Iň oňat maglumat stendi taslamasy üçin bäsleşik: "Türkmenistanyň aýratyn goralýan tebigy zolaklarynyň çäginde biodürlüligi goramagyň ähmiýeti"
April 16, 2025

BMG-nyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) we Global Daşky Gurşaw Gaznasynyň (GEF) Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bilelikde durmuşa geçirilýän “Köp sanly bähbitleriň alynmagy üçin Aral deňziniň giňişliginde ýer serişdelerini we ýokary tebigy gymmatlygy bolan ekoulgamlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak” taslamasy “Türkmenistanyň aýratyn goralýan tebigy zolaklarynyň çäginde biodürlüligi goramagyň ähmiýeti" mowzukly şekilli materiallary taýýarlamak boýunça bäsleşik yglan edýär.
Sekiz kategoriýada tematiki stendleri bezemek üçin niýetlenen suratlar, infografika ýa-da sanly taslamalar görnüşinde işler çagyrylýar. Stendler Amy derýa we Gaplaňgyr döwlet goraghanalarynda, şeýle hem bufer zolaklarynda gurnalar.
Işler Türkmenistanyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň özboluşlylygyny, şeýle hem olary goramak we gorap saklamak boýunça tagallalary görkezmelidir. Iki welaýatda biodürlüligi we ekoulgamlary goramagyň möhümdigini görkezmäge kömek etjek döredijilikli çemeleşmeleri höweslendirýäris.
Bäsleşligiň şertleri:
• Türkmenistanyň raýatlary, şol sanda wagtlaýyn daşary ýurtda ýaşaýanlar hem gatnaşmaga çagyrylýar;
• Eserler türkmen, rus ýa-da iňlis dillerinde PDF görnüşinde kabul edilýär we Amy derýa hem Gaplaňgyr döwlet goraghanalary üçin birnäçe ugurda taýýarlanylmaly:
- territoriýany bellemek üçin bellikli stendler;
- daşky gurşawy goramak çäreleri barada maglumatly stendler;
- myhman merkezleri üçin stendler.
• Stendleriň mowzugy Türkmenistanyň aýratyn goralýan tebigy zolaklary bilen bagly bolmaly;
• Dizaýnlar açyk, düşünmek aňsat we peýdaly maglumatlary öz içine almalydyr;
• Ähli eserler hökmany çeşmeleri görkezýän tassyklanan we ygtybarly maglumatlary ulanmalydyr (çeşmelere salgylanmazdan eserler göz öňünde tutulmaz);
• Awtoryň suratlaryny ýa-da tekstlerini ulanan halatynda awtorlyk saklanar we mundan beýläk ulanylanda görkeziler.
Arzalar 2025-nji ýylyň 20-nji maýyna çenli kabul edilýär.
Arzada görkezilmeli zatlar:
• Gatnaşyjynyň FAAa
• Ýaşy
• Guramanyň ady (bar bolsa)
• Telefon belgisi
• E-poçta salgysy
Eserlere baha bermek:
Eserler BMGÖM-nyň, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, şeýle hem "Ynanç wepa", "Ýaş tebigatçy", "Tebigy kuwwat", we "Eko durmuş" jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerini öz içine alýan bäsleşik eminleri tarapyndan gözden geçiriler.
Baha bermek aşakdaky kriteriýalara esaslanar:
- bäsdeşlik şertlerini berjaý etmek
- maglumat görkezişiniň hili we aýdyňlygy
- maglumatlaryň ygtybarlylygy we çeşmeleriň görkezilmegi
- pikiriň özboluşlylygy we döredijilikli çemeleşmesi
Arzany nädip tabşyrmaly:
Ähli bäsleşik materiallary iberilmeli:
e-poçta bilen: undptm@gmail.com
ýa-da poçta bilen: Aşgabat, BMG binasy, Arçabil şaýoly, 21, 744036
Giriş möhleti 2025-nji ýylyň 20-nji maýy.
Habarlaşmak üçin: aragatnaşyk boýunça hünärmeni Döwlet Rejepow
registry.tm@undp.org | undptm@gmail.com
Telefon: (99312) 488325
Faks: (99312) 488311
Ýeňijileri sylaglamak:
Baýrak gowşurylyş dabarasy 2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda BMG-nyň Aşgabatdaky binasynda, Bütindünýä daşky gurşaw güni mynasybetli geçiriler.
Ýeňiji eserler, Amy derýa we Gaplaňgyr goraghanalarynda ýörite goralýan tebigy zolaklaryň ähmiýeti barada köpçülige habar bermek üçin ulanylar.
Bäsleşige gatnaşýan stendleriň esasy kategoriýalary:
1. Görkezijiler
Myhman merkezlere, gözegçilik meýdançalaryna, ekologiki ýodalara we beýleki möhüm desgalara bellikleri görkezip, goraghanalara girmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem biodürlüligi synlamak nokatlaryna aralyklary öz içine alyp biler.
2. Sebitiň kartasy (syýahatçylyk ugurlary)
Rugsat berlen ugurlary, esasy ýerleri, tebigat synlanylýan ýerleri we ýol kynçylyk derejelerini görkezýän takyk kartalar.
3. Howpsuzlyk çäreleri
Goraghananyň çägindäki özüni alyp baryş düzgünleri, tebigaty goramak çäreleri, gelýänler üçin çäklendirmeler we peýdaly teklipler barada maglumat berýär.
4. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň internet sahypasy barada maglumat
Goraghanalar, gorap saklamak maksatnamalary we çäreler barada resmi maglumat çeşmelerine girmek üçin QR kodlary we baglanyşyklary bolan stendler.
5. Myhman merkezlerindäki maglumat stendleri
Goraghanalar, ekoulgamlar, tebigy we medeni miras barada esasy maglumatlary, şeýle hem gezelençleriň we çäreleriň tertibi bilen üpjün edýär.
6. Gözegçilik meýdançalary
Panoramiki görnüşleriň beýany, ösümlik, haýwanat dünýäsi we syn edilýän zatlaryň ekologiki ähmiýeti barada maglumatlar.
7. Ekologiki ýodalar
Ösümlikleriň we haýwanlaryň beýany, ekoulgamlar hakda gyzykly maglumatlar, şeýle hem ugurda howpsuz hereket etmegiň düzgünleri.
8. Ekologiki geçelgeler
Migrasiýa ýollarynyň haýwanlar üçin ähmiýeti, biodürlüligi goramak we bu geçelgelerde ýaşaýan aýratyn görnüşler barada maglumat berýär.