Adam hukuklary ulgamynda adwokatlar birleşikleriniň mümkinçiligini ýokarlandyrmak
Halkara hukugy we milli kanunçylygy bilen kepil edilýän we üpjün edilýän esasy adam hukuklarynyň biri ýuridik kömegini almaga hukugy bolup durýar.
BMGÖM Iş meýilnamanyň Aşgabat şäher we welaýat adwokatlar kollegiýalary bilen ýerine ýetirilmegi Durnukly Ösüşiň Maksatlaryna, Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş çygrynda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk boýunça Çarçuwaly Maksatnamasyna, şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, “Türkmenistanda adwokatura we adwokatlyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Meýilnamasynyň, we Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň düzgünlerine esaslanar.
Iş meýilnamanyň maliýeleşdirilmegi BMG ÖM tarapyndan donor serişdeleriniň hasabyna amala aşyrlar.
Iş meýilnamanyň meselesi olaryň işine degişli halkara standartlaryna (Hukukçylaryň ornuna degişli esasy ýörelgeler, Gawana, 1990 ý.; Hukukçylaryň birleşikleriniň garaşsyzlygynyň standartlary, Nýu-Ýork, 1999 ý. we başgalar) laýyklykda ýuridik kömegini bermek ugrynda adwokatlar kollegiýalarynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak bolup durýar.