BMGÖM "Türkmenistanda COVID-19-a jogap" taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde "Gyzyklanýan taraplar bilen özara hereket etmegiň meýilnamasy" boýunça Mary welaýatynda çäreler geçirdi

July 18, 2022

BMGÖM "Türkmenistanda COVID-19-a jogap" taslamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde "Gyzyklanýan taraplar bilen özara hereket etmegiň meýilnamasy" boýunça Mary welaýatynda çäreler geçirdi

BMGÖM Türkmenistanda

Mary, 2022-nji ýylyň 05-nji iýuly: Bütindünýä bankynyň karzy arkaly maliýeleşdirilýän “Türkmenistanda COVID-19-a jogap” taslamasynyň durmuşa geçirilmegiň çäginde Mary welaýatynda Gyzyklanýan taraplar bilen özara hereket etmegiň meýilnamasynyň  durmuşa geçirilmeginiň çaginde 2022-nji ýylyň 05-nji iýulynda çäre geçirildi.

Gyzyklanýan taraplary taslamanyň maksatlary we onuň çäginde alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrmak şeýle hem taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün etmek niýeti bilen özara pikir alyşmagy ýola goýmak,  COVID-19 / AÝR ýokanç keselleriniň öňüni almak, şahsy arassaçylygy wagyz etmek, ýiti respirator keselleriniň başgalara geçme ýollary barada habar bermek, şol sanda “näme etmeli we näme etmeli däl” we ş.m. maksady bilen geçirilen çärä Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Mary welaýat bölüminň we kärdeşler arkalaşyklarynyň wekilleri şeýle hem welaýat we etrap derejelerinde işleýän maşgala lukmanlary, şepagat uýalary, epidemiologlar, wirusologlar we dezinfeksiýa hünärmenleri, laborantlar gatnaşdylar.

Taslamanyň hil taýdan ýokary derejede ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin seslenme mehanizmini döretmek maksady bilen “Türkmenistanda COVID-19-a jogap” taslamasynyň çäginde özara hereket etmegiň meýilnamasynyň wajyplygy we taslama barada maglumatlaryň habar berilmeginiň möhümdigi nygtaldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar ýaňy-ýakynda neşir edilen “Daşky gurşawy goramak we durmuş meseleleri boýunça çarçuwaly resminama” (DGG we DMÇM) we Gyzyklanýan taraplar bilen özara hereket etmegiň meýilnamasy (GTÖHEM) boýunça pikir alyşdylar. DGG we DMÇM daşky gurşaw we durmuş töwekgelçilikleri ýüze çykarmakda, baha bermekde we dolandyrmakda esasy gural bolup hyzmat edýär.

Duşuşygy jemläp, çykyş ediji gyzyklanýan adamyň ýa-da taraplaryň öz şikaýätlaryny beýan etmäge, tekliplerini öňe sürmäge, aladalylygyny bildirmäge mümkinçilik döredýän ýuzlenmelere seredýän mehanizmler bilen tanyşdyryldy.

Tanyşdyryş dabarasy gutarandan soň, diňleýjilerden birnäçe sorag gelip gowuşdy we olara degişli doly jogaplar berildi.

Geçirilen çäre, 2022-nji ýylyň 14-nji iýunynda başlanan COVID-19-a jogap taslamasynyň çäklerinde daşky gurşaw we durmuş borçnamalary boýunça okuwyň guralmagy we Aşgabatda şeýle hem Ahal welaýatynda geçirilen, gyzyklanýan taraplar bilen özara hereket etmek babatynda meýilleşdirilen birnäçe çäreleriň bir bölegi bolup durýadygyny bellemek zerurdyr.