BMGÖM-niň Administratorynyň Orunbasarynyň Türkmenistana sapary
December 12, 2025
BMGÖM-niň Administratorynyň Orunbasarynyň Türkmenistana sapary, 2025-nji ýylyň 11-13-nji dekabry
Aşgabat, 2025-nji ýylyň 13-nji dekabry: BMG-niň Baş sekretarynyň Orunbasary we BMG-nyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Administratorynyň Orunbasary jenap Haoliang Suý Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak ýyly we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyny bellemek üçin geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin 2025-nji ýylyň 11-13-nji dekabry aralygynda Türkmenistana resmi saparyny amala aşyrdy.
BMGÖM-niň adyndan jenap Suý Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýylyna (2025), Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Halkara Forumyna gatnaşyjylara ýüzlendi. Ol öz çykyşynda Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýylyny anyk, uzak möhletli işler bilen doldurmagyň möhümdigini nygtady.
Jenap Suý Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Halkara Forumyna gatnaşyjylara ýüzlendi, 2025-nji ýylyň 12-nji dekabry
"Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň üç on ýyllygy ýurduň parahatçylyga we sebitleýin hyzmatdaşlyga ygrarlygyny alamatlandyrýan möhüm basgançakdyr. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bize durnukly ösüşiň we durnukly jemgyýetleriň berk parahatçylygyň binýady bolup durýandygyny ýatladýar. BMGÖM adamlaryň durmuşyny gowulandyrýan we hemmeler üçin has berk hem inklýuziw geljegi gurmaga goldaw berýän bu ideallaryň belli bir netijelere öwrülmeginde Türkmenistany goldaýar.” diýip, jenap Sýu aýtdy.
Jenap Sýu şeýle hem Türkmenistanyň bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan möhüm milli çärelere gatnaşdy, şol sanda Bitaraplyk zolagynyň açylyşy, Döwlet baýdagyny galdyrmak dabarasy, gala-konsert we ýurduň global parahatçylygy, ynamy we konstruktiw dialogy berkitmekdäki goşandyny görkezýän sergi.
BMGÖM-niň Administratorynuň Orunbasary Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny belleýän sergide, 2025-nji ýylyň 11-nji dekabry, Aşgabat.
Jenap Suý saparynyň dowamynda Türkmenistanyň ýolbaşçylary bilen birnäçe ýokary derejeli duşuşyklary geçirdi, şol sanda Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary jenap Mämethan Çakyýew we Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary hanym Baýramgül Orazdurdyýewa. Ara alyp maslahatlaşmalar BMGÖM-niň Türkmenistan üçin täze bäş ýyllyk Ýurt Maksatnamasy Resminamasyna laýyklykda milli ösüşiň esasy ugurlary - saglygy goraýyş, howanyň üýtgemegine garşy göreş, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, sanly özgertme, bilim we sebitleýin baglanyşyklar boýunça strategik hyzmatdaşlyga gönükdirildi.
Jenap Suý, Ýaponiýa Hökümetiniň goldawy bilen Merkezi Aziýada durnukly jemgyýetleri ösdürmek we zorlukly ekstremizmiň öňüni almak boýunça BMGÖM-niň sebitleýin başlangyjynyň çäginde Aşgabatdaky “Iş Nokady” koworking merkezinde guralan gibrid iş ýarmarkasynda we global mümkinçilikler tanyşdyryşynda Türkmenistanly ýaşlar bilen duşuşdy. Talyplara, uçurymlara we ýaş aktiwistlere ýüzlenip, ol BMG-niň meýletinçi maksatnamalaryna we stažorlyk okuwlaryna gatnaşmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy, olary elýeterli mümkinçiliklerden peýdalanmaga, başarnyklaryny ösdürmäge we Türkmenistanyň durnukly ösüşine goşant goşmaga höweslendirdi.
Gibrid Iş ýarmarkasy we Global mümkinçilikler prezentasiýasy “IşNokady” koworking merkezinde, Aşgabatda geçirildi, 11-nji dekabr, Aşgabat
“Geljekki başarnyklar akademiýasy diňe bir bilim başlangyjy däl, eýsem, Türkmenistanyň geljegine maýa goýumdyr. Ýaşlary sanly, liderlik we telekeçilik başarnyklary bilen üpjün etmek arkaly biz geljekki nesliň mümkinçiliklerini güýçlendirýäris, innowasiýalary ösdürýäris, durnukly jemgyýetleri ösdürýäris we ýaşlaryň öz inkluziw geljegini kemala getirmekleri üçin şertleri döredýäris” diýip, jenap Suý nygtady.
Saparynyň dowamynda jenap Suý, häzirki başlangyçlary we ýurduň ösüş ileri tutulýan ugurlaryny mundan beýläk-de goldamak barada pikir alyşmak üçin BMGÖM-niň Turkmenistandaky topary bilen hem duşuşdy.
***
BMG-niň halkara ösüş boýunça öňdebaryjy guramasy hökmünde, BMGÖM 170 ýurtda we territoriýada garyplygy ýok etmek we deňsizligi azaltmak üçin işleýär. BMGÖM ýurtlara syýasaty işläp düzmäge, ýolbaşçylyk we institutsional mümkinçilikleri döretmäge, hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetmek, demokratik dolandyryşy ösdürmek, kanunyň hökmürowanlygyny saklamak we inkluziw institutlary gurmak üçin hökümetiň mümkinçiliklerini güýçlendirmäge kömek edýär.
Bu ýyl BMGÖM 60 ýyllygyny belleýär - global maksatlary hakyky ösüşe öwürmek üçin hökümetler we jemgyýetler bilen bilelikde alty onýyllyk iş alyp barýar: garyplyk we howanyň üýtgemegi bilen göreşmekden başlap, gender deňligini öňe sürmäge we sanly ösüş çözgütlerini ornaşdyrmaga çenli.
BMGÖM Administratorynyň Orunbasary, jenap Haoliang Suý BMGÖM Türkmenistan topary bilen, 2025-nji ýylyň 11-nji dekabry, Aşgabatdaky BMG binasy