2-nji görnüşli diabet: Mahmudyň hekaýasy we yzygiderli barlaglar näme üçin möhüm
December 29, 2025
2-nji görnüşli diabet: Mahmudyň hekaýasy we yzygiderli barlaglaryň näme üçin möhüm
Irki anyklaýyş
Men 40 ýaşymda we Sarahsdan. Öňki iş ýerimde geçirilýän yzygiderli saglyk barlagy wagtynda mende diabet keseliniň bardygy tötänleýin anyklady. Özümi doly sagdyn duýýardym we hiç hili arz-şikaýatym ýokdy. Emma ganymyň barlagy şekeriň derejesiniň ýokarlanandygyny görkezdi - 6.8. Meni endokrinologyň ýanyna ugratdylar. Lukman munuň kadadan ýokarydygyny we üç aýyň dowamynda "ortaça" şekeriň derejsininň nähili bolandygyny görkezýän – glisirlenen gemoglobin üçin goşmaça barlagyň gerekdigini aýtdy. Geň galdyran zat, onuň üçin Aşgabada gitmegiň hem zerurlygy ýokdy, ony Sarahsdaky saglyk öýünde-de barlamaga mümkinçilik bardy. Glisirlenen gemoglobin derejäm hem kadadan ýokarydy.
Lukman ähli barlag netijelerimi gözden geçirenden soň, "Sizde 2-nji görnüşli diabet bar" diýdi. Bu meniň üçin şok boldy. Hawa, men diabet barada bilýärdim, ejemde diabet bar. Ýöne mende ol bolup bilmez diýip pikir edýärdim.
Elýeterli bejergi
Lukman meniň şowludygymy düşündirdi - diabetim irki tapgyrda anyklandy. Emma ol maňa keseli bejerip bolmaýandygyny, diňe gözegçilik astynda saklap bolýandygyny duýdurdy. Bagyrymyň we böwreklerimiň ýagdaýynyň gowydygy barlanylandan soň, derrew maňa metformin derman serişdesi ýazylyp berildi.
Men dermanlary öz hasabyma satyn almaly bolaryn öýtdüm. Emma munuň hem zerur däldigi mälim boldy. Men Sarahs saglyk öýünde hasaba alyndym we her aý metformini mugt alyp başladym. Men ony günde iki gezek, bellenen tertipde içdimwe henizem içýärin.
Goşmaça gözegçilik
Ondan daşary, mende gipertoniýa keseliniň hem bardygy anyklanyldy, men ondan asla bihabardym. Kardiolog dermanlary ýazyp berdi, olary hem saglyk öýi mugt berýär. Indi meniň gan basyşym hem durnukly.
Hawa, böwreklerimiň saglykýagdaýyny barlamak üçin ýerli saglyk öýünde gandaky şekerimi, kreatininimi we albuminimi yzygiderli barlamaly bolýaryn. Şeýle hem, ol ýerde men her alty aýda bir gezek holesterinimi barlaýaryn. Lukman meniň ýaşaýyş durmuşymy we diagnozymy göz öňünde tutup, diabetde gan damarlarynyň diwarlarynda holesterin galyndylarynyň has çalt emele gelýändigini we onuň bilen baglylykda infarkt we insult howpunyň ýokarlanýandygyny düşündirdi. Emma bularyň hemmesini çalt barlap bolýar - paýtagta ýa-da daşary ýurda gitmegiň zerurlygy ýok.
Şu günki günde men eýýäm üç ýyl bäri diabet bilen ýaşaýaryn. Men ony gözegçilikde saklaýaryn! Men derman içýärin, dogry iýmitlenmmäge synanyşýaryn, gandaky şekerimi yzygiderli barlaýaryn we lukmanyň ýanyna ýygy-ýygydan barýaryn. Men özümi keselimiň tussagy däl-de, sagdyn adam ýaly duýýaryn. Men işläp, maşgalamy üpjün edip bilýärin. Men dargap, tozup gitmegiň ýerine, kiçi oglum bilen göwnümizi açyp, şatlanyp bilýärin. Biz hatda şu tomusda deňiz kenaryna dynç almagada gitdik!
