BMG-niň Ösüş Maksatnamasy Türkmenistanda energiýanyň tygşytlanmagyna we gaýtadan dikeldilýän energiýanyň ösdürilmegine goldaw berýär

March 5, 2021

Aşgabat, 3-nji mart, 2021-nji ýyl: BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) we Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň bilelikde ýerine ýetirýän “Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi” atly taslamasynyň çäklerinde “Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek üçin kadalaşdyryjy tehniki resminamalary işläp taýýarlamak boýunça halkara tejribäni öwrenmek” atly onlaýyn okuw maslahaty  geçirildi.

Energetika minstrliginiň hem-de Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hünärmenleri, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň (TDEI) mugallymlary we talyplary, TDEI-niň ýanyndaky “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” boýunça ylmy-önümçilik merkeziniň, BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) halkara taslamalarynyň, BMG- niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO), Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň (CAREC), Halkara hyzmatdaşlyk boýunça german jemgyýetiniň (GIZ), Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetiniň hünärmenleri, şeýle hem BMGÖM-niň durnukly şäherler boýunça taslamasynyň hünärmenleri we halkara maslahatçylary webinara gatnaşdylar.

Webinaryň maksady gatnaşyjylara Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek barada we  gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalary we iň oňat tejribeleri işläp taýýarlamak, elektrik energiýasy ulgamyna energiýa tygşytlylyk boýunça innowasiýon tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça halkara tejribäni we Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýanyň çeşmeleriniň ulanylyşygyny artdyrmak babatynda alnyp barylýan işler barada maglumat bermekden ybarat boldy.

Çykyşlaryň barşynda Energetika ministrliginiň, TDEI-niň we BMGÖM-niň hünärmenleri bilen bilelikde ýerine ýetirlen we häzirki wagta, Türkmenistanyň Mejlisiniň garamaga hödürlenen “Energiýa netijelilik we energiýany tygşytly ulanmak” we “Gaýtadan dikeldilýän energiýanyň çeşmeleri” hakyndaky Türkmenistanyň täze kanunlaryny işläp taýýarlamak boýunça işler agzalyp geçildi. Şeýle hem, BMGÖM-niň goldawy bilen işläp taýýarlanan we 2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan ”Türkmenistanda 2030-nji ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýa” hakynda jikme-jik gürrüň berildi. Häzirki wagtda, gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça kadalaşdyryjy resminamalary taýýarlamak işleri, batly depginde dowam etdirilýär we netije-de, ýurtda gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmäge goldaw hökmünde, BMGÖM-iň taslamasynyň goldamagynda goşmaça 10 kadalaşdyryjy hukuk namasyny işläp taýýarlamak meýileşdirilýär.

Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ulanmagy ösdürmek we energiýa netijelilik boýunça innowasiýon tehnologiýalary elektrik energiýa ulgamyna ornaşdyrmak boýunça BMGÖM-niň taslamasynyň amala aşyrýan we meýilleşdirilýän amaly ädimleri şu aşakdaky ugurlardan ybarat:

  • Energiýa netijelilik boýunça innowasiyon tehnologiýalaryny elektrik energiýasy pudagyna ornaşdyrmak maksady bilen, Aşgabat şäherindäki synag meýdançasynda köçe yşyklandyryş ulgamyny dolandyrmak boýunça akylly torlary ornaşdyrmak;
  • Aşgabadyň myhmanhanalar toplumynda energiýanyň sarp edilişini barlamak we energiýa tygşytlylyk boýunça tehnologiýalary ulanyşa girizmek;
  • TDEI-niň “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” atly ylmy-önümçilik merkeziniň meýdançasynda gün energiýasy arkaly işleýän energiýa-garaşsyz swetodiod çyralaryny gurnamak;
  • TDEI-niň meýdançasynda döwrebap swetodiod çyralary gurnamak we şol yşyklandyryş ulgamyny dolandyrmak boýunça akylly tory ornaşdyrmak;
  • Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek we energiýa tygşytlylyk boýunça innowasiýon tehnologiýalaryny elektrik energiýasy ulgamyna girizmek boýunça talyplaryň amaly tejribesini kämilleşdirmäge we tejribe işlerini geçirmeklige mümkinçilik döretmek üçin TDEI-de okuw barlaghanany döretemeklige ýardam bermek;
  • Energiýany sarp edijileriň ony tygşytly ulanyşyna baha bermek üçin energiýa barlagyny geçirmek boýunça ylmy-barlag işlerini geçirmek maksady bilen TDEI-niň ýanyndaky “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri” boýunça ylmy-önümçilik merkeziniň düzüminde täze barlaghanany döretmäge ýardam bermek.