Climate Change Education and Awareness Project "Climate Box"

"Howa gutujygy" atly howanyň üýtgemegi barada bilim bermäge taslamasy

Howanyň üýtgemegi 21-nji asyrda adamzadyň öňünde durýan iň möhüm meseleleriň birine öwrüldi. Köp sebitler, jemgyýetler, ekoulgamlar we senagat pudaklary howanyň üýtgemeginiň täsirine has ynjyk bolup durýarlar. Howanyň üýtgemegi  umumy howa şertleriniň üýtgemegini, tebigy betbagtçylyklaryň ýokary töwekgelçiligini we geljekki howa ýagdaýyny çaklamak babatynda näbellilik derejesiniň ýokary bolmagyny öz içine alýar.

Howa babatynda çäreler 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş barada Gün tertibiniň aýrylmaz bölegi bolup, onda howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirleriniň ähli ýurtlaryň durnukly ösüşi gazanmak ukybyny gowşadýandygy bellenilýär.

Merkezi Aziýanyň ýarym gurak we gurak howasynyň mundan beýläk hem guraklaşmak ähtimallygy bar, bu bolsa azyk önümleriniň öndürilişine we suw serişdeleriniň bolmagyna täsirini ýerirer. Alymlaryň berýän bahalandyrmagyna görä, soňky elli ýylda Merkezi Aziýadaky buzluklar 25% azalypdyr we öňümizdäki 20 ýylda olaryň ýitip gitmegine  garaşylýar.

Suw ýetmezçiligi häzirki şertlerde hem (suwarmak üçin peýdalanylýan suwuň 50%-i irrigasiýa tehnologiýalarynyň netijeli däldigi sebäpli ýitip gidýär), geljekde hem (ýagýan garyň we buzluklaryň barha azalýandygy sebäpli) Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ösüşi üçin esasy päsgelçilik bolup biljekdigi babatynda aladalar bar.

Häzirki wagtda örän yssy we gurak howaly çöllük ýurt bolan Türkmenistanda soňky 50 ýylyň dowamynda howanyň maýlamagy ýer ýüzüniň başga ýerlerine garanyňda has çalt bolup geçýändigi bellenýär we tassyklanýar. Çaklamalara görä,  2100-nji ýyla çenli ýurtda daşky gurşawyň ortaça temperaturasynyň 6-7 gradus ýokarlanar, gidrometeorologik modelleşdirmede bolsa  tutuş ýurt  boýunça 2100-nji ýyla çenli we ondan soň ygal düşmegi  8-17%- e çenli dowamly azalar diýlip çaklanýar.

„Howa gutujygy“ taslamasy sebitiň okuwçylarynyň arasynda howanyň üýtgemegi barada bilim bermäge habarlylygy ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Munuň üçin milli bilermenler „Howa gutujygynyň“ milli görnüşini uýgunlaşdyrýarlar. Milli görnüşi uýgunlaşdyrmak işi tamamlanandan soň, bu okuw kitaby Türkmenistanyň Hökümetiniň garamagy we tassyklamagy üçin iberiler. 

Taslama Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýär.

Biziň maksatlarymyz

Komponent 1: Sebitlerde „Howa gutujygy“ giriş seminaryny geçirmek

Komponent 2: Täze ýurtlaryň dördüsinde (Ermenistan, Moldowa, Türkmenistan, Özbegistan) ýerli ýagdaýa laýyk getirilen „Howa gutujygy“  okuw toplumlaryny taýýarlamak

Komponent 3: Täze ýurtlaryň dördüsinde (Ermenistan, Moldowa, Türkmenistan, Özbegistan) ýerli ýagdaýa laýyk getirilen „Howa gutujygy“  okuw toplumy bilen tanyşdyrmak üçin jemleýji seminary geçirmek

Komponent 4: „Howa gutujynyň“ ýerli şertlere uýgunlaşdyrylan nusgasyny çap etmek

Komponent 5: Howanyň üýtgemegi barada habarlylygy üpjün etmek we „Howa gutujygy“ platformasynyň esasynda sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmek