BMGÖM Türkmenistanda ösüşi maliýeleşdirmek boýunça tagallalary giňeldýär
June 3, 2026
UNDP Strengthens Efforts on Development Financing in Turkmenistan
Aşgabat, 2026-njy ýylyň 3-nji iýuny – BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM), Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrligi bilen bilelikde, häzirki zaman Durnukly ösüş maksatlarynyň (DÖM) maliýeleşdirmek gurallarynyň we salgyt syýasatynyň amaly ulanylyşy boýunça hünät okuwyny geçirdi.
Bu hünär okuwy innowasion maliýe gurallaryny ulanmakda we olary Toplumlaýyn milli maliýeleşdirme mehanizmleriň (INFF) çäginde milli DÖM maliýeleşdiriş strategiýalaryna integrasiýasynda iň gowy halkara tejribelerini paýlaşmagy maksat edinýärdi. Çäräniň maksady şeýle hem salgyt syýasatynyň durnukly ösüşi maliýeleşdirmek üçin gural hökmünde mümkinçiliklerini öwrendi.
DÖM maliýeleşdirmek prosesslerine gatnaşýan Türkmenistanyň ministrlikleriniň we döwlet edaralarynyň wekilleri okuw maslahatyna gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda BMGÖM-niň Stambul Sebit Merkezinde Ýewropa we GDA üçin DÖM maliýeleşdirmek boýunça geňeşçi Suren Pogosýan milli DÖM maliýeleşdirme strategiýalaryny işläp düzmek, şeýle hem salgyt ýeňilliklerine çemeleşmeler we salgyt syýasatyny kämilleşdirmek üçin amaly ädimler bilen tanyşdyrdy.
Bu hünär okuwy BMGÖM-iň we Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň ýurtda ösüş maliýeleşdirmek başlangyçlaryny durmuşa geçirmäge we güýçlendirmäge goldaw bermäge gönükdirilen "Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek üçin platforma, IV tapgyr" bilelikdäki taslamasynyň çäginde guraldy.