BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň sebit direktory üç günlük resmi iş sapary bilen Türkmenistana barar

December 8, 2023

Aşgabat, 2023-nji ýylyň 8-nji dekabry - BMG-nyň Baş sekretarynyň kömekçisiniň orunbasary, BMG Ösüş Maksatnamasynyň Dolandyryjysynyň Orunbasary we BMGÖM-nyň Ýewropa we GDA boýunça sebit direktory hanym Iwana Žiwkowiç 2023-nji ýylyň 10-12-nji dekabry aralygynda Türkmenistana ilkinji resmi saparyny amala aşyrar.

Türkmenistan hökümetiniň çakylygy boýunça hanym Ziwkowiç 2023-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek “Dialog – parahatçylygyň kepili” halkara forumyna gatnaşar we Birleşen milletleriň guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň adyndan çykyş eder.

Hanym Žiwkowiç ýurtda bolan wagtynyň dowamynda, ýokary derejeli Hökümet wekilleri bilen duşuşyp, ýurduň ösüş mümkinçiliklerini we jemgyýetiň saglygyny gowulandyrmak, sanly üýtgeşmeler we sosial gorag ýaly milli ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryny çözmäge gönükdirilen köpden bäri dowam edip gelýän strategiki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşar.

Hanym Ziwkowiç Türkmenistandaky resmi saparynyň wagtynda BMGÖM tarapyndan goldanylýan milli saglygy goraýyş edaralaryna baryp görer we öňde baryjy ykjam PCR barlaghanasyny Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine gowşurar. Bu barlaghana anyklaýyş mümkinçiliklerini we gurşawyny giňeltmek arkaly ýurduň saglygy goraýyş ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrar. 

BMGÖM-iň sebit direktory, şeýle hem, hünär okuwy we iş mümkinçiliklerini giňeltmek arkaly maýyplara mümkinçilik döretmek baradaky bilelikdäki başlangyç netijesinde abatlanan we täzelenen Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýetiniň karton we çap ussahanasyna baryp görer.

Mundan başga-da, hanym Žiwkowiç BMG-nyň wekilleri we beýleki ösüş hyzmatdaşlary bilen duşuşar we 12-nji dekabrda bellenilýän Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan çärelere gatnaşar.