BMGÖM, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň hyzmatdaşlyk ulgamyny giňeltmek üçin goldaw berýär

December 16, 2020

Photo: Ministry of Trade and Foreign Economic Relations of Turkmenistan

Aşgabat, 15-nji dekabr, 2020-nji ýyl: Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) we Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň bilelikdäki “Türkmenistanyň söwda kuwwatyny güýçlendirmek” taslamasy, Russiýa Federasiýasynyň Milli ylmy-gözleg uniwersitetiniň Ýokary ykdysadyýet mekdebi bilen onlaýn duşuşygy geçirdi. Onlaýn duşuşygyň maksady, bilelikdäki taslamany tanyşdyrmak, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň alyp barýan işleri bilen tanyşdyrmak we  söwda boýunça ylmy-gözleg we ösüş ugruna aýratyn üns bermek bilen Ýokary ykdysadyýet mekdebiniň işini öwrenmek.

“Bäsleşige ukyply häzirki zaman ykdysadyýeti, ökde hünärmenler bilen bir hatarda söwda boýunça täze bilimlere eýe bolmagy talap edýär, şonuň üçin BMGÖM bilen Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň bilelikdäki taslamasy ýöriteleşdirilen döwürleýin neşirlerden başgada halkara ylmy, seljeriş we statistiki maglumatlaryň elýeterli bolmagy üçin şertleri döretmäge synanyşýar” - diýip, Natia Natswlişwili, BMGÖM-iň Hemişelik wekiliň w. ýe. ýe. aýratyn belläp aýtdy.

Onlaýn duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar bilelikdäki taslamanyň işi we Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň alyp barýan ylmy-gözleg we ösüş işleri barada çykyş etdiler. Ýokary ykdysadyýet mekdebiniň wekilleri söwda boýunça ylmy-gözleg we ösüş mümkinçilikleri artdyrmak maksatnamalary we maslahat beriş hyzmatlary ugrunda alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdylar.

Bu çärä gatnaşyjylar, duşuşygyň ähmiýetini bellediler we Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bilen Ýokary ykdysadyýet mekdebiniň arasynda bolup biljek hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar.

***

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) we Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň arasyndaky “Türkmenistanyň söwda kuwwatyny güýçlendirmek” atly taslamasy, milli işgärleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin adam maýasyny ösdürmek we adamyň zehinini ykdysady ösüşiň we milli bäsdeşlige ukyplylygyň esasy faktoryna öwürmek, eksporty diwersifisirlemek we onuň düzüminde goşulan gymmaty ýokary bolan önümleriň paýyny artdyrmak.