BMGÖM maliýe hasabyny ösdürmäge ýardam edýär

June 15, 2021

Aşgabat, 2021-nji ýylyň 15-nji iýuny: BMG-nyň Ösüş maksatnamasy bilen TürkmenisStat tarapyndan “Milli hasaplar boýunça institusional we statistiki mümkinçiligi pugtalandyrmak” atly bilelikdäki ýerine ýetirilýän taslamanyň çäklerinde BMG-nyň halkara bilermeni jenap Maýkl Andreaş tarapyndan 2008-nji ýylyň Milli hasaplar ulgamyna (MHU 2008) laýyklykda maliýe hasabyny düzmek meseleleri boýunça tegelek stoly geçirildi.

Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Pensiýa gaznasynyň, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň we beýleki banklarynyň, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň we beýleki ätiýaçlandyryş kompaniýalarynyň wekilleri maliýe hasabyny we maliýe aktiwleriniň we borçnamalarynyň balansyny düzmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga işjeň gatnaşdylar.

2008-nji ýylyň MHU-nyň maslahatlarynyň biri hem aktiwleriň we passiwleriň balansy bilen bir hatarda maliýe hasabyny düzmek bolup durýar. Maliýe hasaplary karz we gazna bazarlarynyň arasyndaky baglanşyga, ykdysadyýetiň dürli pudalkalynyň arasynda bergi görkezijileriniň emele gelşi bilen depginiň arasynda özara baglanyşyga gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

„Maliýe hasabynyň we maliýe aktiwleriniň we borçnamalarynyň balanslarynyň makroykdysady seljerişiň çäklerinde ykdysadyýetde maliýe akymlaryny çuň öwrenmegi we düzümleýin seljerme geçirmek üçin möhüm maglumat esasy bolup durýandygyny bellemek gerek“ - diýip BMGÖM-nyň Programma departamentiniň başlygy jenap Röwşen Nurmuhammedow belläp geçdi.

Tegelek stoluň dowamynda gatnaşyjylar maliýe hasabyny we maliýe aktiwleriniň we borçnamalarynyň balansyny işläp taýýarlamak boýunça häzirki ýagdaýa syn hem-de 2008-nji ýylyň Milli hasaplar ulgamyna laýyklykda maliýe hasabyna üns berip, Türkmenistanda JIÖ hasaplamak boýunça maslahatlar bilen tanyşdylar.

Taslamanyň çäklerinde geçirilen şu çäräniň we geljekki çäreleriň netijesinde Türkmenistanda maliýe hasabyny düzmek boýunça Ýol kartasy işlenip taýýarlanar diýlip garaşylýar.