BMGÖM “COVID-19 barada habarlylygyny ýokarlandyrmaklyk” mowzugy boýunça zehin bäsleşiklerini gurady

December 15, 2022

BMGÖM “COVID-19 barada habarlylygyny ýokarlandyrmaklyk” mowzugy boýunça zehin bäsleşiklerini gurady

BMGÖM Türkmenistanda

Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM), Daşoguz şäherinde ýerleşýän Türkmen Oba hojalyk institutynyň we Mary şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplarynyň arasynda COVID-19-a taýýarlyk barada habarlylygy ýokarlandyrmaklyk mowzugyna bagyşlanan “Breýn Ring” atly zehin bäsleşigini gurady. Ady agzalan çäre, Bütindünýä banky tarapyndan maliýeleşdirilýän “Türkmenistanda COVID-19-a jogap” taslamasynyň çäginde geçirildi.

“Brain Ring” bäsleşigi wiktorina görnüşinde gurnaldy. Gatnaşyjylar COVID-19-yň öňüni almak çäreleri bilen baglanşykly soraglara jogap berdiler. Gatnaşyjylaryň ählisine şahadatnamalar berildi we ýeňijiler baýraklar bilen sylaglandy.

Bäsleşikler başlanmazdan ozal BMGÖM/Bütindünýä bankynyň “Türkmenistanda COVID-19-a jogap” taslamasynyň hünärmenleri talyplary we mugallymlary bu taslama we onuň esasy ugurlary bilen tanyşdyrdy.

“Türkmenistanda COVID-19-a jogap” taslamasynyň esasy maksady, ýurduň pandemiýa garşy taýýarlygyny mundan beýläk hem güýçlendirmekden ybarat bolup durýar. Bu işiň çäginde BMGÖM tarapyndan Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, BSGG we UNISEF bilen bilelikde ýurtda barlaghana gözlegleri, lukmançylyk kömegi, hünär derejesini ýokarlandyrmak ugrundaky milli mümkinçilikleri artdyrmaga, lukmançylykhünärmenlerini taýýarlamaga, dermanlary, reagentleri, lukmançylyk enjamlary satyn almaga, saglyk töwekgelçiligini aradan aýýyrmak we ýokanç kesellere netijeli gözegçilik etmek üçin sanly tehnologiýalary ulanmaga gönükdirilen çäreleri amala aşyrýar.

Taslama tarapyndan işlenip düzülen we neşir edilen: daşky gurşawy goramak we durmuş meselelerini dolandyrmaklyk boýunça çarçuwaly resminama (ESMF) we gyzyklanýan taraplarbilen aragatnaşygy ýola goýmagyň meýilnamasy (SEP) ýaly resminamalar aýratyn bellenilip geçildi. Olar diňe bir durmuşwe daşky gurşawy goramak bilen baglanşykly töwekgelçiliklerini ýüze çykarmakda, baha bermekde we dolandyrmakda täsirli gural bolup hyzmat etmän, eýsem ähli gyzyklanýan taraplaryň taslamanyň çäklerinde alnyp barylýan işleri ara alyp maslahatlaşmak we olary hil taýdan has-da kämilleşdirmek işine gatnaşmagyny işjeňleşdirmäge ýardam berýär.

COVID-19 barada habarlylygyny ýokarlandyrmak we onyň öňüni almak, şeýle hem pandemiýa döwründe edinen sapaklar baradaky bilimlerini artdyrmak, täze adatdan daşary ýagdaýlara garşy taýýarlygy ýokarlandyrmaga ýardam berer.

***

BMGÖM ýer togalagyny goramak bilen bir hatarda garyplygy ýok etmek üçin 170 ýurtda we sebitde işini alyp barýar. Biz ýurtlara ösmeklerini dowam etdirmekleri üçin netijeli meýilnamalary işläp düzmäge, başarnyklary we hyzmatdaşlygy ösdürmäge, şeýle hem edaralary gurmaga ýardam edýäris.

Biz barada has giňişleýin maglumaty undp.org we @UNDP sahypalarynda tapyp bilersiňiz.