BMGÖM-niň Täze Ýurt Maksatnamasy Türkmenistanda inkluziw we durnukly ösüş üçin strategik ýol kartasyny kesgitleýär

October 31, 2025
Collage of people in meetings and cityscape; UNDP logo and CPD 2026–2030 Turkmenistan cover
UNDP Turkmenistan

Aşgabat, 2025-nji ýylyň 31-nji oktýabry – BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) 2026–2030-njy ýyllar üçin täze Ýurt maksatnamasynyň (ÝMR) işe girizilmegini buýsanç bilen yglan edýär, bu resminama hökümet, raýat jemgyýeti, hususy pudak we halkara ösüş hyzmatdaşlary bilen hyzmatdaşlygynyň indiki tapgyryny alamatlandyrýar. Öňki tapgyryň üstünlikli netijelerine esaslanyp, täze ÝMR BMGÖM-niň Durnukly Ösüş Maksatlaryna (DÖM) we milli ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryna ýetmekde Türkmenistana goldaw bermäge ygrarlydygyny tassyklaýar.

ÝMR 2026–2030-njy ýyllar üçin BMG-niň Durnukly ösüş hyzmatdaşlyk çarçuwasy (BMGDÇ) bilen doly ylalaşylandyr we BMGÖM-niň 2026–2029-njy ýyllar üçin täze Strategik meýilnamasynyň strategik ugurlaryny şöhlelendirýär. Şeýle hem, ol Türkmenistanyň milli maksatnamasy bolan "Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy" bilen berk baglanyşykly bolup, ýurduň uzak möhletli durnukly ösüş garaýşyna laýyk gelmegi üpjün edýär.

"Has gowy geljek baradaky umumy garaýşyny hakykata öwürip, BMGÖM üç onýyllygyň dowamynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we halkynyň ygtybarly hyzmatdaşy boldy" diýip, BMGÖM-niň Türkmenistandaky Wekili hanym Narine Saakýan aýtdy. "Şu gün biz BMGÖM-niň täze Ýurt maksatnamasyny - geljekki bäş ýyl üçin gazananlarymyza esaslanýan we dolandyryş, inkluziw ösüş, durmuş taýdan ösüş we tebigy serişdeleri durnukly ulanmak ugurlarynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrýan strategik ýol kartasyny işe girizýäris. BMGÖM-niň 2026–2029-njy ýyllar üçin Strategik meýilnamasyna laýyklykda, täze maksatnama Türkmenistanyň milli ileri tutulýan ugurlaryny öňe sürmek we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin  uly ýol kesgitleýär."

Bu maksatnama dolandyryşy, ykdysady ösüşi, durmuş taýdan ösüşi we daşky gurşawyň durnuklylygyny birleşdirýän esasy strategik ugurlara ünsi jemleýär. BMGÖM sanly özgertme, subutnama esaslanýan karar kabul etmek we hyzmatlary gowulandyrmak arkaly edaralary we döwlet dolandyryşyny pugtalandyrar. Hususy pudagy ösdürmek, söwda amallaryny ýeňilleşdirmek, ýaşyl tehnologiýalary ornaşdyrmak we zenanlaryň, ýaşlaryň we ejiz toparlaryň hukuklaryny giňeltmek arkaly inkluziw ykdysady ösüş goldalar. Daşky gurşawyň durnuklylygy we howanyň üýtgemegine durnuklylyk tebigy serişdeleriň bitewi dolandyrylyşy, gaýtadan dikeldilýän energiýa, durnukly oba hojalygy we aýlawly ykdysadyýetiň ýörelgelerini ulanmak arkaly ýokarlandyrylar. Ýokary hilli hyzmatlara we sanly saglygy goraýyş pudagynda çözgütlerine deň elýeterliligi üpjün etmek üçin saglygy goraýyş we durmuş taýdan üpjünçilik ulgamlary güýçlendiriler.

"BMGÖM netijä gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi üçin Hökümet, BMG-niň agentlikleri, global gaznalar we halkara maliýe edaralary bilen berk hyzmatdaşlygyna daýanar. Hyzmatdaşlarymyza we donorlarymyza yzygiderli ynamlary we goldawy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýäris we strategik täsiri hem uzak möhletli durnuklylygy ýokarlandyrmak üçin täze maksatnama tapgyrynda bu netijeli hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirmäge ygrarly bolmagymyzda galýarys" diýip, hanym Saakýan aýtdy.

2026–2030-njy ýyllar üçin Ýurt maksatnamasy strategik garaýşa, durnuklylygy öňe sürmek üçin hyzmatdaşlyk we innowasiýalar, inklýuziwlyk we hemme raýatlar üçin durnukly ösüşe esaslanyp BMGÖM-niň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň geljegi göz öňünde tutýan gün tertibini kesgitleýär. Bu täze maksatnama arkaly BMGÖM hemmeler üçin durnukly we inkluziw geljegi gurmakda Türkmenistana goldaw bermäge ygrarlydygyny tassyklaýar.

***

Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara ösüş boýunça öňdebaryjy agentligi hökmünde, BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) garyplygy ýok etmek we deňsizligi azaltmak üçin 170 ýurtda we territoriýada iş alyp barýar. Biz ýurtlara syýasaty işläp düzmäge, liderlik başarnyklaryny ösdürmäge we Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmek üçin hyzmatdaşlygy we institutsional mümkinçilikleri döretmäge kömek edýäris. Biziň işimiz "strategik çözgütlerimiz" diýlip atlandyrylýan alty esasy ösüş ugurlaryna gönükdirilendir: garyplyk we deňsizlik, dolandyryş, durnuklylyk, daşky gurşaw, energiýa we gender deňligi.

BMGÖM 60 ýyllyk tejribesine eýe bolup geljek üçin özgertme maksatnamasyny öňe sürýär. BMGÖM köne we täze gyzyklanýan taraplar bilen hyzmatdaşlyk arkaly jemgyýetlere adam mümkinçiliklerini amala aşyrmagyň päsgelçiliklerini aýyrýan serişdeleri hödürlemegini dowam etdirer. Biziň ygtyýarlygymyz aýdyň gönükdirilen bolmagynda galýar: jemgyýetler bilen hyzmatdaşlyk etmek we olara gülläp ösýän we durnukly geljege ýetmek üçin öz çözgütlerini işläp düzmek üçin mümkinçilik bermek. Alty onýyllyk täsirimizi belläp, biz planeta we onuň halky üçin has gowy geljegi gurmaga ygrarly bolmagymyzda galýarys.