly enjamlary we serişdeleri satyn almak” taslamasyna üýtgetmeler girizdiler.

***

BMG-niň halkara ösüş boýunça öňdebaryjy edarasy hökmünde BMGÖM 170 ýurtda we sebitde garyplygy ýok etmek we deňsizligi azaltmak üçin öz işini alyp barýar.

BMGÖM Türkmenistanda Türkmenistanyň Hökümeti we ösüş ugrunda beýleki hyzmatdaşlary bilen ykdysady diwersifikasiýa, sanly özgertmeler, saglygy goraýyş, sosial integraisýa, howanyň üýtgemegi, energiýa netijeliligi, betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak, adam hukuklary, gender deňligi we ösüşiň beýleki ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk edip, milli ösüş meýilnamasyny durmuşa geçirmäge goldaw berýär.

Biz ýurtlara syýasaty, ýolbaşçylyk ukyplaryny, hyzmatdaşlyk ukyplaryny, institusional mümkinçiliklerini ösdürmäge we durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin durnuklylygy ýokarlandyrmaga ýardam edýäris.