Elýeterli ýerde
Meniň mysalymyň bu mesele bilen ýüzbe-ýüz bolýan başga adamlarada kömek eder diýip umyt edýärin. Iň esasy zat – kesel bilen ýeke galmazlyk. Saglyk öýüne baryň, hünärmenler bilen maslahatlaşyň - olar maňa kömek edişleri ýaly sizede kömek ederler. Köp adamlar indi islendik etrapdaky saglyk öýlerinde ähli barlag görnüşlerini diýen ýaly geçirip bolýandygyndan habarsyz. Her etrapda döwrebap barlaghanalar bar we olar reagentler bilen üpjün edilen.
Men indi ähli goňşularymy saglyk öýümize iberýärin. We olaryň köpüsi eýýäm barlaglardan geçdiler: käbirleriniň gandaky şekeri ýokary, käbirleriniň bagyry näsag, käbirleriniň ýüreginde mesele bar. Olar şol ýerde bejergä başladylar, derman alýarlar - hatda olary satyn almak hem gerek däl – we özlerini öňküden has gowy duýýarlar. Bu bir bagt dälmi?
BMGÖM we Türkmenistan: Saglygy goraýyş ulgamyny bilelikde pugtalandyrmak
Türkmenistanda BMGÖM Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikde saglygy goraýyş ulgamyny pugtalandyrmaga we anyklaýyş we ýokary hilli dermanlara elýeterliligi üpjün etmäge gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirmegini dowam etdirýär. Bu başlangyçlaryň çäginde ýurduň ähli ýerinde - welaýat merkezlerinden başlap, uzak etraplara çenli kliniki barlaghanalar enjamlaşdyrylýar we dürli barlaglar üçin reagentler satyn alynýar. Şeýle hem, ýokanç we ýokanç däl keselleri - ýürek-damar, newrologik, endokrinologik, onkologik we ömürboýy bejergini talap edýän seýrek keselleri bejermek üçin dermanlar bilen üpjün edilýär.
Wagtynda bejergi almaga we öňüni alyş çärelerini geçirmäge mümkinçiliginiň bolmagy adamlara saglygyny, zähmet ukybyny we ýaşaýşynyň hilini saklamaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa bilime, işe we jemgyýete beýlekiler bilen deň derejede üns bermäge mümkinçilik döredýär. Döwlet üçin bu maýyplygyň azalýandygy, durmuş tölegleriniň azalýandygyny we kynçylykly bejergileriň gymmat bahaly çykdajylarynyň azalýandygyny aňladýar. Sagdyn adamlar işlemegini, salgyt tölemegini we ykdysadyýeti ösdürmegini dowam etdirýärler we olaryň netijesinde öňüni alyşa goýlan her bir maýa goýum birnäçe esse peýda getirýär.
"Keselleriň öňüni almaga we irki anyklanylyşyna esaslanýan ähliumumy saglygy goraýyş üpjünçiligi – bu sagdyn jemgyýete we güýçli ykdysadyýete goýlan binýatlaýyn maýa goýumdyr, bu ýerde maýa goýlan her bir serişde raýatlaryň öndürijiliginiň hasabyna köpelip gaýdyp gelýär. Innowasion tehnologiýalar ulgamyndaky üstünlikli tejribelere daýanyp, BMGÖM we Türkmenistan durnukly saglygy goraýyş ulgamyny gurmak ugrunda hyzmatdaşlygyny dowam etdirerler. Saglygy goraýyşy Türkmenistanyň her bir ýaşaýjysy üçin durnukly ösüşiň hereketlendiriji güýjüne öwürmek maksady bilen, biziň bilelikdäki ünsümiz keselleriň anyklanylyşynyň we bejergisiniň ähliumumy elýeterliligini giňeltmäge, hyzmatlaryň sanly ulgama geçirilmegine we saglygy goraýyş ulgamynyň işgär mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga gönükdirilendir", -diýip, BMGÖM-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan belleýär.